Babamyň kyýamatlyk dogan okaşan dosty bardy.
Ejem pahyr oňa: “Sapar däde (dýad Sapar)” diýensoň, bizem oňa şeýle ýüzlenerdik.
Segsen alty ýaşap ýogaldy, bende.
***
Şonuň ejesi gaty owadan gelin eken.
Onsoň ol iki-üç ýaşyndaka, geçen asyryň ýigriminji ýyllarynda, puldan ýaňa gözi gyzaranyň biri, tirýekden, neşeden çillemest bolup kükrelýän deňňene saçagynyň başynda, onuň ejesiniň ganybir-süýtdeş doganlaryna – Sapar dädemiň “mähribanja” daýylaryna: “uýaňyz üçin altykyrk (iki ýüz kyrk) goýun bereýin” diýip wada beripdir.
Onuň daýylaram öz körekenini – babamyň kyýamatlyk doganynyň kakasyny bukulyp, tüpeň bilen atyp öldüripdirler.
Soňam öz naçar doganynyň süňk eýesi – hossarlary hökmünde ony gaýyn öýünden zor bilen alyp gaýdyp, yzanda-çuwan yzladyp, ýaňky pulmesiniň ähdinde durup, tölän altykyrk baş goýnuna çalşyp goýberipdirler.
Sapar dädemem çülpe.
Ol özüniň ejesine hyrydar çykan gäbi azan pulmesä gerekmezdigi sebäpli, zarynlaýan naçar ejesiniň elinden gaňrylyp alnypdyr.
Şeýdibem ony “daýylary” öýdeniçer gapyguly edinip alyp galypdyrlar.
***
Sapar dädeme berilýän bir döwüm çöregiňem minneti bogazyna tegek ekeni. Dokuz ýaşyna ýetýänçä haram daýylary idemän, il deňinde sünnet etdirmändikleri zerarly deň-duşlaryndanam utanypdyr. Çagalaram munuň ýaly zatda ýaman birehim bolýar-a. Ony obalarynda deň-duşlary, biraz uluraklar: “sünnetsiz” diýip gaty kemsider ekenler.
Sapar dädem aram-aram toý-tomgy bahanasy bilen bize gelende, öz-özüni sünnet etdirmäge gidişini ejem pahyra gürrüň bererdi. (Pahyr, babam, ir aýrylansoň, ejem görgülini öz çagalaryndan eziz görerdi. Adyny diňe: “jan” diýip tutardy. Ejeme bolan mähri bize-de ýaýrardy. Gözüne öz agtyklaryndan ýegdik).
...Ol obalarynda daýysydyr-daýzasyndan ogryn-dogrynlykda, onuň-munuň uşak-düşek işini edip beren bolup, il-günüň odun-jagramasyny çöpläp getirip, malyny bakyp, iki-ýeke mis şaýylyklary toplapdyr. Şojagaz gazanjynam jüllük kesýänçä “elaklygy” üçin ýumrujagyna düwüpdir-de, dokuz ýaşynda goňşy obada ýaşaýan tebip ýaşulyň ýanyna gidipdir.
Ine onsoň, Sapar dädem, öz-özüni sünnet etdirenden soň, jaryň içi bilen şalkyldap, paýu-pyýada obalaryna gaýdypdyr.
Özem o wagtlar nä derman barmy, em barmy, sepgi-çalgy barmy?
Kesilen ýerine gum sepilip, çala gany durzulyp ugradylyp goýberilýän eken.
Ýolda gelýärkä-de çuň jaryň kert raýyşyna çykyp bilmän, togalanyp aşak gaýdýarmyş.
Soň ýene-de dyzap dyrmaşmaga başlaýarmyş.
Ýene ýykylýarmyş.
Gasygyndan al ganyny sarkdyryp, ylaýyk on bir gezek dyrmaşyp, yzyna ýykylypdyr.
On ikinjide çykyp, zordan öldüm-öldüm-de şo: “Pylan daýysynyň” öýüne özüni atypdyr.
Özem, owal-a owkady ujypsyz, mähir-muhabbete zar, horugan, iglije çaga.
Üstesine-de mydama ýarym aç.
Üstesine-de, sünnet edilip, ganam gidip dur.
Gözüniň öňi garaňkyrap, başy aýlanyp, çaşyp barýarmyş.
O taýda-da nä, saňa gujak açyp garşy alyp duran barmy?
Hyrsyz daýzasy: “Me, şü döwüm tötegi al-da, owarra bol, düýeleri bakmaga! Şumada çenli nirä güm bolduň?!” diýip, meýdana kowýarmyş.
Nätsin?!
Ýene birki owurt suw içip, şol, eline tutdurylan gaty tötegi bogazyndan ötmese-de çeýnän bolup, düýe bakmaga gaýdypdyr.
***
Soň onuň şol hor-homsy güzeranynam özlerine ýük görüp, ol daýy-daýzalaryna halys “gerek däl” bolandygy üçin, obaň ýaşulularynyň biri dözmän ony: “Indi bärde ikuçsyz ölýäň, sen oglan” diýip, ony şol wagtlar “FZU (Фабрично-заводское училище)” diýilýän, hökümediň ýetim-ýesirleri, ykmanda çagalary jemläp, okadýan hem hünär öwredýän Poltorastkidäki (Aşgabatdaky) internadyna tabşyryp gaýdypdyr.
Şol wagtlar babam hem garry enesiniň elinde ejesiz-kakasyz, ýeke oglan jigisi bilen ýetim galyp, Aşgabatdaky öňki Aýna zawodynyň ýerleşýän ýerine ýakynrakda oturan FZU-nyň golaýyndaky Çyrçyk obasynda ýaşaýan eken. Onsoň munuň ýaly ýagdaýda hemme ýerde bolşy ýaly, gabat gelen ýerlerinde Çyrçygyň oglanlar-a FZU-nyň ýetimeklerini, olaram beýlekileri güýçleriniň ýetdiginden ýençýän ekenler. Käte-de topar-topar bolup gyzyl-gyran uruşýan ekenler.
Şonda-da özi öte garagol bolansoň, haçan görseň ýetimligiň bir garny dok bolsa galan kyrk garnynyň açlygy zerarly, Sapar dädem köplenç zabun, talapkär terbiýeçileriň gözüne güýdüşip, Çyrçyk obasyndan miwe-siwe, gawun-garpyz, ojuk-bujuk ogurlap iýmäge gaçyp gaýdýarmyş.
Bir-de tutulmasa-da, birde-de babam dagy – ondan iki-üç ýaş uly bezzatlar – Sapar dädemi tutup, it ýenjen ýaly ýenjip goýberýärmişler. Emma ol şonda-da keçjal gözsüz batyrlygyny edip, gorkmakdan geçen, ýene olaryň obasyna ownuk ogurlyga gelýärmiş. Şeýdip-şeýdibem babam dagy Sapar dädemiň garadangaýtmazlygyna göwünleri ýetip, ony öz aralaryna goşupdyrlar.
Ýigitlik ýaşyna ýetip, urşa gitmezleriniň öňüsyrasynda bolsa babam bilen Sapar dädem ikisi ähli türkmençilik dessurlaryny jikme-jik berjaý edip, gan gatyşdyryp kyýamatlyk dogan okaşypdyrlar.
***
...Sapar dädem FZU-ny gutarandan soň, Aşgabatda lukmançylyk institutyna giripdir.
Ondanam birinjimi, ikinjimi kursdaka uruş başlap, urşa alnypdyr.
Şol ýerde-de gapdalyna düşen top okuna seňseläp, bihuşka faşistlere ýesir düşüpdir.
Ol ilki Oswensimde saklanypdyr. Gyzyklansaňyz, Oswensim hakda ýüzläp kinofilmem, dokumental filmem bardyr.
Onsoň Sapar dädemiň öz-ä gara milletden.
Özem aziýat.
Şol wagt faşistlerem özleriniň aslynyň ary-hunlardandagyna Hudaýa uýan ýaly uýýan bolansoňlar, aziýatlaryň köpüsini özlerine gadymy gandüşer garyndaşrak diýip hasaplan bolýan ekenler.
Üstesine-de Sapar dädem üç ýaşyndan bäri nan deregine taýak bilen sögünç iýip, garawsyz ýetim ösen çaga. Durmuşda meniň babamdan özge hiç kimden hiç haçan jinnek gowulyga-da, zerre ýagşylyga-da garaşmadyk, şoňa hantama-da bolmadyk adam. Özüniň ýowuz durmuşy tejribesine eýerip, ilkibaşda ýesirlik ýazmajy (kartoçkasy) doldurylanda, “ylgap bilýän bolsaň, agsaklap görkez” diýlen gadymy durmuşy hilegärlikden ugur alyp, “hünäriň näme” diýen setirde: “çopan” diýip görkezipdir.
Şol sapalagam ony halas edipdir. Faşistler oňa lageriň eteginde günde özi ýalylar bilen bilelikde basyp alan ülkelerinden talanan sygyrlaryny, goýunlaryny, atlaryny bakdyrypdyrlar.
Onsoň ýanlarynda garawul goýulsa-da Sapar dädem dagy onuň gözüne güýdüşip, sygyr baksalar sygryň süýdüni, goýun baksalar goýnuňkyny, gylýal baksalar gylýalyňkyny tapan-tupan gap-gajyna sagynyp içýän ekenler. Käte bolsa gabam tapman, janawerleriň göni ýelninden sokjabam bolsa, azda-kände garynlaryny doýrupdyrlar. “Açlyk näme iýdirmez, dokluk näme diýdirmez” diýleni-dä...
***
...Sowet goşunlary Polşany faşistlerden azat edenlerinde ýesirlikden boşadylyp, yzyna gelenden soň, Sapar dädem, şol wagtlarda TSSR-iň Ýokary sudunda halk sudýasy bolup işleýän babam – özüniň kyýamatlyk dogany Geldi Ataýewiň kömegi bilen şahsy resminamalaryny düzedipdir.
Özem tüýs: “şeddat” ýaly diýilýän, gaty zehinli, ökde bolansoň, derrew ýokary mekdebinde okuwyny dikeldipdir.
Özi bilen ýaşytdaşrak, Medeni aň-bilim tehnikumynda kino-teatr akýorlygy kurslarynda okaýan ýetim gyz bilen däli-mežnun bolup halaşyp, öýli-işikli bolmagyň kül-külüne düşüpdir.
Soňra şol gyz ýurdumyzyň kino hem teatr sungatynda adybelli, meşhur aktrisalaryň biri bolupdy. Adyny agzamaýyn. Türkmençilikde gelşiksiz. Çagalary bardyr, eger ömürlerini uzak eden bolsa. Agtyk-çowluklary bardyr.
***
...Emma Sapar dädemiňki ýene paşmandyr.
Tüýs: “Hudaýyň uranyny pygamber hasasy bilen dürter” diýleni.
Öňki gören görgüleri az ýaly, 1946-njy ýylyň ahyrynda onam şol wagtky Stalinçilik režiminiň birýan ujundan ynsan ykballaryny paýhyn edýän jeza çarhy öz holtumyna dolap alypdyr.
Kimdir biriniň Sapar dädemiň ýesirlikde Oswensimde saklansa-da, sygyr bakandygy hakyndaky şugullamasynyň esasynda NKWD-äň işgärleri: “Faşistlere ýesir düşen hem-de olaryň meýletin hyzmatynda bolan dönük” diýen bihuda ýarlygy ýagyrnysyna ýelmäp, ol ýene 25 ýyl bendilige höküm edilip, GULAG-yň lagerine (Главное управление лагерей) ýygnalypdyr.
Gazagystandaky bendiler açyk usulda magdan alynýan mis känlerinde işledilýän, adamlaryň siňek deý gyrylýan ölüm filtrasion lagerleriniň biri bolan Jezkazganda 8 ýyl oturandan soňam, Stalin ölüp, 1954-nji ýylda Beriýa amnistiýa yglan edipdir.
Jezkazgan lageriniň aýylganç hronikasy hakda režissýor Gennadiý Zemelýanyň 1991-nji ýylda düşüren “Adamhor (Людоед)” atly çeper filmi bardyr. Elbetde bu filmde köp zatlar sungatyň hem çeperçiligiň hatyrasyna birneme ulaldylyp, owadanlanyp görkezilenem bolsa, onuň özenem, köp-köp detallaram, taryhy hakykat bolup durýar.
Munuň şeýledigini, köp ýazanlary ýapa degmeýän, çynlakaý tarapgöýsüz ylmy derňewe dyr-pytrak bolup gidýän A.Solženisynyň ýazanlaryndan tapawutlykda, GULAG-yň iň ygtybarly şygyr-kyssa nakgaşy hem çeper seneýazgyçysy Warlam Şalamowyň eserlerindenem görmek bolýar.
***
...Bendilikden goýberilensoň, Sapar dädemi haly ýarawsyz, çalajan haldaka: “barybir öljek” diýip hasaplap, Daşkendiň wokzalynda tussaglykdan boşap gelýän bendileriň otlusyndan, zordan demi gelip-gidýän ýarymjeset göwresini süýräp, düşürip, şol ýerde taşlap gaýdypdyrlar.
Onsoň şonuň bilen bilelikde boşap gelýän ýoldaşlarynyň birem gijäň içinde babamyň öýüne gelip: “Doganyň şo taýda ýatyr. Özem: “Şondan başga gara ýerde hossarym ýokdur. Maslygymy bir ýygnasyn...” diýip habar ýetirmegi haýyş etdi” diýip gidipdir.
Onsoň babamam uruşda aýagyny ok zaýalan agsak halyna, gara gijäň içinde köne ýük ulagyny kireýine tutup, Aşgabatdan Daşkende ýola düşüpdir. Ol döwürler bu mahalky ýaly garaýollaram ýok. Nirä gitjegem bolsaň, çöl-beýewanyň içi bilen, çarkandakly ýollar aşyp ýetmeli. Babamam şol ýoly bir gije-gündizde geçip, ertesi gün Daşkende barypdyr. Doganyny çalajan halda alyp gaýdyp, getiribem Aşgabatdaky hassahana ýerleşdiripdir.
Şol ýerde-de oňa uruşdan soňky juda hor-homsulyk güzeranynda öz çagalarynyň agzyndan gysyp, idi-yssywat edip, ony aýaga galdyrypdyr.
Mamam pahyryň gürrüň bermegine görä, Sapar dädem hassahanada deramatsyz ýatyşyna, onuň bogazyndan hiç zat ötmeýärmiş. Distrofiýanyň, onuň uzak wagtlap dowamly iýmit ýetmezçiliginden horugmagyň soňky stadiýalaryndaky organizmi, suwdan başga hiç zady kabul etmän, hatda birki çemçe şüle ýa towuk çorba içirseňem yzyna gaýtaryp duranmyş.
Onsoň babam, şeýle almalary harajady bolman öz çagasyna iýdirip bilmeýän halyna, günde işden gaýdanda, eýdip-beýdip, karz-kowal edibem bolsa ýa-da nesýesine bolsa-da Teke bazaryndan iki sanyjak uly almany satyn alyp, öýüne-de barman hassahana barýarmyş.
Ysgynsyz halda, gözüni bir nokada dikip, ne öli, ne diri ýatan Sapar dädemiň ýanynda oturyp, ony başardygyndan hoşnut gürrüňlere güýmeýärmiş.
Özem şol iki almany ardyp, olary üwäp, sykyp, pagta bilen almaň suwuny Sapar dädemiň dodagyna damdyrýarmyş.
Babamyň şeýdip çeken azabynyň, yhlasynyň dördünjimi, bäşinji gününde, Sapar dädem özüniň ruhy hem beden doňňara-daşlygyndan açylyp, bildirer-bildirmez tamşanmaga başlapdyr.
Bir hepdedenem şol almalaryň üwelen helemegini babam çemçe bilen agzyna tutup berende, ony iýensoň yzyna gusmagyny bes edipdir.
Sapar dädem aýaga galandan soň babam oňa hossar çykyp, esli wagtlap öýünde ekläp-saklapdyr. Iş tapyp beripdir. Gaýtadan resminamalaryny dikeltmäge kömek edipdir.
Babamyň kyýamatlyk dogany ejem pahyra: “Men derman ýa dogtor bilen däl-de, agamyň şojagaz almalary bilen ölmän galdym. Özüm-ä dünýeden doýgundym. Ýöne onuň maňa yhlas edişine dözmän, şoň yhlasynyň ýüzüne urmaýyn diýen niýet bilen, ymykly ýakamdan ebşitlän ajala-da per bermedim-aýt, men zaluwat!” diýip bälçirärdi...
***
...Ondan soň özi öte zehinli bolandygy sebäpli Sapar dädem geçen asyryň altmyşynjy ýyllaryna golaýlanda, “Hruşowyň maýylgançylygy” diýilýän sähel wagt dowam eden “jylaw ýazdyrdy” döwürden peýdalanyp, ýene lukmançylyk institutynda talyplygyny dikeldipdir. Kyrk ýaşdan soň okuwyny tamamlap, trawmatolog lukman bolupdyr.
Özüniň kursdaşy, rus ýeňňe Sonýa daýza (Biz Sapar aga: “Dýad Sapar” diýsek, Sonýa daýza “Týöt Sona” diýerdik) öýlenipdir.
Soň Sapar dädemiz ylmy derejelerini gorap, ilki lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, soň lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor boldy. Ýigrimi ýyla golaý Lukmançylyk institutynda mugallymçylyk etdi. Trawmatologiýa hassahanasynda-da kafedra müdiri bolup, adamlary bejerdi.
***
Ejem pahyr soňky ýyllarda Sapar dädemiň babam näme etse-de geçirýändigini, çekýändigini gürrüň bererdi.
Babam, ozal-a zanny öte gyzma, gaharjaň, gaýduwsyz, garadangaýtmaz häsiýetli bolan. Çagalykdanam diňe garryja enesiniň elinde ýetim ösensoň, mydama hiç kese daýanman, mümkingadar öz siňegini özi gorap gezmäge endik eden. Bar durmuşy ynanjam: “adamdan gep çekme, herne kimse bolanda-da baýtallap götinjekländen ölen ýagşy” diýip ýaşan.
Üstesine-de urşy, haý-haýly jeň meýdanlarynam gören.
Uruşdan soňam gaçakçylar diýdi, ogry-garakçylar diýdi, birtopar nekgendeleriň garşysyna goly ýaragly göreşip ençeme ýyl işlän.
Häsiýetem ýaman agyr, yzgytsyz, tüýs: “bir gep az, iki gep köp, bir ýarty gepem nirden tapmaly” diýilýäni-dä.
Babamyň eli bolsa häsiýetindenem beter tebigy agyr eken. Bir uranda özi bilen deňeçer daýaw göwreli adamam at depen ýaly serreldäýer eken.
Onsoň käte Sapar dädemiň dilinden sypan bir zat babamyň janyna batmazmyş. Şonda-da ol ony gaty urar eken. Sapar dädem babamdan öler ýaly öýkeläp, kineli hamsygyp mamama: “Ýeňňe, doýdum-ow, seniň şunyňdan men! Gelneje, dagy-duwara sen diýip ýolda-yzda salamlaşaýmasam, şuny:ň bilen bilä-hä indi gölegçem bolşuman!” diýip zarynlap çykyp gidýärmiş.
Ertesi günem daň atyp-atmanka, alagaraňkyda gapylaryny kakyp:
-Agam, näme edenem bolsam pohumy iýipdirin! Uzak gije ýatmadym. Bagyşla! Ur-ýenç, ýöne gapyňdan kowma, terse bakma!-diýip, babamyň hatasy üçin özi ötünç sorap, boýnuny burup özelenip durmuş. Onsoň babamam, hamana özünde günä ýok ýaly, özi kyýamatlyk inisini bihuda ynjytman, ol özüniň göwnüne degen ýaly ony “bagyşlaýarmyş”. Indiki sapar güwlempaç gahary gelýänçä...
Men babam pahyr bilen Sapar dädem pahyryň bu boluşlary hakynda 1999-njy ýyldamy ýa-da 2000-nji ýyldamy “Ýürekdeşler” atly hekaýa-da ýazypdym.
***
Sapar dädem öte okumyşdy.
Gürrüňlerini diňleseň: “Bilmeýän zady bir barmyka?” diýdirerdi.
Çagakam üç-dört ýylyň içinde iki gezek elim döwüldi.
Şonda-da ol iki gezegem meniň elimi seýiklände, düzüwli agyrysynam duýanym ýadyma düşenok.
Gürläp, güldürip, başymy sypap, garnymy gyjyklap, meniň jykyrdyma-da özem hezil edip şyg-şyglap, gözüni ýaşardyp gülerdi.
“Äý, bü biziň agtyk ýamanammyr zordur-laý! Aglamaly bolsa dagy edil nemis ýalydyr. Wursaňam gözünden damja şor çykmaz-laý, meniň muny:myň! Şeýle dälmi-how, döwekgäm?! Ýa meň aýdanymy zyrrajym ýalana çykaryp, sähel bahana tapdygyň, zörletdi baýa başlamaga çemelenipjik otyrmyň? Özüňem görýän weli, şü okuwa gidesiň gelmedigi, eliňi döwdürip taşlaýýaň öýdýän, hä, döwwäm?!” diýişdirip, doga sanan ýaly sanardy.
Söz bilen başymy-gözümi aýlabam, süýşen süňklerimi jaýba-jaý edişdirip, elimi gipsleýäni welin, şumadam gözümiň öňünde.
Pahyr, türkmen dilinden başga-da alty dil bilýärdi: rus, azerbeýjan, pars, nemes, özbek, kürt dillerini.
Dutarda saz çalýardy.
Tä ölýänçä-de şeýlebir şahandaz, alçak, göwrümi giň, mert, edermen, dogumly, baran ýerinde elmydama daş-töweregini alaýaz edýän adam bolup ýaşady. Onuň sussypes keşbini ýeke gezek gördüm diýsem ýalançy.
***
Şu adamlar barada pikirlendigiň Nikolaý Tihonowyň “Çüýler hakda balladasynyň” soňky setirleri ýadyňa düşýär:
Гвозди б делать из этих людей:
Крепче б не было в мире гвоздей.
(Bu adamlardan çüý ýasasaň:
Dünýäde şolardan mäkäm çüý bolmaz).
***
...Sapar dädem, babam pahyrdan kyrk ýyla golaý artygrak ýaşanam bolsa, “Meniň ýeke doganjyk-hossarlarym” diýip, ejemi, daýzalarymy, daýylarymy hiç sypdyrmazdy. Diňe şolar bilen içginden-içgin gatnaşardy. Ýogsa ol babamyň, mamamyň hatda tiresindenem däl, obasyndanam...
“Adam başy daşdan gaty” diýleni, ine şeýle adamlar ýaşap öten.
Biz bolsa, durmuşda sähel agram görsek, derrew waňkyryp, çyňsap, janymyza düşýän ýüki kimden görjegimizi bilmän başlaýarys.
© S.Ataýew

Teswirler (11)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň