Istiklal köçesinde bir egin-eşik dükanyna atdym özümi. Eşik alynjak. Ýygy edýän zadym däl, has-da Istiklalda. Adatça towuk döner iýäýmäm bar, bagyşlaň welin, hiý-de egin-eşik alynarmy Istiklaldan? Ýöne kärhanada işe başladym, ömrümiň ilkinji aýlygyny aldym, indi bütin ömrüme başga aýlyk almasam hem şu pul maňa ýetjek ýaly. Şunça pul birbada ilkinji gezek girýär jübüme. Islesem tutuş Istiklaly satyn alyp bilerin, ýöne aşa hetdimden aşmaýyn - hemme kişi garyp görünýär gözüme. Nebsimem agyryp duranok olara-da! Geçen aýa çenli menem şolaryň biridim. Işlesinler, olaram gazansynlar-da gardaşym!

Dükanda eşiklere seredip ýörün, elbetde, hiç birisiniň etiketkasyna seredemok. Aýal-gyzlar bölüminiň ýanyndan geçip barýarkam, iki sany ýaş gyz köýneklere seredip duran eken. Biri: “Wah, ýaman gymmat eken-dä” diýdi. Menem: “Bagyşlaň, hanym, halan bolsaňyz, men size satyn alyp bereýin” diýdim. Ikisi hem birden öwrülip ýüzüme seretdi, soňra bir-biriniň ýüzüne seredişdiler. Ilki bada nämäniň nämedigine düşünmediler, elbetde, bu döwürde kim kime köýnek alyp berer? Ataň bolsa-da alyp bermez. “Bagyşlaň welin, siz näme üçin köýnek alyp berýärmişiňiz?” diýdi. Aslynda biraz gahary gelýän ýaly, ýöne soragynda bilesigelijilik hem bardy. Aýlyk alanymdan habary ýok-da, hakykatdanam alyp berip bilmez öýdýändir. “Alada etmäň, pulum bar, bu gün aýlygymy aldym” diýdim. “Bä-ä, näme diýýär-ä bu däli?” diýişip, uzaklaşdylar menden. Haýran galdym. Eý, ine, häzir biri gelip: “Saňa şu kostýumy alyp bereýin” diýse, şol ýerde üstümdäkileri çykaryp geýerdim. Men bulara näme diýdim beýle?

Az wagtdan soň dükanyň goragçysyny alyp, ýene geldiler ýanyma. “Ine, şu adamdy” diýip meni görkezdiler. Goragçy: “Jenap, müşderilerimiz siziň olary bimaza edýändigiňizi aýdýarlar!” diýdi. Menem: “Oho! Haçandan bäri halan köýneginiň puluny töläp bereýin diýmek bimaza etmek bolupdyr?” diýip soradym. Goragçy öz bilýän kada-kanunlary bilen aýdan sözlerimi biraz ölçerip-biçenden soň gyzlara tarap öwrülip: “Bu jenap size başga bir zat diýdimi?” diýip sorady. Gyzlar biraz aljyradylar, ýöne Hudaý bar, dogrusyny aýtdylar. “Ýok” diýdi biri, “ýöne tanamaýan aýal-gyzlaryna köýnek alyp bereýin diýmek hem adaty zat däl ahyryn” diýip üstüne goşdy has owadan bolany. Ýagny meniň köýnek alyp bermek  isleýän gyzym däl-de, ýanyndaky aýdýar muny. Menem bilýän ýerimi. “Içimden geldi, aýtdym” diýdim, “men ýyllar boýy gymmat bolany üçin bu dükanlardan hiç bir zat alyp bilmändim. Indi siz hem “gymmat” diýeniňizden soň, alyp bereýin diýip göwün etdim. Başga niýetim ýokdy, ýalňyş düşünen bolsaňyz ötünç soraýaryn”. Göwnüm synypdy hakykatdanam. Gyzlar muny derrew duýdular, goragçyda sözlerime ynanyp aýryldy ýanymyzdan. Gyzlar hiç zat diýmän yzlaryna öwrülip barýardylar, birden durdular-da, maňa tarap öwrülip: “Göwnüňize degen bolsam menem ötünç soraýaryn” diýdi köýnege sereden gyz, “özüňizi gowy duýjak bolsaňyz, maňa şol köýnegi alyp berip bilersiňiz” diýdi. Bar höwesim gaçypdy, ýöne yza tesmek islemedim. “Alyň onda” diýdim. Ölçegini tapdy, geýim otagynda geýip gördi. Töleg etmäge kassa gitdik. Alla meniň belamy  bersin. Ant içýärin, jübümde diňe towuk döner bilen aýran alarlyk pul galdy. Gyzlar hem sag bolsun aýdyp, dükandan çaltlyk bilen çykyp gitdiler. Olaryň yzyndan seredip, garym-gatym duýgulara gaplandym.

Ilkinji aýlygymy alan şol aýymy bergi-borç edip, zar-zor geçirdim. Ýyllar boýy zat satyn alyp görmänim üçin hakykatdan daşlaşan ekenim. Jübüm biraz pul gördi diýip, nähili howalara girdim diýsene... Soňky aýlarda bu aýlygyň hiç zada ýetmeýändigini has gowy düşündim. Bir ýyldan bäri işleýärin, aýlygymyň aýyň soňuna çenli ýeten ýekeje aýy hem bolmady. Hemişe bergi, hemişe kredit. Aýlygym ýokka has gowy ýalydym. Adam biraz pul gazansa, öňküsindenem garyp bolaýan eken.

Hiç pul hemme zada ýetýärdi, biraz pul hiç zada ýetmez boldy.

Hä, men size näme gürrüň berýärdim ahyry; ana soňra men şol dükanda tanyşan gyzym bilen öýlendim. Bagtly soňlandy, şeýle dälmi? Ýok, köýnek alyp beren gyzym bilen däl, has owadan bolan beýlekisem däl! Goragçy bilen öýlendim. Azara galyp yza gaýdyp seredip oturmaň, men size goragçynyň jynsyny aýtmandym. Ortada “goragçy” sözi gelse, pikiriňize “erkek” gelmegi adaty zat elbetde. Men ol gyza köýnek alyp beremsoň, bu oňa täsir edipdir. Dükandan çykyşda tanyşyp, Meltem bilen aýak üstünde gürrüňleşdik. Soň-soňlar “içimdäki ýagşylyga” aşyk bolandygyny aýdypdy.

Maşgala guranymyzyň ilkinji günleri, has dogrysy ilkinji güni, ýagny ilkinji iki-üç sagady diýeýin, ýalan bolmasyn, örän gowy geçdi. Ikimiz üçinem duýdansyz bir karardy, oýlanmak gerek eken, bolmady wessalam. Dört aýdan soň kazyýete arza berdik. Kazy: “Aýrylyşyp bilmegiňiz üçin maşgala guranyňyza bir ýyl bolmaly” diýdi. “Çynyňmy?” diýipdirin. Meltem aliment hem isledi. “Meltem, iň bolman aliment islemesediň-dä” diýdim. “Gyzlara köýnek alyp bereňde gowudy” diýdi. Maňa aşyk bolmagynyň sebäbi bilen, aýrylyşyp aliment islemeginiň sebäbi bir bolansoň, näme diýjegimi bilmän doňup galdym, özümi aklap hem bilmedim. Kazy aýry ýaşamak we aliment tölemek barada karar çykardy. Bir ýylymyz dolanda bolsa aýrylyşma kararymyzy berer. Mejbury ýagdaýda aýlygymy aýry ýaşaýan aýalym Meltem bilen paýlaşyp ýörün.

Meniň bilimi büken bu däl elbetde, galan aýlyk ýene ýeterdi maňa, ýöne men bir eşeklik etdim-dä! Asyl şony aýdyp berjekdim size. Ýaşaýan öýüm Nur mahellesiniň ýerzemin gatynda, bir otag, aşhana, banýa — kiçijek bir ýer. Öý eýesi: “Satýaryn bärisini” diýdi. “Näçä?” diýip soradym. “Ýetmiş müň” diýip jogap berdi. Öýe jaň etdim, kakamdan pul soradym. Sag bolsun, elli müň ugratdy. Ýigrimi müň hem kredit çekdim, otuz alty aýda ödärin-le herne diýdim. Öýi ada geçirmek üçin tapu edarasyna gitdik. Maýda-uşak meseleler çykdy, öý eýesi bilen birnäçe gezek gel-git etdik. Bu aralykda tapu edarasynda işleýän Berna bilen tanyşdym. Bilelikde günortanlyk edindik, ertesi gün hem agşamlyk iýdik. Hakykatdanam ilk bakyşda söýgi diýilýän zat bar eken. Başymdan geçenleri, bolup geçen ähli zatlary, ilkinji aýlygymy, Meltemi, nädip aýrylyşyşymyzy, aliment islänini — hemmesini Berna gürrüň berdim. “Giň bol, dert etme özüňe” diýip, süýji-süýji gürledi, moral berdi maňa. Ýene öýlenmek hakda asla pikir etmeýärdim, emma Berna meni alt-üst etdi. Üstesine-de: “Öýi öz adyňa goýma” diýip sargady maňa. “Meltem eşitse, öýi hem eliňden alyp biler” diýdi. Bilýär-dä bu işleri ol. Bolmasa dogrydanam öý elimden gidip biljek eken. “Eýse kimiň adyna goýaýyn?” diýdim. “Ynamdar biriniň adyna goý” diýdi. “Senden başga ynamdar adamym ýok” diýdim. Gözleri doldy, aglaýjak ýaly boldy. Hiç ýadymdan çykmaz. Örän duýgyly bir pursatdy. Öýi Bernanyň adyna geçirdim. Onsuzam Meltemden resmi aýrylyşanymdan soň Berna bilen öýlenjekdim. Öýi geljekki aýalymyň adyna goýmak şol pursat maňa mantykly ýaly göründi.

Bir aýdan soň Berna: “Ýa kireý puluny töle, ýa-da öýümden çyk” diýdi. Has dogrusy, ilki Bernanyň adamsy Jelaleddin diýdi. Bir agşam öýe gelip özüni tanatdy: “Şeýle-şeýle.” Bolýa, indi. Ertesi gün Bernanyň ýanyna gitdim. “Bir adam geldi, şeýle-şeýle diýdi” diýdim. “Dogrudyr” diýdi. Menem: “Berna, iň bolman kireý hakyny islemesediň-dä” diýdim. “Kesekiniň aýallaryna aliment töläňde gowudy” diýdi. Artyk hiç zat diýmedim. Ine, asyl eşekligi-de şondan soň etdim. Duruň, aýdyp berjek, bir demimi dürsäýin.

Gitdim-de işleýän kärhanamyň başlygynyň ýanyna, hemme zady birin-birin gürrüň berdim. “Fikret, oglum, biz onsuzam hemme zatdan habarly, men hem seni çagyryp gürleşjekdim. Seniň bilen işimiz gutardy, seni işden çykarýarys” diýdi. Işleýän kärhanam derman öndürýän kompaniýa. Geçen ýyl olar täze bir dermanyň üstünde işleýärkä, men işe girdim. Ynsan akyl-paýhasyny hamala ösdürýän bir derman. Bir ýyllap meniň üstümde synag etdiler. Ýagny, laboratoriýa towşany bolup işleýärdim diýseňem boljak. Bu ýerini giç gürrüň berdim size. Başlyk: “Sende ters täsir etdi bu derman, artyk işimize ýaraňok” diýdi. “Patron, iň bolman kompensasiýa tölesediňiz” diýdim. “Öýi başgasynyň adyna goýaňda gowudy” diýdi. “Muň näme dahyly bar?” diýdim. “Aklyma başga bahana gelmedi” diýdi. Bolýa, indi. Menem gitdim, şol agşam öýde kärhananyň maňa beren ähli dermanlaryny bir saparda içdim. Özümi öldüreýin onda diýdim. Ölmedim elbetde. Näme boldum, menem bilemok walla!

Jübümdäki soňky pul bilen Istiklalda towuk döner bilen aýran aldym. Dönerçide bir gyz bilen tanyşdym, söhbetii gözel eken. Hany, göreli, haýyrlysy bolsun-da hernä.

 

 

Selahattin Demirtaş