Ümsümlige tussag edilen bilbil,
Saýraman oňup ýör çäresizlikden.
Sözlerniň şekilin çekýär elleri,
Derdini aňladýar sessiz sözlükde.
~
Taýýarlyksyz bu synaga girse-de,
Doglup zulmat içre gözlerin açyp.
Käte ýakyn-ýady ondan irse-de,
Nätsin ýazgydyny almandy seçip.
~
Dodagyňdan okap bilýär diýýäniň,
Aňýar ol köpleriň üstünden gülşün.
Hemmä, synagdygny goja dünýäniň,
Kakabaş jahyllar nireden bilsin?!
~
Gursagnyň göwheri görünmez göze,
Ýalňyzlyk köýnegniň etegin ezýär.
Dünýä sorag bilen seredýän ýüze,
Näbelli ýylgyrşy nur çaýyp gezýär.
~
Sözleşmek, eşitmek ýönekeýje zat,
Bize sagbolsuna berilen ýaly.
Seniň üçin bolsa bar zatdan zyýat,
Gursakda garramaz arzuw mysaly.
~
Köp zatlardan mahrum edipdir ykbal,
Gaýgy-gussaň gözleriňde jemlenen.
Seň kalbyň gürleýär, meň bolsa dilim,
Näler dertleşesim gelýär seň bilen,
Hasratyň aýtmaga, wah, ýüregim lal.
✍🏻 .Süleýman .Tekäýew.

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.