Bu ýazgynyň döremegine iki adamyň gürrüňçiligi sebäp boldy. Ikisi-de bilim işgäri, biri altmyşdan geçen, beýlekisi ýetmişe golaýlap ýören adam. Olaryň uzak hem jedelli söhbetinden bir parçany özümçe gysgaldyp beýan edeýin:
– Diniň köpaýallylyga rugsat berýänin-ä bilýäň. Musulmançylykda dört aýala öýlenmek pygamberiň sünneti. Dogrumy?
– Dogry.
– Pygamberiň özem on-on iki aýala öýlenipdir. Biýem dogrumy?
– Dogry.
– Pygamberiň egindeşleri, dört çaryýarlaram köp aýal saklan. Taryhy faktlar bar. Ýalan diýip bilmersiň.
– Yzyny aýt.
– Yzyny aýtsam, Magtymguly Muhammet pygamberiň şu meseledäki işlerini unamandyr. Kä goşgusynda garşy giden ýerlerem bar.
– Subut et!
– Subut etsem, “Kylu-kal bolar” goşgusyny bilýäňmi?
– Okapdym.
– Okan bolsaň, “Her kişiniň iki bolsa aýaly, gije-gündiz işi kyl-u kal bolar” diýip başlaýandyr. Kylu-kal diýýäni gykylyk, galmagal bolýar. Yzynda has çökder diýýän ýerem bardyr: “Beýle är goşulmaz adam sanyna, iki hatyn, bir är – üç aýal bolar” diýýändir.
– Ýeri, onsoň?
– Onsoňy şol. Magtymguly köpaýallylygy tankyt edýär, garşy çykýar.
– Hany, onsoň şo ýerde Muhammet pygamberiň ady tutulýarmy?
– Weý, adyny tutmak nämä gerek?
– Pygamber şeýdipdir, şonsy ýalňyş diýlip ýazylan ýerini tapyp biljekmi sen? Tapmarsyň. Ol pygambere garşy ýazylan däl. Magtymguly küje, pygambere garşy gitmek küje! Pygamberiň işini unamandyr diýýäniňem dürs pikir däl. Meger, şeýtany pikir.
– Onda kime ýazylan?
– Onçasyny biljek däl.
– Bolýa. Başgaçarak sorag bereýin. Näme üçin Magtymguly pygamberiň sünnetine doly eýermändir?
– Sen näbilýäň eýermedigini?
– Eýeren bolsa, näme üçin iki-üç aýal almandyr?
– Gurby çatan däldir, ýogsa, köp aýal saklardy. Magtymguly garyp bolupdyr.
– O-ow, o nähili gurby çatmanmyş! Heý, Idris baba, Gögeldaş, Şirgazy han ýaly medreselerde pylança ýyl ýatyp okan adamam bir garyp bolarmy? Onsoňam, gurby çatsyn-çatmasyn, köp aýallylygy goldaýan şahyr ýaňky setirleri ýazmaz-a!..
Besdir! Süýndürmäli! Iň gowusy, şahyryň goşgusyny dolulygyna okap göreliň.
Kyl-u kal bolar
Her kişiniň iki bolsa aýaly,
Gije gündiz işi kyl-u kal bolar.
Her biriniň bardyr ýüz müň hyýaly,
Owkat sürüp, gördüjegi hal bolar.
Birin söýüp, birin eýlese naçar,
Ile ryswa bolup, öz aýbyn açar,
Akly haýran bolup, baryndan geçer,
Deň tutmasa ýaryn, bikemal bolar.
Gähi bilbil kibi saýrar tilleri,
Tomaşadan häzir eder illeri,
Gähi ýer ýumruklar, gähi-külleri,
Ärin göre bilse, tilsiz-lal bolar.
Gahr eýleýip, gelmez bolsa ýanyna,
Söz aýtmasa her biriniň şanyna
Beýle är goşulmaz adam sanyna,
Iki hatyn, bir är – üç aýal bolar.
Magtymguly, kimse bilmez batyny,
Öýlenseňiz, garap alyň zatyny,
Eýäm görkezmesin ýaman hatyny,
Adam özün bilmez, ham hyýal bolar.
Düşnükli. Goşgy köp aýal saklaýan adamyň durmuşynda adatça bolup duran ýaramaz ýagdaýlary teswir edýär. Meger, şahyr öz ýaşan döwründe iki, üç aýala öýlenip, kelep ujuny ýitiren adamlara duşandyr, goşgynyň döremegine-de şolar sebäp bolandyr.
Şahyryň öz maşgala ýagdaýy barada henize çenli takyk maglumatlar ýok, onuň Meňlini alanlygy ýa almanlygy hakynda jedeller entek dowam edýär. Akgyzly mesele gümürtikligine galýar. Magtymgulynyň Meňlä öýlenenligi, Meňliniň ir aradan çykanlygy, soňra şahyra ýeňňesi Akgyzyň dakylanlygy, onuň iki gezek öýlenenligi barada gapma-garşy gürrüňler kiparlanok. Emma Magtymgulynyň bir wagtda iki aýal saklanlygy barada hiç bir maglumat ýok. Onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň başdaş aýalynyň ýogalyp, soňra gazak aýala öýlenenliginiň gürrüňi edilýär, ýöne onuň hem birbada iki aýal saklanlygyny hiç kim tassyklap bilenok.
Yslam dini erkege dört aýal saklamaga rugsat berýär. Onuň birnäçe şertleri bar. Maglumatlardan belli bolşy ýaly, dürli sebäplere görä, Myhammet pygamber we onuň egindeşleri köp aýal saklapdyrlar. Elbetde, Magtymguly mundan bihabardyr diýip bolmaz. Ol öz döwrüniň abraýly medreselerinde sowadyny çykan. Şahyryň eserleri bilen tanyş adamlar onuň uly dini şahsyýetlere çäksiz hormat-sarpa goýandygyny-da oňat bilýändir. Şol zerarly gürrüňini edýän goşgymyzy pygambere we onuň egindeşlerine gönümel protest hökmünde kabul etmäge howlukmaly däl.
Hawa, Magtymguly köpaýallylyga garşy çykypdyr. Ýeke Magtymguly däl, şerigatyň rugsat berýänligine garamazdan, türkmenler köpaýallylygy umuman oňlanoklar. Halkyň geçmişdäki ýaşaýyş şertleri, gün-güzeran aýlamak, eklenç we beýlekiler köp aýal saklamaga mümkinçiligem bermändir. Gurply adamlar birnäçe aýala öýlenipdir, ýöne umuman alanyňda bu seýrek bolupdyr. Seýrek bolsa-da, şahyr köpaýallylygyň wawwaly taraplaryna ünsi çekipdir. Zerurlygyny duýupdyr, goşga geçiripdir.
Eýse, ýokardaky goşgyny ýazan mahaly Magtymguly pygamberiň köp aýal saklanlygy barada pikir etmedimikä? Eger pikir eden bolsa, nähili duýgulara maýyl bolduka? Belki, bu meseläni pygamber bilen baglylykda gozgamaga çekinendir?
Şahyryň yslama ynanjy çuňňur, ol sopuçylyk ylmyna köňül beripdir, Bahaweddin Nakyşbendiniň ýoluna eýeripdir. Ylahy söýgi, Haka aşyklyk, Ýaradanyň sungy şahyry telbelik derejesine ýetiripdir. Mundan soň pygamberiň maşgala durmuşyna gyzyk boljakmy! Şahyryň düşen ahwaly beýle gyzykdan, islegden has alysda.
Bular, elbetde, meniň şahsy garaýyşlarym.
Dekabr, 2003 ý. Mary.
Kakamyrat ATAÝEW. "Mozaika" kitabyndan.

Teswirler (7)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň