Dört-bäş aýlykda dynç güni dostumyňka barsam, bakýan öküzçesi keselläpdir-de, mal lukmanyny çagyrypdyr. Heniz otuzam ýaşamadyk ýaş ýigit, kärini tapypdyr. Ýanynda iki sany degenek jahyl oglan – kömekçileri. Hatda derman-sermanly sebedinem özi göterenok. Şolar göterýär. Ulagynam özi sürenok. Şolar sürýär. Onsoň ol iki jahyl, ýerli-ýerden ýapyşyp, öküzçäni nogtaladylar, duşakladylar. Sebedi açyp bu lukmanyň eline elligini geýdirdiler.
Göýä, malyň eýesi dostum däl-de, bu iki ýigdekçe ýaly, üstesine-de dostumyň öküzçesine emmehöjeklikden belet bolmaga-ha gaýrada dursun welin, hatda onuň ýedi arkasynyň iştimagy gelip çykyşynam sowet kegebesiniň dissidentleriň terjimehalyny sökeleýişleri dek ilik-düwme sülän mysaly, lukman gardaş näme sorasa, ýaňky ikisi gezekli-gezegine şaňkyldadyp jogap berip durlar:
-Näçe ýaşynda?
-Bir ýarym ýaly.
-Haýsy tohum?
-Ýerli ýaly.
-Agramy ne?
-Göz çeni bilen-ä 110 kileräk ýaly.
-Iýmini gowy alýarmy?
-Ýaman däl ýaly.
-Suw berilýärmi, içýärmi?
-Bermeseň öler-dä,-diýen dostum, özünden hiç zat soralman, hamana öýüňem, öküziňem eýesi özi däl ýaly, başbitin ignora salnyp durulmasyna gatyrgandymy nämemi, weterinardyr onuň ilgezik assistentleriniň söhbedine sokuldy. Olaryň hiç haýsy oňa diýýämisiňem diýmediler. Hamana, bolýar, men-ä men, ýöne bir tötänden bu çökder lukmançylyk konsiliumynyň üstünden geläýen, günähi köp awara ensan, emma-ki öýüň hak hojaýyny – dostumam ýanlarynda ýok mysaly, ap-arkaýynja özara gep oklap-gapda gümra bolşan bolup durlar.
-Şahynyň gabygy sypyrylyp ugrapdyrmy?-diýip lukman ýigit, sörtükýüz öküzçäniň şahynyň ýokdugyny mese-mälim görüp dursa-da, ýansadygyndan hetjikläp soraýar.
-Jykk,-diýýär olam, garaçyny bilen:-gopanok.
-Näme üçin?-diýip lukman, kömekçisine geňirgenme bilen äňedýär.
-Sebäbi şahy ýok,-diýip ýardamçysam oňa asuda jogap gaýtarýar.
-Hä bolubilýä, bolubilýä,-diýip lukman öküzçäniň daşynda gezmeläp ugraýar.
Birsellem oýlanýar-da, hemaýata gaýymlarynyň birine ümleýär.
Olam onuň sözsüz ümüne düşüş, ýüwrüp ýetýär-de, jaýyrdadyp sebediň syrmasyny açýar. Içinden haýsydyr bir dermanly çüýşejigi çykarýar. Lukmana uzadýar. Ol gözlerini çürreldip, ampulanyň ýüzündäki müjülje ýazgyny okaýar. Sesini çykarman, ýüzüni kürşerdýär-de kömekçisiniň manadüşmez tentekligine nägileligini bildirýär. Ol:
-Wi-i-ý, hä-ä-ä, bu däldir-ow... Muny wuranymyzda geçen saparam janaweriň düýesi bir patanaklan ýaly edip, duran ýerinde tükgeräýipd-ow,-diýýär-de, elindäkini ýygşyryp täzesini çykarýar. Ýene çüýjejige siňe-siňe sereden lukman, bu gezek baş atýar. Kömekçi öküzçä sanjym etmek üçin suwuklygy taýýarlamaga girişýär.
Maňa-ha bir köpük. Sebäbi mal meniňki däl.
Dostum howsala düşýär.
-E, neme-e-e, o za-a-t, Azat,-diýýär-de lukman ýigdiň adyny kapyýa getirip, süýkdürip, oňa ýüzlenýär:-birdenkä bi nemedäýmesin-how, inim? Öňem-ä bolup durşuny görýäň... Heleýden göwni ganmadyk neme ýaly nemedip dura-how...
Lukman dodagyny närazy çöwürýär. Ýöne geplänok. Diňe minnetli buruljyrap durýar. Oňa derek onuň hatda gatyrganmasynam seslendirip bermäge kömekçisi howlugýar:
-Näme edäýmesin, agam?!
-Öläýmesin, diýjek bolýan-laý, jigilem,-diýip dostum ähli özünden zynharlap, iň çuňňurdanam çuňňur aladasyny diline getirýär.
-Bizem şuny:ň “ölmesin” diýip şu taýda şeýdişip durusda-how, jan agam! Ýogsa seniň öküziň maçjasyny ysgap oturmak kimiň näsine näm-aý, agam jan? Ýa şondan keýp alýandyr öýdýäňmi?!-diýip suwuklygy şprise sorduryp oturyşyna ikinji kömekçem dostumyň al-petinden alyşmaga goşulyşyp ýetişýär.
Garaz, eýtdiler-beýtdiler, mal janawere şol sanjymlaryny etdiler.
Haklarynam birin-birin sanap, ýekän-ýekän düşündirip aldylar.
Lukmandyr onuň kömekçileriniň şondan şuňa, ýagny dostumyň ýaşaýan köçesinden iki köçe beýledäki öýlerinden alys ýollar söküp, uzak-uzak menziller aşyp gelendikleri üçin-ä, bu “mal lukmançylygynyň obara uçarman toparynyň” ýolbaşçysynyň şahsy özüne – 50 manat. Ýardamçylarynyň her haýsyna-da – 20 manat. Sanjym üçin – 30 manat. Derman üçin – 80 manat. Öküzi nogtalap, duşaklanlary üçinem goşmaça – 20 manat.
“Lukman agamyza özüň assistirläp, öküziňi sokaýmaly, ýagny sanjym edäýmeli edip taýynlap goýsaňam kömekçiler, nogtaçylykdyr duşakçylyk üçin töleg indiki sapar aýrylýandyr” diýibem mahabat nutugyny mugtjak beýan edip berdiler.
Menem bu boluşy, bu dab-daby dabarany görüp, diýdim öz-özüme: “Haýp hukukçy bolupdyrys-aý! Mal dugtory bolmaly eken...” :-).
Ýöne muny diýmegem nädogry. Sebäbi Huda halamasa “bolaýyn” diýeniň bilen-ä bolup bolanok, “bolmaýyn” diýeniň bilenem bolman bolanok.
...Ertesi günem dostumyň öküzçesi janawer haram öldi.
Bolsa-da gowy derman eken. Uzaga çekdirmän bir ýana syrmagyň hötdesinden geldi.
© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Dokuzynjy kitap. – Aşgabat, 2026. Golýazma hukugynda.

Teswirler (3)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...