Şeýlebir “kärine ussat” çekene çopanlar bar.
20 ýyl mundan ozal, ekin gowy boldy, ýagny hasyly, bahasy laýyk düşdi.
Onsoň jemlenenje pul: “biderek sowulmasyn” diýen niýet bilen düşenine goýun aldym. 20 goýun düşdi. Ene goýunlar. Gaty garram däl. Üç-dört garyn guzlan. Onsoň: “köpelsin” diýip, çekenä goşdum.
Bir aý geçdi. Birini “ýylan çakdy”, biri “zeýe gidip gark boldy” = 2;
Soň ýene-de iki hepde geçdi. Biri “azaşyp, sürüden tazygdy” = 1;
Onsoň ýene-de on gün geçdi, biri “zäherli ot iýip, pyçaga-da ýetişdirmedi” = 1;
Onsoň ýene-de bir hepde geçdi, ikisi birden “ýitdi, gözledik-gözledik, it bolduk, tapylmady” = 2;
Ýene-de bäş gün geçdi, birin-ä “möý çakdy”, biriniňem özi “möý iýip öldi” = 2;
Ondan soň, Gyrgyn mama diňe meniň goýunlarymyň ýeňsesinden elini sypdyrdy-da, biraz meniň arkama-ha ýel çaldy. Gyran degençilik goňşularyň çekenä goşan malyna geçdi... (Muňa şol wagtam, şu wagtam, ne içimden, ne daşymdan: “Hudaýa şükür” diýemok, diýmedimem. Sebäbi beýle diýseň, goňşyňa gelen bela begenýän ýaly bolýaň).
Emma ertesi gün meniň ýene-de bir goýnum “aşa düşüp, haram öldi” = 1...
Onsoň menem o derejede sammyjak däl.
“Galanja on birisinem pişik iýmänkä gapa ýygnaýyn” diýip barsam, öň ýanyndaky gün, gije meniň goýunlarymyň ýene birini: “şagal atypmyş (ýagny, alypmyş)” = 1;
Onsoň berenimiň ýarysyny alyp, gaýtmakçy boldum.
Emma-ki (şu ýerde, her sapar beýniňden biygtyýar: “temmäki” diýesiň gelip, diliň gijäp gidýär-aý. Sebäbi “emma-ki” bilen “temmäki” ýaman zor kapyýalaşýae :-() men erbet adam ekenim.
Diňe özümi bilip, çopanyň iki aý gowrak malymy bakanynyň hakyny bermändirin.
Ilki gepleşen hakymyzy hasaplap-hasaplap bir goýnuň bahasyna ýakyn eltdi.
“Aý-ý, bu-da bolup durdugy däl-le. Aslyş, birewiniň mekgesinden! Kimiň hakyny iýsem-de, seniň ýaly halalhon çopan görgüliň bir muzdy menden bitlemesin!” diýip, dokuzysyny alyp gaýtdym = 1;
Öýe getiren günümiň ertesem yzly-yzyna ikisi tükgerdi = 2;
Mal dogtor alyp gelsem: “bagyrgurt düşüpdir” diýdi.
Galanam gotur açypdyr. Lüýk-gara atrabotka ýag çalyp-çalyp, zordan açdym.
Diýmek, nesip edenem 7 mal bolýar.
Erbet arifmetika däl.
Sebäbi menem “obaly” sammyjak däl elbetde... :-(
Indem ekinimizden düşewünt gowy bolsa, mal köpeldemzok-da, sowýas, nesip edenden.
Ýogsa ýene-de möý-içýan, ýylan, şagallaryň, zeý händekleriň, zäherli otlaryň, bagyrgurtlaryň we şu ýalançyň galan hemme belaýy-apatlarynyň ala-böle diňe biziň malymyza jyny düşermi nämemi...
Ýöne adam doga nebisjeň bolmasyn.
“Süýtde agzy bişen suwy üfläp içerem” diýilýär weli, bu nakylam hemme kişä degişli däl bolara çemeli (hasam meniň ýaly, tüýs barypýatan: “guýma gursak bolmasa dürtme gursak neýlesin” diýilýän, mydama: “otludan gijä galyp” ýörenlere bu dana nakylyň dahyly ýok bolmaly :-)).
Sebäbi biraz wagt geçýär-de, adam pahyr öňki awunan ýerini unudýar. Onsoň ýene-de gözi daňylgy sähne ýaly, öň bir gezek maňlaýyna sapy şapyladanam bolsa, ýene ýerde dükge düşüp ýatan kätmeniň kepjesine basyp görýär.
Mende-de şeýle boldy.
“Mal bakyp, semredip satsaň ýaman gowy bolýarmyş” diýseler, güpbe ynandyk.
Ýogsa, gözüňi açyp gören daýhançylygyň nire, çopançylyk nire?
Ol-da gara zähmet, bu-da bolany bilenem, zähmetiň zähmetden tapawudy bar boldusy gerek dälmi?
On bäş ýyl mundan ozal, özüm ýaly daýhan dostum bilen gepimiziň jüpbesini biçdik-de: “ep-esli goýun alyp bakaly, semredeli, sataly, birnemejik gazanaly, diňe ekin bilen aýlyga daňlyp ýörmäli” diýişdik.
Öz-özümizden göwnümiz hoş.
Mal-gara-da çagalykdan bäri görmedik zadymyz däl.
“Birnemejik gor toplaýmasaň-haw, çagalaram ýetişip gelýär. Ynha hä diýmänem köwşüňe käşir dykyp başlarlar. Onsoň: “nätsemkäm, kimden bir karza geçäýerkäm” diýip, eliňi-aýagyňy owkalap durandan, şol zatlaň öňünden gamyny iýip goýsaň gowy dälm-aý?” diýşip, biri-birimize meçewem beren bolýarys.
Garaz, şeýtdik-de, ekin-tikin sowlansoň, tomsuň allajy ýalnynda, toplanja pulumyzyň başyny çatdyk. Gitmänkägem dostumyň mellegi gyrarakda hemem boşlawrak bolansoň, şol taýda ýatak gurduk. Soňam gullukdaşlaryň biriniň ýaşaýan jelegaýy – nirdesiň Esenguly diýip, dostumyň maşynynda depdik şol ýana.
Nämemiş, şol ülkede goýun itiň mugtumyş. Mal eýeleri äkitseň yrzamyşlar. Käsi dagy äkidip berseň ýolkireýinem berýärmiş. :-)
Gitdik, gepleşdik, kireýine ýük ulag tutduk, getirdik.
100 goýun.
“Arzan” diýibem, puly köpe ýetirjek bolup, arryk-mürrügräklerini saýlaşdyrdyk.
(Şu zatlardanam maldan gaty gowy baş çykarýanymyz bildirýändir-le :-). Ekin ekip, ýatagyňda mal bakanyň bilen maljanly, mala belet çopan bolýaňmy diýsene? Kim, tüp yssyda bakaryna mal almaga gidýär? Kim, bakjak malyny arryk-turruk edip saýlaýar? Sebäbi bakara malyň, daýawja tokly, süňňi sagat işşek, iýermenje öweç bolaýmasa, maňramaz bilen mälemezden baggoýun ýetişdirermiň diýsene? Üstesine iýmdir-bedäňem ölçegli bolsa.).
Ýene-de “gyzykly arifmetika” başlady.
Özem bu gezek “kärine ussat çopanam” gerek bolmady.
Hiç kimsizem, dostum bilen iki bolup, özümiz gaýrat edip “alyp çykdyk” :-(.
Bary-ýogy 5-6 sagatlyk ýolam welin, ýolda, jokrama epgekde, Balkanyň Esengulysynyňam Madawyndan bärik gelýänçä, üstüne demötmez galyň çadyr germelen, petiş ýük ulagynda baslygyp, iki sany janawer heläk boldy = 2;
Soň getirip, olara ilk-ä derman baryny ýuwutdyrmaly boldy. Gurçugyň dermany, goturyň dermany, ýene gör-lähediň dermany. Onda-da ýene-de üç sanysy deňdirlendi = 3;
Soňam pul tükendi, hasap çykmady. Ol janawerlerem geň galaýmaly, howa-sowa, suw-puw, Günüň nury, bakmaga çykarylandaky ot-pot bilen oňubermeli weli, gatybir ýerindengelme lälik bolup çykdylar. Iým bermeseň “semrejekgäden” otyrlar.
Onsoň iým satyn almak üçin aňyrdan getiren bahamyzyň üstüne, sähelçe goýup, ýarysyna golaýyny satmaly boldy.
Galdy, jemi = 55;
Onsoň pul gerek bolýar welin, göz aýlaýarys-da: “äý şü-ýä semrän ýaly-laý” diýen bolup, öz-özümizi aldap, näçe iýse-de iküç aý bäri şol bir 20-25 kile arasynda “hiňňildikläp” duran janawerleri birýan ujundan ýerlän bolup barýarys.
Arasynda, şü öýdäkilere-de, geň galaýmaly, “howa-sowa, suw-puw, Günüň nury, ot-pot bilen oňubermeli weli” :-), olara-da et-pet gerek bolýar duruberýär. Onsoň munuň üçinem: “Nä, tapar-tapmazyň çagasymy? Al-aýt, adama birini!” diýilýär-de, huruş edinilýär.
Garaz, her haýsymyzyň jüpbelän pulumyzdan ýarragyna golaýy jemlenende, 100 goýundan ýigrimisi galdy.
Onsoň aklymyza aýlanjak bolup başladyk.
“Gel-aýt, şuny dos, ýaman pugta duraly-da, goýan pulumyzy bir çykaraly. Haýyr-peýdadan-a geçdik. Bolmanda hutma-hut bir bolaly. Ýohsa, öýdäkileriň öňünde sakgally gul iş bitirmeze dönüp, ikimizem ömrümiz ötinçä masgara bolýas” diýişdik-de, soň ýaman daýaw durduk.
Güýz ahyrlaýança, janawerleri gaty gowy bakdyk. Özem hemme jebir-jepaly synaglardan geçe-geçe, janawerleriň iň itjanlylary galandyr-da. Balyk ýaly semrediler. Soňam 13 sanysyny satanymyzda hutma-hut bolup, uludan bir demimizi aldyk.
Onsoň dos diýdi (ol maňa garanyňda-da has akyllyrak-da :-)): “Şüleri şumat satmaly! Täze ýyla saklaly. Şonna her kim täzeje jylkaja et aljak bolup, elin malyň bahasy galar. Onnoň girdejimiz köpeler-de, bize-de bir kör awraý bolar”.
Menem ilk-ä bir: “Dos, şuny war-a, dawaý şeýtmäli-laý! “Ertirki ýagly guýrukdan şuwunky bagyr-öýken” diýipdirler. Berenjesi bilen oňňut edäýeli” diýjegem boldum...
Ýöne diýmedim.
Sebäbi adam doga nebisjeň bolmasyn.
Bir günem, Täze ýyl baýramyna-ha ýedi-sekiz gün, biziň gönenip galmagymyza-da şonçajyk pille galanda, agşam işden gelsem, dost, öňümde ýüzüni sortduryp dur.
Ýüregim bir zat syzan ýaly, dil ýarmanka göni aňdym: “Häk, goýunlara gyran degendir-ow!”.
Çak edişim ýalam bolupdyr.
Bolan zadam, ol irden turup, işe gitmänkä mallaryň nowasyna gaýnadylan arpa guýupdyr. Şol gün kellesine bir zat dependir-dä. Ýogsa, adatça, goýunlara uly ogly iým berýän eken.
Onsoň ol işe gidipdir. Öýdäkilere-de mallara iým berenini aýtmandyr. Ol janawerlerem eýýäm bäş-alty aý bäri bakylyp, öňlerine näme dökseň ýalmamaga endik eden baggoýunlar. Sähel salymda nowany taňkyradyp goýupdyrlar.
Soň şol gün ýyldyza ýörän ýaly, sygyr sagmaga barýan aýalam – ogluna dözmän kömek etdigi – guýupdyr goýunlaryň öňüne duzluja, gaýnadylan arpadan, öňki berilýänje normysyny.
Ol sygryna gümra bolup otyrka-da, zatdan bihabar ogly turup, olam mallara berýänje iýmini berýär-de, okuwyna şaýlanýar.
Gün guşluga galanda-da, çykyp seretseler, üç normyny ýaplan janawerler, güp ýaly çişip, serlişip ýatyrmyş.
Näme diýersiň?
“Äý dos, bähbit bolsun! Görýän welin, ikimiziň ryzkymyz maldan däl-de, başga zatdan bolaýmas-aý!” diýen bolup, kiçi dilden bärde bolsa-da giňlige salaýmasaň.
Onda dostam, zoraýakdan ysgynsyz ýyrşaryp, soran bolýar (ýogsa şomat özüniňem içiniň ýanyp, burugsap durandygy ýüzünden bildirip dur weli):
-Dos, nämedekär-äý, ikimiziň ryzkymyz?!
-“Mollaçylykda” diýäýmesem-aý, dos!-diýip menem, özüme sütem edip degşen kişisireýän. Sebäp diýseň, çagalyk dostuň, müýnürgeýär, dözeňok:-Şo taýda-ha öliň aşa düşjek ýa-da nika gyýmalylaryň goturlajak gümanasy ýok. Bardyň, okadyň aýady ýa-da gyýdyň nikany, ýa-da çykdyň tebäregi, ýaglyja nahardan ýelmediň, düwünçegi goltuga gysdyrdyň-da, berenlerine kaýyl bolup, ýelkildediň öýüňe sary. Özüňem rahat, keýwanam keýpde...
Aý garaz, şondan bäri kän maldarçylyk pudagy bilen ugrum ýok.
Towukdarçylykda özümizi synap ýörýäs.
Onuňam rowaýaty başga.
© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Bäşinji kitap. – Aşgabat, 2023. Golýazma hukugynda.

Teswirler (4)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...