Iki ýaşlyja oguljygynyň elinden tutup, moýmudykladyp bäbekhana bardy.
Işikdäki penjirejigi kakyp haýyş etdi. Çagyryp berdiler. Gelni çykdy. Elinde-de düwünçek. Düwünçegiň ýokary başyndanam çym-gyzyl ýüzüni ýaňy tamdyrdan çykan nurana, maýapetir kökejik deý tes-tegelek naşardyp bäbejik görünýär. Töwereklerinde başga-da eli düwünçekliler bar welin, olaryňka bularyňkyň üçden biri ýaly. Bu ikisiniňkiň gabarasy ep-esli bolup, göterýäniň eline zordan sygýar. Hamana ol, tanyş üsti bilen: “şulara eýlekileriňkä görä has irirägini bereli-le” diýip, ýörite saýlanyp uzadylan ýaly.
Eline alyp, ýagty dünýä gelenine ýaňy iki günjük bolandygy sebäpli, gözüni açman ýatan pyýadany ysganyndanam, ol ejesiniň elinden alnanyny duýdumy nämemi, yňranjyrap tebil tapdy. Birdenem gölejik molaýan ýaly ýogyn ses bilen bögürip goýberdi. Onuň zörletmesi töweregindäkileriň elindäki düwünçeklerden çykýan inçejik yňňyl-çyňňyl bilen deňäniňde, edil aýy çagasy arlaýan pisint bir zat bolup eşidildi.
-Kakga, kakga, göýäýin-ow, göýäýin jiýimi!-diýip, aýagynyň ýanynda, hol aşakda bir ýerlerde bökjekleýän ulusyna, eglip, ulili bilen zörledýän düwünçegi görkezip durşuna-da ol özüniň erinleriniň iki gulagyna ýetäýjek bolup, öz-özünden ýazylýandygyny duýdy.
-Gyýw, gyýw, jora jan! Bü öküzçäňi bir diňdireweri bahymrak. Ýogsa häzir bütin roddomy örüzen-ä örüzeni, üstesine ikinji gatyň aýnalarynam jaýryk atdyrýa, ýogsa ony:ň öz zorruk sesi bilen!-diýip töwerekdäki enelerdir şepagat uýalary gülüşdiler.
Onsoň olam goly düwünçekli hatynyny kän saklap durman, alyp gelen odur-buduryny oňa kömekçi bolmaga ilgezik şepagat uýasyna tutdurdy-da, oglunam moýmudykladyp ikinji gatdan aşak düşdi.
Daş çykan badyna-da süňňüni doldurýan ýeňillige bäs gelip bilmän, mosalajyk oguljygyny birki ýola al-asmana oklap gapdy. Soňam jykyr-jykyr gülýän oglanjygy boýnuna mündürdi-de, ony loňkuldadyp gaýtdy, öýlerine sary…
Keýpi kök!
Başy ýaş.
Janlary sag. Özüniňem. Gelniniňem. Çagalarynyňam. Ýakynlarynyňam.
Ýurt abat.
Iýjegini tapýar.
Geýjegini tapýar.
“Aladasy ýog-a” diýip bolmaz, ýöne, başyň dik, janyň saglygynda gezip ýörseň, ýeňip geçmezçe zat däldir-laý, hiç birem?!
Onsoňam erkek göbekli bolup dünýä ineniňden soň kynçylyk görmän, özüne ýetesi gatylyk-şatylyk görmän, nä, ýalançyň ýüzünden ýüzüne eredilen mesge guýlan aýnada tyrpan ýaly ap-aňsatja taýyp, tyrpyp geçmek isleýäňm-aý?!
“Ýigit başy gowgaly gerekdir” diýilmeýärmi?
Hoşmy?
Hoş.
Iň esasy zadam, ýaňky, gabarasy: “Munyňyz nä, aýyň çagasymy ýa?!” diýdirýän, ýüzjagazy çym-gyzyl, zorruk sesli düwünçek!
Ýeri, mundan başga näme gerek, saňa?!
Ol bu wagt, şeýlebir şadyýan welin, ýakynda tekiz syrylandygy zerarly, ýaňy dürterip ugran saçly kellesi aýdymdan ýaňa “hyň” berýär.
Hasam, zenan aýdymçynyň aýdýany bolsa-da, onuň içiniň-daşynyň, tutuş dünýäsiniň heýjanelek ýagdaýyna şu wagt tüýs bap gelýän bir aýdym, şol gaýtalanyp, pyrlanyp, tüweleýläp dur, şagalaňdan ýaňa şerapsyz serhoş başynda…
Men bagtly-y-y-y…
Bilbil saýraýa-a-a-r...
Şaçlarymy şemal oýnaýa-a-a-r!
Zerewşan bu älemgoşa-a-a-r,
Gözellikden ýüregim joşa-a-a-r!
Men bagtly-y-y-y…
Men bagtly-y-y-y…
Aýaklarynyň, tutuş bedeniniň kellesinde ýaňlanýan aýdymyň şadyýana heňine görä tans edýäne çalymdaş hereket edýändigini özem duýman, kakasynyň boýnunda oturan ýerinden ol özi bilen oýun edýändir öýdüp, loňkuldap jykyrdaýan ogluny gaçyrmazlyk üçin hatyrjem, gidip barýar, gidip barýar...
Öňünden çykýan, gapdalyndan ozup geçýän ýolagçylaram onuň ýüzüne geň galyp seredişýärler. Olaryň käbiri kakasynyň boýnunda loňkuldap, onuň kirpisaç depesini deprek edinip gelýän lopbuja garagoluň bolşuna ýylgyryşýarlar.
Käbiri düşünmän onuň bolup barşyna alarylýar.
Gatnawy uly ýoldan geçip gidýän ulaglaryň sürüjileriniň käbirem, oňa siňe-siňe garanjaklaşyp, onuň bolup barşyna geňirgenmeli gaňryla-gaňryla geçip gidýärler.
Ötegçileriň arasynda ýaşrak gyz-oglanlaryň oňa seredip, çekgelerine barmaklaryny diräp, eýläk-beýläk towlaşdyrýanam ýok däl.
Onuň bolsa piňine-de däl.
Ol çar ýanyndaky adamlary şol bir wagtda görýärem-görmeýärem. Sebäbi bu wagt onuň kellesinde diňe aýdym, diňe saz.
Men bagtly-y-y-y…
Bilbil saýraýa-a-a-r...
Şaçlarymy şemal oýnaýa-a-a-r!
Zerewşan bu älemgoşa-a-a-r,
Gözellikden ýüregim joşa-a-a-r!
Men bagtly-y-y-y…
Men bagtly-y-y-y…
Ol bäbekhana gaýdanda awtobusly gelenem bolsa, duralganyň deňesinde dagy säginmelidirem öýtmedi. Asla onuň deňesinden ötýäninem aňşyrmady. Öýlerine çenli pyýada ýörejek bolsaň ep-esli wagtyňy eglejekdigem, şol esli aralygy oguljygyny boýnunda göterip geçmeli boljakdygam ýadyna düşmeýär.
Sebäbi bu wagt...
Ol bagtly-y-y-y…
Bilbil saýraýa-a-a-r...
Şaçlaryny şemal oýnaýa-a-a-r!
Zerewşan bu älemgoşa-a-a-r,
Gözellikden ýüregi joşa-a-a-r!
Ol bagtly-y-y-y…
Ol bagtly-y-y-y…
Birdenem onuň şatlykdyr owazdan doly ýolunda iki sany ýörite lybasly ýaş ýigitler keserdi. Olaryň beýlekisine garanyňda ýaşy uluragy özüni: “Polisiýanyň seržanty Pylanyýew!” diýip gysgajyk tanyşdyrdy. Soňra ondan şahsyýetini tassyklaýjy resminamasyny görkezmegi haýyş etdi. Ol bolsa şol bir bolşuny üýtgetmän, bir eli bilen oguljygyny saklap durşuna, kisesinden talyplyk şahadatnamasyny çykaryp, uzatdy. Polisiýanyň işgärleriniň biri onuň şahsy resminamasyny görýänçä beýlekisi oňa sübhe bilen dikanlady-da:
-Näme-aý, dost, içgilimiň-aý?! Ýöne, bir ýerde durup bilmän, gymyljyrap dursuň-la?!-diýdi.
Emma kakasy dil ýarmaga ýetişmänkä, onuň boýnunda oturan dillije bezzat, geçiň öň aýagy ýaly peltekläp sokulmaga ýetişdi:
-Ogýan jiýim boýdy-how, daýy! Şonam biýeňokmyň-aý, sen-ä?! Hä-ä?!
Oglanjygyň apaň gepini eşiden badyna onuň şahadatnamasyny görüp duran ony yzyna uzatdy:
-Ýaşy uzyn bolsun, dostum! Sag-aman baryň!-diýip ýylgyrdy.
Olar iki bolup ýene-de ýola düşdüler. Ýüzünde-de ýylgyryşy hemişelik doňup galana çalymdaş. Kellesinde-de şol aýdymy pyrlanýar.
Men bagtly-y-y-y…
Bilbil saýraýa-a-a-r...
Şaçlarymy şemal oýnaýa-a-a-r!
Zerewşan bu älemgoşa-a-a-r,
Gözellikden ýüregim joşa-a-a-r!
Men bagtly-y-y-y…
Men bagtly-y-y-y…
© S.Ataýew

Teswirler (10)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...