Geçen hepde, Ýewropada ýerleşýän bir firmaň web sahypasynda ýerleşdirlen aragatnaşyk maglumatynyň üsti bilen ilki e-hat ýazdym. Öň işleşip görmedik firmam bolansoň, mende degişli işgärleriniň telefon belgileri, e-poçta salgylary ýok. E-hatyma jogap gelmänsoň. şu gün jaň etdim. Maňa gysgaça, “biz, size jaň ederis.” diýip jogap berdiler.
Bu söz, megerem köpümize tanyşdyr. Bu söz meni geçmişe, käbir ýatlamalaryma alyp gitdi. Henizem ýadymda. Gullukdan gelip, ilkinji gezek işe ýerleşmek üçin firmalaryň ofislerine ýekän-ýekän aýlanyp, anketa goýup gaýdýardym. Şol döwür, baran her gapymda diýen ýaly ýokarky sözleri eşidipdim.
Hawa, bäsdeşligiň ýokary bolan häzirki bazar şertlerinde, ululy-kiçili birnäçe firmalar, şahslar täze-täze kompaniýalar bilen habarlaşyp, özara işleşmäge ymtylýar. Şeýle bolansoň, meniň habarlaşan firmama hem edil meni jaň edýän, ýazýan ýetikdir. Hany, ýene bir hepde, on gün garaşyp göreýin. Oňa çenli derek bolmasa, ýene idärin.
21 ÝYL SOŇKY TÖTÄNLIK
Şu gün bir alada bilen paýtagtymyzdaky belli “ors bazaryna” bardym. Dükanlaryň arasynda aýlanyp ýörkäm, bir adam sataşdy. Ýüzi tanyş adamdy. Ýigrimi bir ýyl öň, “ors bazarda” ol adam maňa kömek edipdi. Elimdäki pakediň içindäki ýüküň agramy uly bolansoň, ýyrtylyp içindäki harytlara ýere pytrapdy. Ol adamam ýoldan geçip barýardy, säginip maňa kömek edipdi.
Ýüzünden tanadym. Oňa ýalňyşmasam öň sataşypdyk, diýip şol 2005-nji ýylda bolan wakany aýdyp berdim. Onuňam ýadyna düşdi, sähel ýylgyrdy. Durmuş täsin. Ýigrimi bir ýyl soň, şol bir bazarda ýene sataşdyk. Gysgaça hal-ahwal soraşyp, birek-birek ýagşy dileg edip, hoşlaşdyk. (Göreli-bakaly, geljekde onuň bilen nirede bolsa-da bir ýerde ýene sataşarmykam?!...)
BIMAHAL, GAÝTA-GAÝTA JAŇ EDÝÄNLERI SIZEM HALAŇZOK GEREK?!
Arada bir nätanyş nomer, ýary gijedenem soň maňa jaň etdi. Birinji jaňda almadym. Gaýta-gaýta jaň edip halys goýmady. Ahyry jaňyny alyp, “nimahal jaň edýän, nomeriňem nätanyş, eýgilikmi?! Ertire çenli sabyr edip bilmediňmi?!” diýip biraz gatyrgandym. Maňa “sen pylanymy?” diýdi. Ýok diýen badyma telefony tapba goýaýdy. Iň bolmanda, “ýalňyş nomere jaň edipdirin, özem bimahal, aýyplaşma” diýip sypaýyçylyk edäýer öýtdüm. Tamam puç çykdy. Hawa-la. Ilçilikdir, her hili düşünjeli, aladaly adam bar. Esasy, saglyk bolsun.
“MENI GÖZLEME, SÖÝGÜLIM...”
Men Azerbeýjanyň estrada aýdymçylarynyň aýdymlaryny kiçilikden bäri uly höwes bilen diňleýärin. Birnäçe ussat aýdymçylary, süýjüden-süýji aýdym-sazlary bar.
Bu gezekki ýazgymy, halaýan aýdymlarynyň biriniň gaýtalama bendi bilen jemlemekçi.
Meniň halaýan aýdymçylarymyň biri hem azerbaýjanly meşhur aýdymçy Adalat Şükürow. Onuň “Meni gözleme, söýgülim” atly aýdymynyň gaýtalama bendini ene dilimize özümçe terjime edip, size ýetirýärin. (Eger sizem, Azerbaýjanyň estradasyny halaýan bolsaňyz, belki bu aýdym eýýäm size tanyşdyr. Tanyş bolmaýanda-da, bahana bilen diňledigiňiz bolar. Gowy aýdym. Halarsyňyz. Soň, maňa sagbolsunam aýdarsyňyz.)
“Meni gözleme, söýgülim,
Geçen günler, gaýdyp dolanmaz.
Özüňi köseme, söýgülim,
Ölen duýgylar, asla janlanmaz...”
Sag-salamat galyň!
*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.

Teswirler (4)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...