Tamam puç, gadyrym bolmady gymmat
Ýogsam ýakynlarym gaty kän eje
Söýgim ýerde galdy almady hormat
Meni hiç kim sençe söýmeýär eje
***
Üşän duýgularma ýorgan ýapan ýok
Göwnim üçin sen deý ýeňil gopan ýok
Söweşdim ýeňilýän käbâm çydamok
Meni hiç kim sençe söýmeýär eje
***
Depämde oýnaýar minnet taýagy
Ýekelik kalbymyň ýalňyz söýegi
"Ýalan eken hemmäň söýgi diýeni"
Meni hiç kim sençe söýmeýär eje
***
Derman däl dert boldular janyma
Dost diýenlem dönüp gitdi salgyma
Ýanarsyň jan käbäm halym sorama
Meni hiç kim sençe söýmeýär eje
***
Geçmesiz hatany geçip ýadadym
Saýdylar bir samsyk, emma sadadym
Kalbymyň parhy ýok ejiz çagadan
Meni hiç kim şonna-da söýmeýär eje
Läle Saparowa

Teswirler (2)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň