Merdan dokuz ýaşynda. İkimiz howlynyň aňry çetindäki tut agajynyň kölegesinde ýanaşyk oturdyk. Ol aýagynyň ujuny ýere diräp, çägäniň ýüzünde tegelek çyzýardy.
— Sen öz dünýäňe «türme» diýýäň. Näme üçin?
— Bir gezek synpda mugallym maňa sorag berdi. Jogabyny bilýädim, ýöne hemme maňa seredip durka, dilim tutulan ýaly bolýa. Mugallym biraz garaşyp,başga birinden sorady. Olam edil meň aýtjak jogabymy aýtdy bilýäňmi?! Şonda içimden: «Menem bilýädim-ä!» diýip gygyrdym, ýöne welin daşdan sesim çykmady. Şo gün özümi edil türmede ýaly duýdum.
— Soň bu barada mugallyma aýtmadyňmy?
— Ertesi gün kagyza ýazyp berdim. Olam maňa: «Indiki gezegem şeýdip ýazyp bilersiň» diýdi. Şondan soň sorag berende, depderimi açmaga howlukmadym. Çünki oň maňa garaşjakdygyny bilýädim.
Merdan çägedäki tegelegiň gyrasyny aýagy bilen bozdy.
— Autizmli çagalar bilen beýleki çagalaryň arasynda nähili tapawut bar?
— Mysal üçin, jigim toýda aýdym gaty goýberilse begenýär, men bolsa gulagymy ýapýan. Bir gezek toýda ol elimi tutup, meni daşaryk äkitdi. Daşarda ikimiz bile doňdurma iýdik. Şol pursat ikimize-de örän ýarady.
— Autizmli çagalaryň hemmesi seň ýalymy?
— Mekdepde Aýna diýen gyz bar. Onda-da autizm bar, ýöne ol jaňyň sesinden gorkmaýar. Emma ondan rugsatsyz galamyny alsaň, gaty gahary gelýär. Dogrusy, meniňem gaharym gelerdi.
— Onsaň,dostlaryň bilen näme oýnamagy halaýaň?
— Futbol. Derwezede durmagy gowy görýän. Geçen gezek iki pökgini sakladym, üçünjisi bolsa aýagymyň arasyndan geçip gitdi. Şonda menem güldüm))
Ol başyny galdyryp, howlynyň açyk penjiresine seretdi. Penjiräniň öňünde onuň gök kepkasy durdy.
— Oýnamak islän wagtyň muny dostlaryňa aýdýarmyň?
— Käte aýdýan, käte bolsa diňe olaryň ýanynda durýan. Bir gezek olar meni oýnamak islänok öýdüpdirler. Men bolsa içimden biriniň «Merdan, senem gel» diýerine garaşypdym.
— Ulularyň seniň barada nämä düşünmegini isleýäň?
Ol bir salym oýa batdy.
— Bir ýere gitjek bolsak, öňünden maňa duýdursynlar. Nirä barjagymy bilsem, özümi taýýarlap bilerin. Ýene bir zat: maňa sorag berenlerinde, jogabyny menden däl-de, ejemden sorap oňa seretmesinler. Men özümem jogap berip bilýän ahyryn, diňe käwagt azajyk garaşmaly...
Şol wagt öýüň gapysy açyldy. Ejesi daşary çykdy-da, penjiräniň öňündäki gök kepkany eline aldy. Merdan ýerinden turdy. Ejesi onuň deňinden geçip, derwezäniň ýanynda saklandy we kepkany iki eli bilen döşüne gysdy.
Öýden dört adam tabyt göterip çykdy. Öňdäkileriň biri Merdanyň kakasydy. Derwezäniň daşynda garaşyp duran goňşusy başyny egip: «Merdanyň jaýy jennetden bolsun» diýdi.
Merdan ilki kakasyna, soňra bolsa maňa seretdi. Men onuň berjek soragyna garaşdym.
— Onda näme üçin maňa öz tabydymy getirdiler?

Autizm barada gysgaça
Autizm beýniniň ösüşi bilen bagly aýratynlyklaryň toplumydyr. Ol çaganyň aragatnaşyk saklaýşynda, seslere ýa-da ýagtylyga duýgurlygynda ýüze çykyp biler. Her çaganyň aýratynlyklary we goldawa bolan zerurlygy dürli bolýar.
2022-nji ýylyň statistikasyna görä, dünýäde her 100 çaganyň takmynan birinde autizm bar.
Düşünmek we kabul etmek çaganyň özüni diňlemekden başlanýar. Oňa göni ýüzlenmek, jogap bermäge wagt bermek ýa-da islese, jogabyny ýazmaga mümkinçilik döretmek kömek edip biler. Meýilnama üýtgese, öňünden habar bermek, ses gaty bolsa, asuda ýere geçmäge mümkinçilik döretmek hem goldawyň bir bölegidir.
Käte dostlarynyň «Senem gel» diýmegi ýeterlik. Öýde-de, mekdepde-de çaganyň pikirini diňlemek we oňa beýlekiler bilen bile gatnaşmaga mümkinçilik döretmek möhümdir.

Teswirler (3)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň