Syýahatym sen,
Syýa hatym sen bir ömre ýazlan,
Bir ömre gazlan duzak sen,
Uzak sen el ýeterden
Günbatardan gündogara geçmek
Ýeňil ýaly seň üçin,
Ýelim ýaly meň üçin birmeňzeş gurluş
Gizlenpeçek - durmuş
Gizlenmejek bolup,
Gizlemejek bolup içimdäkini
Gezsemde, soran ýok "Içiň nähili?"
Käbiri ýaly kä diri, kä öli bolup
Hemmeden çekinip,
Çete çekilip
Bir nokada kakylyp,
Köp gördüňmi awtobusda ýekelik?
Şol pursat bägüliň däl,
has gyzykly tikeni
Ýatlamalar depelik,
Beýnide dur depilip,
Meniň dünýäm - Pikassonyň çekeni...
*****
Azaşyp gelen,
Az yşk beren eýforiýam
bolmadygyň üçin beýnimi iýýäň
Aýtmasaňam bilýän -
Men Donald Dak
Düşünýän ýok
Özümden başga
Özgeler başga
Sözlerem başga
Düşnüksiz diňe men
Endorfin kem
Öňler kimdim men,
indi kim men
Seslense geçmişim,
Günäli ýene men
Geljek maniken
Öňümde durar sessiz
Sensiz gaýgyçyl sähel
Duýguçyl bolsa aç galar läheň
Soňam
Işdä bolmaz bar zatdan doýaňsoň
Ählisine göz ýumup,
XXII-de oýansam...
© Ylham GURBANALYÝEW

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.