Kiçijek çaga wagtym ýaşamak hezil diýip pikir edýärdim. Azrak ulaldym aga-gara göz ýetirdim, ýaşamak kyn diýip pikir edip başladym. Indi görüp otursam ýaşamak o diýen kynam däl eken. Ýaşamak üçin sada bolmaly däl we hiç kime ynanmaly däl eken. Diňe özümi pikir edip, başgalaryñ meselesini pikir etmesem gowy eken. Ýa-da men ýene-de ýalňyş pikir edýärmikäm?!...
Meniñ ýaşamak diýip aýdýan zadym diňe dem almak däl. Ýaşamak — birinji men diýmek, özüñe hormat goýmak. (meniň pikirimçe)
Özümize wagt aýyrman, diňe başgalarynyñ islegi diýip ylgasak bu ýaşamak däl. Bu diňe dem almak. Meniň pikirimçe birinji özümiz bolmaly. Alla tagalla aýdypdyr: Ilki özüň üçin dileg et, soňra eneñ-atañ üçin diýipdir.
Şu ýerde ýene bir temada öz pikirimi aýtmak isleýän. ( pikirim ýalňyş bolup biler). Hemmeler seni sen bolanyñ üçin däl, senden peýda bolany üçin seni söýer. Men hemmeler diýýärin. Gözegiñe diňe dostlaryñ ýa-da gatnaşýanlaryñ gelmesin. Eneñ-atañ, dogan-jigi hemmesi diýýärin. Pikir edip gör, senden peýda bolmasa seni halamazlar, ýazgararlar. Şonuň üçin diňe özüm diýip ýaşamaly. Seni diňe sen söýüp bilersiň. Peýdasyz adam bolsaň maşgalañ ýanynda-da hormatyñam bolmaz. Eger eliñden haýyrly iş gelse, seniň adamlara peýdañ ýetip dursa, hormatyñam bolar, seni söýýerlerem. Şonuň üçin eliñ kärli we pully bolmaly. Adamlar üçin däl, özüň üçin. Özüñe hormat goýdurmak üçin.
Aýdan zatlarym ýalňyş pikir bolup biler. Ýene ýaşym geçdigiçe pikirlerim, dünýa garaýşym üýtgäp, özgerip biler.
Awtor: Bägül Mämmedowa

Teswirler (11)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...