«Garry mama» sürdi ýene görünmän,
Tagyrdadyp, ýaglanmadyk arbasyn.
Bir «Arma!» diýeli oňa, irinmän.
Göwnäňokmy, onda öýňe bar, basym!
Meniň ýaz ýagşynda galasym gelýär!
Ukudaky gelin ýaly baýyrlar,
Deňeşdirsem, pes däl eken halydan.
Dur, dur! Göze yssy gelýär bu ýerler.
Şu otlukdy guzularmy mäleden.
Meniň ýaz otlarna agnasym gelýär!
Bagra batýan bir tiken bar bilinmän,
Gyzyl güli görenimde, tiremde.
Wepat bolan esger deýin dolanman,
Yhlasym gidipdi gyzlaň birinde.
Men ýaz gülün ýygsam, aglasym gelýär!
Dogjak çaga ýaly köp ýada düşýär.
Geljegim – çekdirip gaýgy-gamyny.
Bir ýerde, gara gyş – derdim garaşýar,
Şonuň üçin ýagşy bilen ýamany,
Meniň ýaz gülleri saýlasym gelýär.
Bu günleriň daşy dürli bolsa-da,
Içi – eneler deý durşuna mähir.
Mähir alyp bolmazmyka, ýogsa-da,
Dost bolsaň, kömege ýetişgin, şygyr!
Meniň ýaz günlerni egläsim gelýär!
© Gurbanýaz Daşgynow

Teswirler (0)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup ýazyň.