…01:00…
…Onuň we ýaşytdaşlarynyň dilinde aýdanyňda, ulanyjylaryň: “narmalnyý adamlar” bolan aglaba köpüsi bireýýäm uklap galan. Mundan peýdalanýan internet görgüli, gündizkisi ýaly “jygyldap”, “Açylsammykam? Ýa kösenip oturman oňaýsammykam?!” diýýän terzde işlemeýär. “Çuň oýa batyp” däl-de, belli bir derejede “süňňiýeňilräk gopýar”.
Onuň şol “süňňiýeňilligine” maýyl bolan on iki ýaşly gögeläniňem elindäki telefona kellesi gyzypdyr.
Hasam, Wan Damma çalymdaşlykda, bu bolup geçýän zatlardan bihabar ejesi-kakasynyň “myrlap” ýatandyklary zerarly, bu mahal onuň towugyna tok diýjek ýok.
Birdenem elindäki sesi öçürilen telefon tutuş süňňi bilen sandyrady-da, oňa jaň geldi.
Düşnüksiz hem nätanyş belgi…
+8143510****…
Entek bu belginiň özüne nätanyşdygy hakyndaky pikiri aňynda aýlap ýetişmänkä-de oglanjygyň endikli barmagy, öz-özünden sensor ekranyň ýüzüne çykan ýaşyl düwmäni basyp goýberdi-de, ol telefony gulagyna tutdy.
-Alýo?!-diýip, soragly pyşyrdady.
Guk-guk-guk…
Kim jaň edenem bolsa, oglanjyk jaňy alan badyna aňyrdaky aragatnaşygy kesdi.
Haçandan bäri oýnap oturan oýnunyň täsirinden henizem doly saplanyp ýetişmedik oglanjyk, äm-säm ýagdaýda telefonyň ekranyna seretdi.
Şol pille-de ýaňky düşnüksiz uzyn belgiden ýene jaň geldi.
Gijäniň bir wagty kimdir biri özüni oýnamakçy bolýandyr diýip çaklan oglanjygyň girre gahary geldi.
Ol özüne jaň edýäne bilýänje sögünç sözlerini aýtmak üçin jaňy alanam şoldy welin, jaň öz-özünden kesildi. Telefonyň ekranynda gözleri peträp duran, şar-gara saçly, zenan kelleli we döşli, towuk aýakly, gözüň düşen dessine iniňi tikenekledýän gorkunç bir jandaryň şekili peýda boldy.
Ol mahlugyň peträp duran gözlerine seredeninden süňňüne düşnüksiz wehim aralaşan oglanjyk, aljyraňňylygy sebäpli tagaşyksyz hereket bilen haýdan-haý telefonyň düwmesine basyp, eýmenç towugaýagyň keşbini ekrandan aýyrjak boldy.
Emma telefonyň ekranam, böwürdüwmelerem “blokirowka” düşen ýaly, petrewük-elhenç gözler, göýä onuň ýüzüne-de däl-de, hatda gögele göwnüniňem hut iň pynhan jümmüşine aralaşmaga dyrjaşýan dek, ekranyň ýüzünde doňňara-daşa öwrülip, göni garaçygyna jiňkerilip durdylar.
Bu ýagdaý, kalbyny gorky elesledip başlan oglanjygy, hasam aljyratdy.
Ol tasdanam, elindäki, sähel pursat mundan ozalam özi üçin şeýle gymmatly we şeýle mähriban, ýeriň ýüzünde ýeke-täk syrdaşy hem gardaşy bolan telefonyny, atdanlykda ýylan gysymlan ýaly, ýigrenç bilen ýere oklap goýberýärdi.
Ýöne ýetişmedi.
Birdenkä ekranyň ýüzünden eýmenç şekil ýitdi-de, onuň deregine öz-özünden wideoklip açyldy.
Ekranda, ýaňky eýmenç şekiliň keşbini ýüzüne çeken gara geýimli, eli mähnet, gorkunç, goýun soýulýan pyçakly biri peýda boldy.
Ol elindäki ýaldyrawuk äpet pyçagyny iki ýana talawladyp, ekrana ýüzüni kä golaýladyp, kä daşlaşdyryp durşuna, girisine ilen ejiz oljasyna haýbat atýan kepjebaşyň haşşyldysyna meňzeş, süňňüňi syzladyjy pyşyrdy bilen:
-Wataşi nonamaeha Momodesu!-diýdi.
Ol gepläp başlanyndanam onuň ýapon dilindäki sözleriniň rusça terjimesi setirýazgy görnüşinde ekranyň aşagyna çykdy:
“Meniň adym Momo!”.
Soňra ol şekil ekrana has ýakyn süýşdi. Özüniň ýaňky, towuk aýakly, zenan kelleli eýmenç mahlugyň gözlerindenem beter peträp duran şar-gara gözleri bilen, gorkudan ýaňa doňup galan oglanjygyň göni görejine dikildi-de:
-Demo! Hitobito wa watasi o L to ýobimasu!-diýip haşşyldady.
Ýene-de onuň jümlesiniň terjimesi ekrana çykdy:
“Ýöne! Adamlar meniň adymy L diýip tutmagy makul bilýärler!”.
Soňra şekil, şol durşuny üýtgetmän, üstüni ýetirdi:
-Asobimasu ka?!
“Oýnalymy?!”.
-WhatsApp de gozen 3-ji Momo o sakusei suru to, anata no jinsei wa eien ni kawarimasu!
“Siz WhatsApp-da Momo bilen gije sagat üçde habar alyşsaňyz, siziň durmuşyňyz hemişelik üýtgär!”.
- Tadaşi, Momo ni 2-kai tsudzukete kakikomi o kýoka şinaide kudasai!
“Ýöne, özüňize iki gezek yzly-yzyna habar ugratmagyna Momo ýol bermäň!”.
-Sodenakereba, Momo wa anata o eikýu ni konseki naşi ni wakusei no hýomen kara kie sasemasu!
“Ýogsa, Momo sizi Zeminiň ýüzünden yzsyz-tozsuz ýiter ýaly eder! hemişelik!”.
-Osuuşi no jikan ni Momo o kakimasu! Akuma no jikan!
“Momo Öküziň sagadynda[1] ýaz! Melgunyň sagadynda!”.
-Çikýu wa akuma no toki ni sozo sa retakaradesu!
“Çünki, Zemin Melgunyň sagadynda ýaradylypdy!”...
Gorkunç şekil sözüni soňlan badyna klip tamamlandy-da, ekranyň ýüzi öz-özünden garaldy.
Şondan soňam gorkudan ýaňa huşy başyndan uçana dönen oglanjyk, misli mar nazaryna uçran serçejik kibi, ekrandan gözüni sowup bilmän, birsellem gymyldaman oturdy.
Birhaýukdan soň gorkudanmy ýa-da içine ýel gapypmy, hynçgylawugy tutup başlady.
Yzly-yzyna hynçgyryp ugramagy gögeläniň ünsüni sowdy. Ol göýä, ýaňky gorkunç şekiller hakykatdanam her pursatda onuň içinden böküp daşyna çykmaga taýyn halda eltelefonynyň niresindedir bir ýerinde gizlenip oturan ýaly, emaý bilen ony telewizoryň tekjesinde goýdy-da, dikeldi.
Şol bir oturyşyny üýtgetmän oýnuň içine boýyn çümüp geçiren sagatlarynyň içinde gurşup giden aýaklaryna, biline gan aýlanyp ugranyndanam onuň endam-jany iňňe sokulýan dek syzlap, jümşüldäp başlady.
Gözüniň öňi garaňkyrady.
“Beh! Endam-janym kül-owram welin, näçe wagt oýnap oturaýdymkam-aý?!” diýen pikir bilen, gurap galan boýnuna zordan erk edip, diwar sagadyna garady.
Hynçgyrdy.
-Hy-y-yýk!...
Telefonyň çaklaňja ekranynyň gyrp-gyrpyna köki gyrlan gözlerini ýumjuklada-ýumjuklada, diwar sagadynyň dilini penjireden düşýän ölügsi yşyga zordan saýgardy.
“Baý-bu-u-w! Dört sagada golaý oturaýypdyryn! Eýýäm ikiň ýary bolup geçipdir. Ertirem irden mekdepdir! Ýene-de ejem: “Galyp bilmeýärsiň welin, ýene-de uzak gijeläp oýun oýnadyňmy, oýny güm bolmuş!” diýip, hüňürdeý-hüňürdeý kellämi iýer-ow!” diýip ol içinden tukat oýlandy.
Ýene-de biygtyýar hynçgyrdy.
-Suw bir içeýin-le! Ýogsa ýatyrmaz, bi!-diýip, eşidiler-eşidilmez hümürdedi-de, aşhana ýönelmekçi boldy.
Aýagyny galdyran badyna-da, endikli eli öz-özünden tekjäniň üstünde duran eltelefonyna garşy uzady.
Bada-badam ýaňky gorkunç şekillerdir, haşşyldyly jümleler aňynda janlandy.
Depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy.
Bedenine ýeňiljek sandyrama indi.
“Nämekä bi?! Çynmyka?! Dogrudanam ol Momo diýilýän eýmenç mahluk barmyka?! Ýa-da ol haýsydyr bir kelpeňiň tapyp ýören gorkunç oýnumyka?!” diýen ýarym müňkürlikden hem ýarym yňdarmalykdan emele gelen pikir, onuň çaga kükregini galpyldyly, gyzgyn alas-gopaslykdan doldurdy.
Ol ýene-de süňňüni gaplan gorkudan ýaňa mejalsyz halda gymyldap bilmän birsalym durdy.
Ahbetinem: “Äý, ýok-laý! Beýle-de bir zat bolarmy-aý?! Internede goýberilen wirus oýunlaryň biridir-dä, ol Momo-da!” diýip öz-özüni köşeşdiren boldy-da, aşhana gitdi.
Baryp suwdan gandy.
Emma, ýaňky gören şekiliniň haýsydyr bir süwümsiz, beýnisini herekete getirýän maýdaja logalajyklarynyň takmynan ep-esliň ýarysyndanam gowragy ýetmän galan horrorsöýeriň oýlap tapan spam-wirusydygyna özüni hernäçe ynandyrmaga çytraşsa-da, daşaryk, mellegiň tüm-garaňkylygyna aýakýoluna gidip-gelmäge, özüni heýç mejbur edip bilmedi.
Hernäçe gyssanýanam bolsa, dişini gysyp mertlerçe çydap, telefonynam başujuna aldy-da, düşegine geçdi.
Gözlerini pugta ýumup, uklamaga şunça dyrjaşsa-da, wagty bilen irkilip bilmän geçäýdi.
“Wataşi nonamaeha Momodesu!” diýip, nätanyş dilde haşşyldap pyşyrdaýan, petrewük gözli, eli hanjardan-a azan, ýöne heniz gylyçlyk derejesine-de guduzlap ýetişmedik, mähnet goýun soýulýan pyçakly, jansyz gara, sallam-sallam saçly şekil, hyýalynda şol çapalandy durdy.
Arasynda-da, beýnisi, bu eýmenç şekiliň eýmençligine-de öwrenişýärmi nämemi, ýaňybir öz-özünden meýmiräp ymyzganyp ugraýaram welin, ýene-de kimdir biri gulagynyň agzynda pyşyrdaýan ýaly:
“Asobimasu ka?! WhatsApp de gozen 3-ji Momo o sakusei suru to, anata no jinsei wa eien ni kawarimasu!”.
“Oýnalymy?! Siz WhatsApp-da Momo bilen gije sagat üçde habar alyşsaňyz, siziň durmuşyňyz hemişelik üýtgär!” diýen sözler, aňynda ýaňlanyp gidýär.
Şonda-da ol gözüni ýalpa açýar.
Misli, ýaňky towuk aýakly, zenan kelleli Momo, otagyň alagaraňkylygyna duwlanyp, başujunda özüni siňe synlap duran dek, zähresi ýarylýar.
Sermisal halda başyny ýassykdan göterýär-de, gözlerini howatyrly petredip, assyrynlyk bilen çar ýanyna garanjaklap başlaýar…
Ahyrynam, şeýdip, kä ymyzganyp, kä tisginip oýanyp ýatyşyna oglanjyk, daş-töwereginde uklaşyp ýatan ýakynlarynyň arasynda özüne hiç hili Momonyň zyýan ýetirip bilmejekdigine özüni ynandyrdymy nämemi, öz-özünden köşeşdi-de, birhaýukdan soň uklap galdy.
*****
…02:42…
“Myrlap” ýatan oglanjygyň başujundaky eltelefonyň ekrany öz-özünden ýagtyldy-da, oňa +8143510**** belgiden ýaňky Momonyň keşbine giren şekiliň gepleýän dilinde, onuň ýaýyň içindäki rusça terjimesi bilen bilelikde goýlan sms geldi.
Gysgajyk.
“Näme üçin, Momo ýazmaýarsyň?!”.
Ziňkildäp oýanan oglanjyk, heniz nämäniň nämedigine düşünibem ýetişmänkä, onuň oýanan dessine telefona ýapyşmaga endik edinen eli, telefony garbap aldy-da, ekrana basdy.
Oýaly-ukuly gögele, gözlerini ýumjukladyp ekranyň ýüzündäki ýeke setirlik ýazgyny okan dessine üýşenmekden ýaňa depe saçy syh-syh boldy. Gözleri tegelenip, hanasyndan çykara geldi.
Onýança ýene-de bir habar geldi.
“Näme?! Ýa seniň Momonyň gazabyna sezewar bolasyň gelýärmi?!”.
Bir pursatda göwnüni gaplap alan gorky zerarly saňňyl-saňňyl edýän barmagy bilen bu habary ekranyň ýüzünden öçürip ýetişmänkä-de ýene-de yzly-yzyna iki sany habar geldi.
Birinjisind-ä, towuk aýakly Momonyň ýüzüni eňşidip duran, ilkinjisindenem ýüz esse betnyşan, ýüz esse gorkunç suraty…
Ikinjisinde-de: “Näme?! Sen Momo jogap bermän, Ene-Guşuň gazabyndan syparyn öýdýäňmi?!” diýen ýazgy…
Heýýaty göçen oglanjyk, ala-başagaý bolup telefonyny öçürmäge gyssandy.
Emma, ýene-de eltelefony hälki hereketini gaýtalady.
“Blokirowka” düşdümi nämemi, düýbünden diýen etmedi.
Onýança telefonyň ekranyna ýene-de yzly-yzyna, iki sany suratly habar gelip gowuşdy.
Oglanjyk ol habarlary açyp görmejek bolup, gözlerini mäkäm ýumdy-da, telefonyny keçä taşlap, ýorganynyň aşagyna sümüldi.
Dem salym geçip-geçmänkä-de, edil, öz teninde orun edinen haýsydyr bir oňa ýamanlykdan özge hiç zat islemeýän haýyn dönüklik bilen böwrüne dürtüp goýberen ýaly, ala-hasyrdy bolup telefonyna ýapyşdy.
Täze gelen habarlary açdy.
Bada-badam açanyna puşman etdi.
Çünki, birinji habarda-ha, olaryň öýüniň ýerleşýän salgysynyň geolokasiýasynyň suraty, öý salgylary bardy.
Ikinji habarda-da, olaryň mellekleriniň, öýleriniň google.ru/mapsdan indirilen emeli hemra suraty hem-de “Momodan gizlenip bilmersiň!” diýen ýazgy bardy.
Oglanjygyň jany bokurdagyna geldi. Bedeninde emele gelen assaja titreme onuň süňňüni goram-gowşak etdi. Sähel salymlygam bolsa gögeläniň ygtyýary elinden gitdi.
Ol, birdenkä, özüniň näme edýändigine-de düşünmän, eltelefonyny ýassygynyň aşagyna dykdy-da, laňňa ýerinden galdy.
Birdenem, dabanlarynyň astynyňam, jalbarynyňam öl-myžžykdygyny syzdy.
“Nädäýpdirin-aý!” diýen utançdan doly pikir onuň gulaklarynyň ýeňsesini lap-lap gyzmaga mejbur etdi.
Ol utançdanmy, ejizlemekdenmi ýaňa birhili hamsygjak boldy.
Ýöne, herniçigem bolsa, biygtyýar halda başyndan inen masgaraçylyk, ýaňky eltelefonyndaky gorkunç habarlarydyr, şekilleri azsalymlyk oglanjygyň huşundan çykardy.
Ol uzak muňalyp durman, biygtyýaram bolsa öz eden işiniň yzyny arassalamaga gyssandy. Myžžyk bolan düşegini tokgalady-da, gorkyny-ürküni undup, daşaryk, bassyrmanyň astyndaky uly sekiniň üstüne serip geldi. Hammama gidip jalbaryny çalyşdy. Sandygyň üstünden başga düşek alnyp, ýazyndy.
Ýerine geçip süýnmekçi boldy.
Şol pille-de ýassygynyň astyndaky telefony ýadyna düşüp ýüzi boz-ýaz boldy.
Göýä, ýassygynyň aşagynda içýan gizlenip ýatan dek, usullylyk bilen ony galdyryp, yşyklady.
Soňky birküç sagat bäri gögeläniň başyna şunça külpet inderen şapbat gabaraly plastikdir-aýna bölegi, demsiz-düýtsüz halda garalyp ýatyrdy.
Az-kem ynjaldy.
Çekine-çekine-de bolsa, ony eline alyp, işletdi. Bada-badam öçürdi.
Hasam köşeşdi.
Kakasydyr-ejesiniň hem-de iki jigisiniň ýatan otagyna geçip, öçürilen eltelefonyny penjiräniň erňeginde goýup gaýdanyndan soň-a, göwni ymykly aram tapdy diýseňem boljak.
Düşeginde süýndi-de, birneme müýnlürägem bolsa, öz-özünden göwnühoş halda, gözlerini ýumdy.
Uklap barýarka-da: “Ertir munymy kompýuterçi-programmist ussa görkezip, ýaňky wirusy ýok etdirip arassalatmaly. Ol, ejemiň gündeki berýän sowalgalygyny sowman, täze oýun alynmak üçin toplap ýörenjäme-de antiwiruslaryň iň betinden hem gytyndan birini goýduraýyn. Onsoň telefonyma Momo däl-de, Popo bolup girip bilse-de giräýsin! Ýogsa ýaman erbet etjek-laý, bi!” diýip äwmezeklik bilen, süýjüdip oýlandy…
*****
…03:33…
…Dyň-ň-ň, dyň-ň-ň, dyň-ň-ň…
Oglanjygyň başujunda nämedir bir zat tanyş dyňňyldap, sandyramaga başlady.
Oglanjyk tükge düşüp ýatan ýerinden şol tanyş dyňňylda tarap elini uzatdy.
Nähilidir bir sowuk, ýylmanak zat, tutuş süňňi bilen saňňyldap, dyňňyldaýar…
Telefony!...
Gögeläniň zähresi ýaryldy.
Ol “Waý ej-ä-ä!!!” diýip, ulili bilen wägirmän zordan saklanyp, zarbygyp dik oturdy-da, biygtyýar elinde gysymlan telefonyna tiňkesini dikdi.
Ýene-de hälki +8143510**** belgiden sms gelip gowşupdyr.
Asobimasu ka?!
Oýnalymy?!
Nädip?!
Nädip, telefony bu ýere düşdi?!
Ýa, hakykatdanam, şol, öz deňdeşleriniň käbiriniň gürrüň berýän Internet Melguny çypbakaý-çyndanam barmyka?!
Özem ol, hakykatdanam, käte-käte Internet kerebinden böküp çykakga, haýsydyr bir zady göwnüne ýaran çaganyň ruhuny wirus programma öwräge-de, özüniň hanlyk sürýän süren-serwerine alyp gidäýýärmikä?!
Bu Momo-da, şol aýdylýan Internet Melguny bolaýmasyn, birden?!...
Eýmenç gorka eýlenen bu pikir, onuň bedeniniň bolanja ysgyn-deramatyny aldy.
Ýaňy ýatmazyndan öň oýlanan, wirus hakda, telefonyny ussa arassalatmak we ýygnap-ýygşyranjasyna täze, bet we gyt antiwirus satyn almak hakda göwnühoş pikirleri oglanjygyň ýadyna-da düşmedi.
Gaýta, şu ýaşyna çenli gören elhençlikler filmleriniň, okan, eşiden gorkunç kitaplarydyr-wakalarynyň barysy birden aňynda jemlendi-de, ekranynda täze habaryň ýazgysy ölügsi ýylpyldap duran telefonyndan syzylyp çykýan gos-goýy wehimi hasam goýaltdy.
Birdenem elheder almakdan ýaňa başagaý bolan gögele beýnisiniň bir künjeginde emele gelen müýnli pikir, ony hasyr-husur ýatan düşegini-jalbaryny sermeşdirip çykmaga mejbur etdi.
“Gury eken!” diýen ýeňillik beriji pikir, oglanjygy uludan dem almaga we azajygam bolsa erkini ele almaga mejbur etdi.
Birdenem ol “gorkagy uruberseň ahbetin batyr bolaýmagam ähtimal” diýlenine eýerdi-de, misli telefonyny gysyp mynjyratmaga dalaş edýän dek, barça güýji bilen ony gysymlady-da hyruç bilen onuň ekranyna dümtünip ugrady.
-Oýun oýnasyň gelýämi, seň?! Me saňa! Me saňa! Ine saňa, oýun oýnasyň gelýän bolsa! Halys bizar etdiň, haramzadaňam biri!-diýip burnuna siňdirip hüňürdäp, ýapyrylyp oturşyna-da Momodan gelen sms ýazga: “Güm bol!” diýen ikije söz ýazgyly jogaplary ýetişibildiginden iberip başlady.
Emma, Momo-da ýeser ekeni.
Habar ugratmaşmakda ezberligi oglanjygyňkydan peslär ýaly däldi.
Gögele jogap ýazgysyny ibermäge ýetişip-ýetişmänkä täze sms gelýärdi.
“Haýda, Momo ýeňýär!”.
“Güm bol!”.
“Momodan ýeňilseň, işiň gaýdar!”.
“Güm bol!”.
“Ene-Guş hemişe ýanyňdadyr! Bilip goý şuny!”.
“Güm bol!”.
“Indi sen hiç haçanam Ene-Guş Momodan sypmarsyň!”.
“Güm bol!”.
“Çalt bol! Iki sms yzba-yz bardygy Momo seniň işiňi görer!”.
“Güm bol!”…
Oglanjyk Momo bilen hat ýazyşmakda ýaryşyp, basga galyp näçe wagt oturandyg-a belli däl, welin, birdenkä onuň barmaklary ýadadymy nämemi, ol nobatdaky “güm boluny” ibermekçi bolanda gijä galdy.
Momonyň jogapsyz galan habarynyň yzyndan ýene-de biri gelip gowuşdy.
Bada-badam telefona, ilk-ä diňe towuk aýakly, petrewük gözli Momonyň eýmenç suraty gelip gowuşdy. Oglanjyk ol habary öçürip ýetişmänkä-de: “Sen utuldyň! Indi Momo seni jezalandyrar! Me saňa!” diýen ýazgy bilen bir wagtda diýen ýaly, azajyk göwrümli wideoşekil gelip gowuşdy-da, ol öz-özünden açyldy.
Ýene-de ýaňky Momonyň keşbini ýüzüne çeken, eli gorkunç pyçakly, gara geýimli adam, pyçaksyz elini sagyna uzatdy-da, mawlap duran akja, enaýyja çaga pişigi ýeňsesinden penjeläp galdyrdy. Ekrana golaý eltibem pyçakly goluny salgady.
Bu oglanjygyň sabyr-kanagatyna, çydamlylygyna urlan iň soňky zarba boldy. Ol elindäki telefony ýere zyňyp goýberdi-de, jyňkyny çykarman kakasy-ejesiniň ýatan otagyna garşy ökjäni göterdi.
Şol atylyp barşyna-da parahat ýatan kakasynyň gujagyna özüni oklarly göründi.
Emma…
Otagyň işiginden geçdi-de, kakasynyň aýagujunda söm-saýak boldy duruberdi.
Şu ýaşynda şeýdip ýörmäge ejap etdimi nämemi…
Şeýdibem işikden giren ýerinde dikilgazyk bolup, esli durdy.
Mähribanlaryny oýaryp haraý dilemäge-hä uýalýar…
Yzyna, düşegine barmaga-da injigi saňňyldap alyp barýar…
Nätmeli?!...
Megerem, ol entegem şeýdip kän durardy. Hernä Hudaý diýen ýeri, zenanlara mahsus syzgyrlyk bilen öz-özünden tebil tapan ejesi oýanaýdy.
Körpesini gujagyna alyp ýanyn ýatan ýerinden başyny göterdi-de:
-Oglum?!-diýip howsalaly pyşyrdady.
-Hä?!-diýip gögele, äňine ýelmeşen diline zordan erk etdi.
Gara daňdan iç işikde sömelip duran oglunyň gözüne görünmeýändigine akyl ýetiren ejesi, zöwwe dik oturdy.
-Wiý, bü işigaýdanyň çagasyny! Toba, toba, tüf-tüf-tüf…-diýip ol ýakasyna tüýkürdi-de, itenek-çomanak dikelip, ogluna tarap ýöredi:
-Gyýw, gijäň içinde bi, ýatanlaň zähresini ýaryp bü näme bolup ýördügiň?!-diýip pyşyrdaşdyryp ýakynyna geldi:-Düýşürgäp dagy etdiňmi, ýa?! Bi ýaňyrak bogazymy ölläýin diýip oýansam, bü gyran degmiş telefonyňam-a şu otagyň penjiresiniň öňünde galdyryp gidipsiň. Onnoň, irden o artyp galmyşyň sagady gygyryp, jigileňňi bimaza etmesin diýip, hemişeki ýaly başujuňa eltip goýup gaýtdym. Ýa näme, bimahal çakda syňsyraklap, ýaraman dagy ýörmüň?!
Ejesi oglanjyga gep gaýtarmaga maý bermän, hem sarnaşdyryp, hem sermeşdirip, oglunyň maňlaýyny elläp görýärmi, başyny sypaýarmy, garaz, täk özi giden bir “Tiz kömek” toparyna öwrülip, ony alarladyýp, alyýp barýar.
Ejesiniň gepinden özi üçin esasy zady eşitmäge ýetişen oglanjyk: “Äý waý-eý! Telefony ejem getirip goýupdyr eken-laý!” diýip, ýeňillik bilen oýlandy-da:
-Hawa eje, gara basdy!-diýip, ejesiniň agzyna salgy beren bahanasyny bahana edinmäge howlukdy. Bada-badam daşardaky sekide serilgi düşegidir-jalbary ýadyna düşübem, olar üçinem bahanasyny ugrukdyryp goýberdi:
-Özümem üşäpdirin öýdýän, eje! Ýöne, titräp, üşüdip ýatyryn, endam-janymam agyrýar! Ýüregimem bulanýar!
Munuň ýaly sözlerden soň, haýsy eje öz aklynda galyp bilse, şonuňam Görogly boldugy!
Munuňkam şeýle boldy.
Ejesi dem salymda adaty adam bolmagyny bes etdi-de, asmandan eňaşaklygyna şaglap inen daşgaçana (meteorite) öwrüldi.
Çagalaryny, ýanýoldaşyny oýaraýman çybşyldap, aşhana gidip geldi-de, suw bilen derman getirdi. Atdyrdy. Soň ýene-de göz açyp ýumasy-salymda aşhana atylyp gidip, çaý ataryp geldi.
Oglanjygy ýatyrdy-da, ilk-ä oňatja edip, gorky damaryny tutup berdi.
Endamyny owkalady.
Soňra ýorgana gaýym basyrdy.
Oglunyň ilkagşamky jalbarynyňam, düşeginiňem çalşylanyny görse-de, kelam agyz zat diýmedi.
Bilmedikden boldy.
Tä çaý gaýnar çeni bolýança-da, oglunyň maňlaýyny, eginlerini, aýaklaryny owkalady oturdy.
Oglanjygyň bolsa, süňňi mazaly gowşady.
Gözleri öz-özünden süzülip ugrady.
Momo-da ýatdan çykdy, beýlekem.
Dagam, göwresi özüniňkiden kiçi bolsa-da, elmydama-da hemme çaga üçinem bir wagtyň özünde mizemez dag hem-de arlap duran şiri-peleň ýaly bolup görünýän ejesi ýanynda otyrka, Momo küje, Internet melguny küje, bu ýanda?!...
Ahbetin, oglanjyk, çaýynam içmän uklap galdy.
Irden turubam, aýakýoluna-da gitmän, ilki bilen, atalanyp ýetilip, apalanyp saklanyp ýörülen eltelefonyny çekijiň astyna saldy.
Tä, jäjem bolýança…
Tä, iň iri bölegem dynnyma bahyllyk etmek derejesine ýetýänçä…
Külke galyndysy bolsa, özüniň ýele sowrulan zibil bilen iň ýakyn garyndaşdygyna akyl ýetirýänçä…
Dogry-da walla…
Momo diýdi…
Melgun diýdi…
Ýagşam bir oýun tapdylar…
© S.Ataýew
[1] Hytaý we Ýapon mifologiýasynda günüň dowamlylygy dürli haýwanlaryň atlary bilen atlandyrylan sagatlara bölünipdir. Mysal üçin: Alakanyň sagady 23:00 – 01:00; Öküziň sagady 01:00 – 03:00 we ş.m.. Gündogarda Öküziň sagadyna başgaça: “Melgunyň sagady” diýipdirler. Çünki gijäniň 01:00 – 03:00 aralygynda, ýeriň ýüzünde melgunlar, al-arwahlar, gara porhanlar, tersokanlar we ş.m. garaňky güýçler höküm sürüp başlaýar diýen ynanja uýupdyrlar. Şonuň ýaly-da, Hytaý we Ýapon mifologiýasynda Zeminiň Melgunyň sagadynda, ýagny gijäniň 01:00 – 03:00 sagatlary aralygynda ýaradylandygy hakynda-da ynanç bar.

Teswirler (2)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...