Men gyşda gelenem bolsam,
Ömür diňe gyş däl ahyr.
Ol aýlanyp duran çarhy-pelek, ýaz-u-gyş.
Iller kimligimi bilenem bolsa,
Bilmedigem bolsa,
Diýmeseler gowudy maňa şahyr.
Maňa adam bol diýp zynharlan peder,
Asmanlardan diläp beripdir bir yşk.
***
Käşgä
Äşgär edip bilsem ony,
Erbet diýip bilen adamlarym hem
Perişde mysaly-nurdan ýasalan
Garşymda epilmä bolmazdy garşy.
(meň nämäme gerek olaň sejdesi)
Ýöne meniň ýüregimde ýanýan ot,
Ýaşap ýören ynsanlara ýat gelýär,
Düşündirip bilemok men.
Düşündirip bilemok.
***
Peşeneli pirleň gadym ýolunda
Ýa-da ýol ýitirip, galdymmy derde?!
Men yşkyň ýükünden däliräp barýan,
Maňa adam bol diýip zynharlan peder!
Gözlem girýan,
Kalbym gussaň çadyrna girýär.
Ne-hä Mejnun bolup başardym,
Ne bir şahyr boldum,
Ne-de adam bolup başardym.
***
Dostum bolsa habar gatýar alysdan:
-Nirelerde gezip ýörsüň, galandar?
Onuň sesi arşdan inýän perman deý,
Menem diýýän:
-Ýaşap ýörün-äý, öz-ä...
-Geziber dost-uludan bir dem alýar.-
Seniň köňlüň köňullerde şa ahyr!
Men dymyan, bir salym demimem saklap,
Hem diýýän:
-Wah, adam bolmazdan ozal,
Nämüçin bolmakçy boldumkam şahyr?
***
Bir zat bolsa anyk
Özümem bilýän,
Tä ölýänçäm ýanyp,
Öçmese yşyk,
Ýanyp-öçüp subut edip giderin,
Näme üçin doglandygym gara gyş.
© Sylapberdi Muhamow
20.01.2023.

Teswirler (3)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...