Çeper prozada nusgawy «tokga» tekstiň möwriti ötdi.

Biler bolsaňyz, adybelli pereň nusgawy ýazyjysy Fransua Rableniň biçak iýermen, çensiz damakhor ataly-ogul mähnetler Gargantýua we Pantagrýuel hakyndaky erteki-romany bar. Şonuň Pantagrýuel baradaky ikinji jildinde, Pantagrýuel bilen onuň ýoldaşlary Berrak beýaz deňzinde (Ortaýer deňzinde) gämide ýüzüp barýarkalar, birdenkä alys gözýetim (Asman, Dünýä, tutuş Tebigat) hasratly sogduryp dem alýar-da, gamgyn habary yglan edýär: «Pan öldi!».

Gadymy Ýunan dini ynanjynda, Pan — çopançylygyň, maldarçylygyň, bol-elinligiň, tebigatyň hudaýy, Olimp panteonynyň baş hudaýlarynyň biri.

Ýazyjy eserinde göräýmäge hiç hili çuňňur manysy bolmadyk bu sahnany beýan etmek bilen birwagtyň özünde umumy adamzat taryhyndaky uly ähmiýetli birnäçe pikiri allegoriki nygtaýar: 

1.Gadymyýet dünýäsiniň köphudaýlylyk (politeizm) dini ynançlarynyň ýitip (ölüp), olaryň ornuna ýekehudaýlylyk (monoteizm) dinleriniň (musaýylyk, isaýylyk, yslam) gelendigini;

2.Antik medeniýetiň zamanasynyň tükenip, täze, orta asyr we Renessans döredijilik usullarynyň tutuş ynsanyýetiň çeper döredijilik paradigmasynda hökmürowan bolandygyny;

3.Ynsanyýetiň tutuşlygyna we her bir şahsyýetiň aýratynlykda dünýägaraýşynyň düýp esaslarynyň binýatlaýyn derejede özgerip, indi onuň daşyny gurşaýan dünýä, tebigata, tebigy güýçlere bolmalysy ýaly bir zat hökmünde garap, olary ýeňip bolmajak, aň ýetirip bolmajak närseler hökmünde kaýyllyk bilen, takdyra ten bermek bilen kabul etmän, eýsem olaryň hemmesine akyl ýetirip, olary mümkingadar öz bähbidine peýdalanmak höwesi bilen seredip başlandygyny we ş.m..

Bu pikirleri ýazmak bilen diýmekçi bolýan zadym: nusgawy tokga teksti, indi biziň ýaşlarymyzyňam, hatda internet bilen işjeň iş salyşýan, ortaýaş deňdeşlerimiziňem aňy asla kabul edip bilmeýär. Ýa-da has takygy, şony doly möçberde hem doly manysynda kabul etmeklige aňymyzyň «sabry ýetmeýär».

Döwr-ä klipleýin oýlanyşyň döwri, biziň hemmämizem indi Aýfon jemagatynyň TikTok nesli-dä.

Ösen maglumat tehnologiýalary, zymdyrylyp geçip duran wideo-sahnalardan, şekillerdir sazlardan ybarat gysgagöwrüm klipler, tutuş adamzadyň beýnisini iňňän çalt, demsalymlyk pursatda juda köp maglumaty kabul edip hem-de seljerip ýetişmäge ukyply etdi.

Şol sebäpdenem indi heňňam bilen hörpdeş gopmakçy bolsa, çeper proza-da düýpli özgermeli.

Gödeňsiz uzyn, köpmanyly goşma sözlemlerden emele getirilen lop-lokga abzaslardan düzülen klassyky «tokga» tekstiň öwezine, mümkingadar az sözli, sada hem anyk, manysy aýdyňdan düşnükli bir ýa-da gaty gitse iki sözlemden ybarat «jotda» tekst ulanylsa lazym boljak ýaly bolup ýatady.

Umuman, F.Rableň kitabyndaky: “Pan öldi!” diýlip habar berlişi ýaly, bu gün “Nusgawy tokga tekstem öldi!”.

Iňglizleriň bir dessury bar: Patyşa ölende köşgüň beýemçisi (mažordomy) bu barada şeýle yglan edýär: “Korol öldi! Ýaşasyn korol!”.

 

© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Sekizinji kitap. – Aşgabat, 2025. Golýazma hukugynda.