Çaga wagtym ýadymda.
Enemleriň ýaşaýan obasynda suratçy (fotograf) bardy. Ýüz ýyldan gowrak geçmişi bolan, oturymly, uly obada ýekeje suratçy bar ekeni. Meniňem ýadymda, enemlere baramda bir gezek, enem bilen şol suratçyň iş ýerine baryp, surata düşüpdik.
Şol gezek, suratçyň ulanan foto enjamy häzirem ýadymda: köne, dört aýakly, ullakan guty ýaly, suratçyň arkasyna geçip tuta çalym edýän gara mataň içine girip, enem ikimizi surata düşüripdi. Iş otagynyň bir gyrasynda ýüpden asylyp goýlan onlarça surat plýonkalaryny görüp haýran galypdym. (Şol döwürler surata düşürlip, plaýonkasy garaňky otagda guradylýardy. Analog foto tehnologiýaň talaby şeýledi.)
Şeýle-de, surata düşmäge gelen beýleki oba ýaşaýjylarynyň topar bolup nobata durany hem ýadymda.
Has gyzykly ýeri, oba adamlarynyň şol suratça dakan lakamy: “jyk etdim, 5 manat.”
Obada suratçyny tas adyny tutup çagyrýan, gürrüň edýän ýok diýen ýaly ekeni. (belki bir adam - suratçyň aýaly oňa ady bilen ýüzlenýän bolmagy mümkin.)
Häzire çenli, dürli ýerlerde ýüzlerçe lakam eşitdim. Emma iň ýadymda galanlarynyň biri, ana şol suratçyň lakamy. Bir hili, onuň sypatyna, bolşuna gelşip dur. Suratçy foto enjamynyň dügmesine basdygy, surat üçin näçe manat tölemelidigni aýdar ekeni. Şol gezek hem şeýle boldy. Suratçy enem ikimizi surata düşürip bolan badyna, eneme ýüzlenip, “Abadan ene, siziň bergiňiz bäş manat” diýipdi.
Obada ulalyp görenlerimiz has gowy bilýändir. Obada tas ähli ýaşaýjyň lakamy bolýar. Köplenç oba adamlary kimdir biri hakda gürrüň açylsa, adynyň yzyna lakamyny goşup ýüzlenýärler. Ýogsam, ýolugra barýarkak, enem maňa şol suratçyň adynam aýdypdy. Ýigrimi ýyldan gowrak suratçy tejribesi bar ekeni. Obanyň toýlaryny, üýşmeleňlerini özi sowýan ekeni. Ol döwürler surat enjamyny almak, öz iş ýeriňi doly ýerbe-ýer edip açyp, gymmat bolansoň, beýleki oba ýaşaýjylaryň muňa gurby çatmaýan ekeni. “Jyk etdim, 5 manat” bolsa, uly obada ýekebazar bolup işleýär ekeni. (şu gün öýlänara enemlere jaň edip sorap göreýin-le, şol suratçy henizem işläp ýörmükä...)
MUGT ZAT ÝOK
Dogry. Durmuşda mugt zat ýok. Hiç ýerde-de ýok. Bu köre mälim zat. Iň bärkisi, kölegede oturan pişigi “haýt!” diýip, kölegeden kowjak bolsaňam, pişigem başyny galgadyp, kölegeden gün düşýän ýere süýşäýenok. Pişigem bir aýagyny galdyryp, penjesini görkezip, pul talap edýär...
“BU DUÝGYNY DUÝMADYK, SÖÝEN ÝARYM SENMIDIŇ?!...”
Bu giňişligiň dowamly okyjylary bilýändir. Arasynda ýazgylarymyň ahyrynda, halaýan aýdymlaryndan bir-iki bendi paýlaşýaryn. Bu gezekki ýazgymy, ussat halypa, merhum estrada aýdymçymyz Nurýagdy Tokgaýewiň aýdan “Senmidiň” atly ajaýyp aýdymynyň iki bendini paýlaşyp jemleýärin.
Oglankam ýadymda. Kakam Nurýagdy Tokgaýewiň 90-njy ýyllarda çykaran magnit kasseta albomyny getiripdi. Uly dörtburç guty ýaly magnitafonda, şol kassetany gaýta-gaýta saradyp diňlänim ýadymda. (Indi döwür üýtgedi. Magnitafon, magnit kasseta ýat boldy. Ähli zat sanly ulgama geçdi.) Ana şol ýyllardan bäri, merhum Nurýagdy Tokgaýewiň aýdymlaryny söýüp diňleýärin. “Senmidiň” aýdymy hem şolaryň biri.
Kalbym doly gaýgydan,
Ýandym ýalan söýgüden,
Bu duýgyny duýmadyk,
Söýen ýarym senmidiň?!...
Ýalan söýgä ynanyp,
Gezipdirin guwanyp,
Bu namany men düzüp,
Çalan sazym senmidiň?!...
Sag-salamat galyň.
*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.

Teswirler (8)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...