Adamyň bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aýdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aýdyň, dirikä sylaň!
Kim bilip dur, bir ýyldan soň giç bolar!
Gowa gowy diỳiň entek dirikä!
Gerek ỳerde ỳyly bir söz güỳç bolar.
Hökman ölerine garaşyp durmaň!
Kim bilip dur, bir aỳdan soň giç bolar.
Yagşy sözler gaỳnap ỳürekden çyksyn!
Şol närseden bärde çyksa hiç bolar.
Goldaberiň bir-biregi söz bilen!
Kim bilip dur, bir hepdeden giç bolar.
Kalby çoỳuň, alkyş alyň adamlar!
Alkyşlynyň işi rowaç bolar.
Erte tapdyranok bü gün göreniň.
Şu gün çoỳuň, erte, mümkin, giç bolar.
Sahawatsyz ömür, gury bir töňňe,
Sahawatsyz ömrüň soňy puç bolar.
Goldaň bir-biregi wagtyňyz barka!
Mümkin, ỳene bir sagatdan giç bolar.
Berdinazar Hudaýnazarow, Türkmenistanyň halk ýazyjysy

Teswirler (2)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň