Mälim bolşy ýaly, “Müň bir gije” (arapça asyl ady: ألف ليلة وليلة; okalşy: alf layla wa-layla) atly kitap tutuş dünýäde häzire çenli ýazylan kitaplaryň arasynda iň meşhurlarynyň biridir. Orta Gündogar halklarynyň ertekilerinden, rowaýatlaryndan jemlenen bu kitap, megerem, dürli ugurlarda ýetiren uly täsiri babatda dünýädäki iň meşhur kitap bolsa gerek.

Men bu kitap bilen ilkinji gezek on sekiz ýaşymda tanşypdym. Kakamyň öýdäki kitaphanasynda bu kitabyň sowet ýyllarynda türkmen dilinde çap edilen gysga göwrümli görnüşi bar. Ana, şony okapdym.

Kitap ilkinji gezek ýewropa dillerinden fransuz diline terjime edilýär. Fransuz gündogarşynasy Antoine Galland-yň 1704-nji ýylda fransuz diline terjime edýär. Galland "Müň bir gijäň" 1701-nji ýyla degişli Siriýada ýazylan golýazmasyndan peýdalanýar. Şeýlelik bilen bu kitap soňra iňlis, nemes, ispan we beýleki ýewropa dillerine terjime edilýär hem-de günbatar halklarynyň okyjylara ýetirilýär.

Günbatar halklary, ýewropaly gündogarşynaslar bu kitaby ilkinji gezek okanda; onuň çuň çeperçilik derejesine haýran galypdyrlar. Şol wagta çenli Ýewropada ýazylan meňzeş eselerden çeperçilik we wakalar taýdan has baý bolan bu kitaby uly gyzyklanma bilen garşylapdyrlar.

“Müň bir gije” kitabynyň doly göwrümi 2700-den gowrak sahypadan ybarat. On bäş ýyl öň, men bu kitabyň iňlis dilinde çap edilen doly göwrümli görnüşini tapyp okadym. Iňlis diline terjime edilen bu görnüşi, A.Galland-yň fransuz diline terjime eden nusgasy esasynda çapa taýýarlanypdyr.

Kitabyň mazmuny gysgaça şeýleräk. Kitap orta asyrlarda arap halklarynyň durmuşy esasynda döredilen ertekileri-hekaýalary özünde jemleýär. Kitabyň baş gahrymanlary Şähriýar atly soltan, hem-de onuň aýaly Şährizada. Juda was-was bolan soltan Şähriýar, aýalynyň özüne iň bolmanda hyýalynda-da biwepalyk etmeginden çekinip, öýlenen zenanlaryny ertesi güni jelladyna öldürder ekeni. Ahyrynda Şährizada meýletin esasda soltan Şähriýar bilen durmuş gurmaga isleg bildirýär. Şährizada soltana durmuşa çykyp, oňa her gije gyzykly erteki-hekaýalary gürrüň berýär. Şährizada ertekiň iň gyzykly pursatyny gürrüň bermän ertesi güne goýup, her gije ölmekden gutulýar. Şährizada ugurtapyjylygy, hekaýany çeperçilik bilen gürrüň beriş ukyby netijesinde toý tutan gününiň ertesi güni ölmekden halas bolýar.

“Müň bir gije” kitaby tutuş dünýäde nähili meşhurlyga eýe bolandygyny bilmek üçin, onuň sungatyň dürli ugurlaryna ýetiren täsirleri barada gysgaça aýdym geçmek hem ýeterlikdir. Bu meşhur kitap, çeper edebiýata; nusgawy (klassiki) saz sungatyna; opera we teatr sungatyna; balet we tans sungatyna; kinomatografiýa; çeper animasiýa; suratkeşlige; çeper bezeg sungatyna; çagalar edebiýatyna; komik we grafiki eserlere; tele gepleşiklere; häzirki zaman dünýä edebiýatyna öz täsirini ýetirdi. Häzire çenli bu agzalan ugurlarda “Müň bir gije” kitaby esasynda müňlerçe eser, aýdym-saz, sahna eserleri ýazyldy, kinolar, multfilmler döredildi; çeper surat çekildi; birnäçe işler edildi.

Bu kitabyň dünýä sungatyna, medeniýetine, edebiýatyna ýetiren çuňňur täsiri bir ýazgyda aýdardan juda uly.

Galyberse-de “Müň bir gije” kitabyndaky ertekiler, beýleki halklarynyň medeni mirasyna hem öz täsirini ýetirdi. Hytaýdan başlap Britaniýa çenli gündogar we günbatar halklaryna degişli ýüzlerçe ertekileriň, rowaýatlaryň, hekaýalaryň “Müň bir gijedäkiler” bilen meňzeşligi bar.

Meniň okan doly göwrümli “Müň bir gije” kitabynyň sözbaşysynda şeýle täsin maglumat hem bar. Aýdylşyna görä, “Müň bir gije” kitabynyň doly göwrümli nusgasyny okan adamyň, kitaby okap tamamlandan soň ýakyn wagtda aradan çykjakdygyna ynanylýar ekeni. Hut, şu sebäpli gündogar we günbatarda ýaşaýan ýüz müňlerçe adam, kitaby dolulygyna okap tamamlaman goýar ekeni. (Hawa, jan süýji. Hiç kimiň ölesi gelenok). A men bolsa tersine, kitaby doly okap gutardym. (Şondan bäri on bäş ýyldan gowrak wagt geçdi, heniz-ä diri...) Aý näme, “Müň bir gije” kitabyny okaňda-da, okamaňda-da, iň soňky duralga hemmä mälim. Ählimiz ahyrsoňy amanadymyzy tabşyryp, bu gojaman zemin bilen hoşlaşmaly ahyry.

 

Sag-salamat galyň.

 

*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.