Bu waka ony, ilkinji pursatlaryndan başlap çeňňegine ildirdi.
Soňam ondaky jygba-jyglyk artdygysaýy, barha beter çoçgaryna çolaşdyrdy. Soňabaka bolsa gaýym girisine gysyp, edil derýa ortakdaky girdabyň demine düşen, döwük şahajyk deý, holtumynda dolap-düýrläp, durky-düýrmegi bilen ýuwutdy.
Özem gözüniň alnynda bolup geçýän durmuşy pajyganyň her bir pursadyny soňky sarkyndysyna çenli demine sormak isleýän dek, on iki süňňi bilen gözdür-gulaga öwrülip oturyşyna, wakanyň başyndan ahyryna çenli gözüniň ýaşy kepemedi.
...Kadyrjygyň ejesi-kakasy bir günde wepat edip, ojagaz oglanjyk üç jigijiginiň ýalňyz howandary bolup galanda, hünibirýan aglady, hiç saklanyp bilmedi.
Olary kireýine alnan jaýdan çykarjak bolanlarynda, onuň “Pylan kakasy” gelip, ýetimlere hossar çykanda, hünibirýan aglady, hiç saklanyp bilmedi.
Ol “hossaryň” heleýi – aýjyndan azan harrrrammmzada, Kadyrjyga gün ýamanyny görkezip, erni suwly, lellim ärinä-hä gep berip, ojagazam tagta-tugtadan el-hal ýasalan, itseň ýykyljak, çalamydar towuk ketegine göçürende, hünibirýan aglady, goýar ýerde goýmady.
Ine, birdenem...
Ýörite, “adamlar rahat ukusyny almasyn” diýen ýaman niýet bilen, ýarygijeden soň, hökmanam sagat ikilerde görkezilýän bu heýhatly wakanyň nobatdaky parçasyny görübem däl-de, “demini almazdan hopurdadyp içip” otyrdy welin, birdenkä Kadyr...
...öläýdi...
Bar Hudaý-a!
Jan Hudaý-a!
Ýa Hudaý-a!
Özüň ýetiş!
Gaýtarmyş ata jan, senden medet!
Oturanja ýerinden tas takga jany çykýardy.
Dogrusy, öz-ä hut şo pille ýüregi urmasyny goýup, ölendirin öýtdi.
“Öläýdi...
Kadyr jan, beýtdi-de, ötäýtdi...”...
Ol, göýä, magnit kassetasyny çeýneýän, orus döwrüniň magnitofony ýaly, bu pikiri kellesinde hetjikläp-hetjikläp, nijema sapar gaýtalady-gaýtalady oturdy-da, birdenem, horkuldap aglamaga başlady.
“Öläýdi...
Kadyr jan, öldi-i-i...” diýip ol, birwagtyň özünde hem-ä içinden zarynlaýar. Hemem, birdenkä aňynda peýda bolan öçli gazap bilen, wakanyň gap bilinden jomran bedähet bedasyllara gara çynyndan gargynýar: “Ýeriçççekkkennn! Ýeriçççekkkmişşşler! Kadyr jany öldürip, bal günüňize bataýarys öýdýänsiňiz welin, batmanjyklar geçersiňiz, ýeriçççekenler!”.
Şol barmana-da, onuň horkuldysyna äri oýandy.
Uzak günüň ýadawlygyndan soň hor çekip ýatan pyýada, öz içerisine mahsus bolmadyk, pessaýam bolsa düşnüksiz-gümürtik owazlara bimazalyk tapandyr-da, gözüni açalak-ýumalak edip garysyna galdy.
Telewizor diýseň, otaga ala-mula ýagtysyny saçyp, pyşyrda ýakyn seslenip, işläp dur.
Elýeterinde aýal diýseň, atasy ölen ýaly şumjaryp aglap otyr. Kä ýarymam şuguldadyp burnuny çekýär.
Çagalaram, bi ne gyzykly dünýede bolup geçýän ähli zatdan namut-bihabar, serlişip süýji ukuda ýatyr.
Ukyň arasynda äm-säm adamsy, elini uzadyp, başujundaky eltelefony aldy. Düwmesini basyp, sagadyna äňetdi.
Üç.
“Nämmolup ýatyr-aý?!”.
Ol telefony goýdy-da, ýüzüni owkalap, öýüň alagaraňkylygynda keýwanysyna çiňerildi.
-Gara gijäň içinde saňa näme bolýar-ow? Ýa ýeldirgäp ýörsüňmi?
-Kadyr öldi,-diýip, şumjaryp oturan aýaly, özüniň näme edýändiginem, näme diýýändiginem serinde doly aýlaman, höwrüni hossar tutundy.
Äri düşünmedi.
-Kim Kadyr? Öwez kakamyň oglumy? Haçan habar geldi? Jaň etdilermi?
-Jukk,-edip, aýaly henizem horkuldap oturyşyny kesmän başyny ýaýkady.
-Onda kim?-diýdi-de, biraz rahatlanan äri, şol ýatyşyny üýtgetmän, ýeňsesini gaşady:-Wiý hä, hol ilerki köçedäki makaw, Kadyr jyrrykmy? Arada şolam-a: “ýaranok” diýýädiler welin, ahyry “işini bitiripdir” diýsene.
Äri şeý diýdi-de, pallap, arkanlygyna süýndi. Soňam gözlerini ýumup, arasy üzülen ukusyny dowam etdirmegiň kül-külüne düşdi. Agzyny ukuly şapbyldadybam, hümürdedi:
-Ýak, senem-aý bar-a, ýaman neme-laý! Ýeri, ölse ölüpdir-dä. Haýsy bir ölen üçin beýdip, gije sagat üçde zar-zelil bolup oturjag-aý? Imany hemra bolsun, bendesiniň! Ertir ine, nesip bolsa, il deňinde görnüp gaýdarys. Şonluk bilenem wessalam, gep tamam bolar-da. Tem bolem, gulagy göründen pahyryň, ölen “Pelan ahun” ýa-da “Pelan işan” däl-de, öz-ä bir “Kadyr jyrryk” bolsa...
-O dä-ä,-diýende, aýalynyň sesi, hasam endiremeli çykdy.
Äri bir gözüni açdy.
Şol ýeke gözi bilenem keýwanysyna alaryldy.
Soňam: “ýatyrmadyň-aý bar-a” diýýän pisint, owfuldady-da, dikelip oturdy. Gatyrganmaly hüňürdedi.
-Onda kim-ow? Nä, gara daňa golaý ogar-ogar kim bilmeşek oýnaýan ýaly, meň mazgimi ütükläp, nerwimde şeşe-beş kakyp oty:ň-ňaý?
-Kadyr jan... kinodaky...-diýip, jiger-bagry para-para hatyn, naýynjar elendi.
Äri düşünmedi.
-Kim, kim?!
-Kadyr ja-a-a-n diýýän-ä-ä-ä, Kadyr ja-a-a-n...
-Mälemän gürlesene-how, menem ker däl, sammygam däl elbetde. Düşündim, Kadyr jandygyna. Ýöne, ýaňy, şumatjyk näme diýdiň-ä? “Kinodaky Kadyr” diýdiňmi?
-Howwo-o-o...
Äri ýene düşünmedi.
-Dur-how, molama. Men senden ýene bir öwran gaýtalap soraýan: “Kinodaky Kadyr öldi” diýýäňmi?
-Howwo-o-o...
Äri sesini çykarman ýerinden turdy. Jyňkyny çykarmanam aşhana ýöneldi. Gidip suw içip geldi. Ses-selemsizem ýerine geçip, arkan süýndi. Gözlerini ýumdy.
Gymyldaman ýatyr.
Elýeterinde öý bikesem oňa üns bermän, henizem gözi ýaşly.
Birdenem, äri zöwwe galdy-da, dik oturdy.
-Bagyşla, neme, o zat edýä diýme weli, ýene bir sapar soraýyn-la! Sen şü pille kinodaky Kadyryň öleni üçin şeýdip ýas tutup otyrsyňmy? Ýöne: “Ýamanammyr gepe düşmez tüntaw eken-aý!” diýme, keýwany, maňa prosto ýaman gyzykly bolup ýatyr, şu müddet!
-“Howwo-o-o!” diýýän-ä, howwo-o-o...
Ärinden ýene seda çykmady. Diňe onuň uludan dem alýany, onsoňam dişleriniň gyjyrdap owranaýjak bolýany eşidildi.
Onsoňam, otagyň alagaraňkylygynda: “Alla jan-aý, şü günäsi köp bendäňe-de, eger mümkin bolsa, bir, gaýrat edip, sabyr-kanagat beräýmeseň-aý, ýagdaýlar-a ýaman kyndyr-aý, Ýa Rebbim...” diýilýän, nalyşmy, mynajatmy pisint pyşyrdy hümürdelen ýaly boldy.
Ýöne, olam diýildimi, diýilmedimi?
Anygy gümana.
Äri birsellem sezasyzmaz doňňara-daş bolup oturandan soň, kynlyk bilen dillenýäni mese-mälim, dil ýardy:
-Sen bar-a... neme...,-diýdi-de, ol ýene dymdy. Bäş-üç öwre sojap-sojap, uludan-uludan dem aldy. Soň ýuwdunyp, ýene gürledi:-iň gowusy, telewizoram öçürdejik, ýatsana! Bolýamy? Ertirem, Ýaradanyň özi bolsun edip, nesibämize ýagşysy ýazylan bolsa, gidip, tanyş dugtora kelläni görkezeli... Alla gowusyny etsin, elbetde ahyrynda düýbi düz oňatçylykdyram weli, onda-da ätiýaçlygy elden bermeseň ýagşy. Kim bilýä, belki, şonda bir näsazlyk bar bolaýmasyn? Özüňem bar-a, şü nemeleri... şunuň ýaly kinolary gaýrat et-de, kän görme! Asla, dagy-duwara şolary göreniňi görmäýin! Bolýamy?
Rejäň geň däldigini aňan bolara çemeli, hatyny höwrüni jogaba mähetdel etmedi:
-Bo-o...
Hork-hork...
Şuw-wu-u-k...
© S.Ataýew

Teswirler (8)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...