Salawmaleýkim. Men şu gün her kime tanyş bolup biläýjek duýgy barada bolşuna göreräk mowzuk ýazmakçy. Adam pahyryň şadyýan bolýan wagty bar, gamgyn bolýan wagty bar, gaharly bolýan wagty bar, keýplije bolýan wagty bar. Kähalatlarda töweregimizdäki adamlar bize geň reaksiýalar berýärler. Bu hem şol wagt şol adamyň nähili psihologiýada bolanlygy bilen baglanyşykly. Ene-atalarymyz hem şeýle. Şol wagtky psihologiýalary bilen baglanyşykly reaksiýalar berýärler.
Ýöne hemme wagt beýle-de bolanok. Ýadyňyza düşýän bolsa, çagakaňyz öýe myhman gelen wagty näçe garagollyk etseňem, ene-ata sypaýyçylykly bolýar, gaty söz aýtmajak bolýar. Munyň hem sebäbini edil özüm, ilki bilen "myhmana sylag", soňam "pylanylar çagalaryna gaty söz diýenoklar, çagalary garagollyk etse-de düşündirip aýdýarlar" diýdirjek bolýarlar diýip çaklaýaryn. Bu meniň öz pikirim, ene-ata bolmamsoň bilýän däl bolmagym hem ahmal. Ýöne daşyndan seredeniňde şeýle görünýär.
2-3 günlikde myhmançylyga gitdik. Myhman ýerimiziň hem 4 ýaşly ogullary bar. Ilki öwrenşip bilmän oturdy, soň öwrenşeninden soň gün bermedi. Gelip depýär, oýunjagyny zyňýar, dyzyma münip ýere bökýär, arkamdan gelip bokurdagymdan çekýär. Ene-atasy hem "He-he, beýtme oglum, çykar daýyň burnundan eliňi, tüýkürme daýyň ýüzüne" diýseler hem goýar ýaly däl. Ine, iň soňunda-da bar güýji bilen, saçym uzyn dälem welin, kiçijek elleri bilen saçymdan çekdi. Ullakan adam bolup tas "Wääk!" diýip gygyrypdym saçagyň başynda, gözümden ot çykyp, ýaş aýlanyp gitdi. "Indi gelse, bildirmänjik çümmükläýin-le şu ganojagy, arymy alaýyn" diýip, çaga bilen deň bolmakçy boldum welin, soň gelmedi. Ejesi ýagdaýyma gynanyp, çekip aldy.
Ýogsa-da, men häzir şol çaganyň kakasyna-da şeýle darasa, hiç kim ýok bolsa, kakasynyň çyny bilen käýejegini bilýän, sebäbi kakasyny tanaýan. Ýöne myhman bar bolansoň, sypaýyçylyk edýär.
Mysal üçin, adaty günlerde ene-ata bilen bolýan dialoglar:
— Eje, jorabym niredekä meniň, tapamok?
— Men näbileýin, meýit! Agşam kañkap gelip nirede çykaran bolsaň, şol taýdadyr-da. Men näme, seniň jorabyň garawulymy? Kakasyndan-oglundan bizar bolaýdym-da! Men şu öýüň gyrnak-zoluşkasy öýdýän... Kiriňizden, naharyňyzdan haalyýys ýadadym...
(Görşüňiz ýaly, ýönekeýje bir sorag berdim: «Eje, jorabym niredekä?». Gürrüň menden geçip kakama, hat-da gyrnak-zoluşka çenli baryp ýetdi).
Ýa bolmasa:
— Kaka, 20 manat bersene, men daşaryk çykjak...
— Aý hawa-da, eşek edip müniň kakaňyzy... Biz gazanaly, sizem sowuň... «Ine, kaka, pul getirdim» diýmersiňiz. Ejeli-ogul bolup, siziň puluňuzdan ýadadym... Seniň öýe pul gazanyp getireniňi görermikäm men?
Bu dialoglar her kimiň öýünde bolup biläýjek dialoglar. Ýöne öýde myhman bar wagty ýa-da öýde eneň-ataň kän tanamaýan dostuň bar wagty gürrüň eýýäm başgaça bolýar:
— Eje, jorabym niredekä?
— Wiiý, oglum, ýuwulan joraplaryň şifonýeriň üstünde bolmaly. Sen gözläp ýörme diýip, şol taýda goýupdym welin, gören dälsiň-dä. Dur häzir, getireýin oglum...
— Kaka, ine, bu Guwanç, kursdaşym.
— Hä, şeýlemi? Tüweleme (ýylgyrýar). Guwanç, gowumy ýagdaýlaryňyz? Ejeň-kakaň dagam gowumy? Siz bilen tanyşanyma men örän şat. (Hindi kinolarynda ses berýän türkmen artistleri ýaly gürleýär).
— Kaka, biz Guwanç bilen daşaryk çykmakçy welin, 20 manat sorajakdym...
— Al, 50 bereýin. Ýanyňda artykmajy bilen dursun, belki, gerek bolar.
Aýdyşym ýaly, muny öz çagasyny kemsitmezlik üçin ýa-da çyndanam "Pylanyň ene-atasy sypaýyçylykly, intelligent ekeni" diýdirjek bolup aýdýan bolmaklary hem ahmal. Ýöne näme üçinem bolsa, çagasynyň ýamanlygy üçin etmeýändiklerini bilýärin, muny aýratyn belläp geçeliň, soň nemetmäň.
Bir gezegem klasdaşym bilen bile öý işini etmäge bize geldik. Ikinji klasmy nämemi... Klasdaşymyň bir ýerdenä kellesine geldi: "MCM, holodilnikdäki morozilka diliňi degirip gör, diliň ýelmeşýär-ow" diýdi. Menem geň galyp, boýum ýetmese-de stul alyp, morozilka dilimi degirdim. Degirdim degirmesine welin, dilim hakykatdan hem ýelmeşdi, aýyryp bilemok. Şunça dyzasam hem bolanok. Soň gorkup aglap başladym: "Dilim goparmyka?" diýip. Gürläbem bilemok, "Ezzeee, dizim ýemmezziiii" (Eje, dilim ýelmeşdi diýjek bolup peltekleýän) diýip ejeme gygyrýan. Ýagdaý şeýleräk: siňek awlaýan gurbaganyňky ýaly dilim buzda, kelle morozilnigiň içinde, uly galmagal.
Ejem geldi, bolup durşumy görüp, kuhnýadan suw alyp dökdi. Söýüşip duran itleri aýyrýan ýaly, suw sepip dilimi buzdan aýyrdy. Şu eden-etdiligimiň jezasy biziň öýümiziň konstitussiýasy boýunça atuwdy. Ýöne klasdaşym ýanymda bolany üçin ejem hiç zat diýmedi, agşama çenli ýatdan çykardy. Garagolluk edäýsemem, soňa-baka ýanymda dostlarymyň biri bilen gelýärdim. Şol wagt zat diýmän, soň käýeseler hem, öýdäkileriň gahary köşeşýärdi.
Ine, häzir şuny ýazyp otyrkamam ejem turupdyr. Otagyma gelip: "Daň bilen näme edýärsiň daň horazy ýaly bolup? Goý şu eliňdäki oýunjagy, ýat-da, sokul-da!" diýdi. Elbetde, muny siziň okaýandygyňyzy bilenok. Ýogsa: "Balam, turdyňmy? Näme, telefonyňy oýnaýarsyň? Pul zat salmaly bolsa, habar edäýgin" diýip sypaýyçylyk ederdi.
Awtory: McM

Teswirler (1)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...