MYHMAN BULUT / hekaýa

 

Kerim oguljygymyň hem-de çagalyk ýaşyna ýetmedik ähli perişdejikleriň ruhuna bagyş etdim.

 

Awtor

 

Ahyrsoňy bize-de bir ýagşy jaý ýetdi, Arşu-Kürsüň bäri ýanyndan ― on bäşinji gatdan.

Bir gün çagalar ylgaşyp geldi:

― Kaka, eýwanymyza bir bulut gonupdyr.

― Degmäň, ürküzmäň! Ýadandyr, dynjyny alsyn! ― diýdim.

― Wah, eýwanymyz-a öl-myžžyk eder ― diýip, ejeleri jübrindi.

― Aşakylar näme diýer onsoň?

― Aý, irden yzyny bir letde-setde bilen süpürip alaýarsyňyz-da!

Özüm-ä barsam, gorkarmy-ürkermi, utanarmy-nädermi diýip, eýwana çykmadym. Hem her ýylda bir göç edip, kireýine ýaşan günlerimiz ýadyma düşdi.

Ertesi irden ýene ylgaşlap geldiler:

― Kaka, buludymyz-a gidipdir.

Çykyp görsek, ýeke damja nemem galmandyr. Gaýtam, «Adamçylykdyr, birden geregi çykaýmasyn» diýip, dolduryp goýanja suw gabymyzam taňkyradyp gidipdir.

― Aý, oňa-da ýol azygy gerekdir-ä! ― diýip goýduk.

Bir görsem, uluja oglum gyýlyp, çytylyp otyr. «Hä?» diýsem:

― Häý, kaka, bir gaçgak buludy myhman alypsyň diiýp, saňa käýemeseler ýagşydyr! ― diýýär.

― Aý, biz nä, oň başbildini soramalymyşmy? ― diýdim.

― Gaçgak bolsa, hanha, asman, gözläbersinler.

...Anha, ýene-de akja bulutlar kerwen gurap, hersem Zemindäki görýän zatlarynyň birine: kimsi düýä, kimsi goça, kimsi gara öýe, kimsi, hamana, emedekläp ýören üm bilmez çaga öýkünen bolup barýarlar.

Menem eýwana çykyp, şo-ol seredip durun. «Bularyň haýsysy biziňkikä?» diýýän. Ýa bir alys ülkede azaşyp galaýdymyka? Ýa bir degimsiziň demine düşüp, güpbasdy ediläýdimikä? Ýa-da... ýa-da... ýa-da...

Nirede, nirelerde sen, akja buludym?!

Sergezdan buludym, myhman buludym, janserek buludym, arman buludym...

 

© Kömek KULYÝEW