"Hakyky aňyň emeli aň hakdaky pikiri" atly makalany okap, Mykgyş atly ateist bilen Hudaý hakyndaky köne sowet anekdoty ýadyma düşüp gitdi.

Anekdot:

Bir bar eken, bir ýok eken. Bir kolhozda Mykgyş atly partiýa guramaçysy bar eken. Ol döwürler partiýa guramaçysy bolsaňam hökman ateist bolmaly eken. Onsoň bir gün Mykgyş partorg ýolbaşçysynyň tabşyrygy bilen Hudaýyň ýokdugyny ylmy-nazary nukdaýnazardan ýüz-ä däl müň göterim subut edýän iri göwrümli makalany ýazypdyr.

Gazedem tabşyryk boýunça Mykgyşyň şol makalasyny neşir edipdir. On müňlerçe tiraž bilen çap edilen gazedi, başga güýmenje bolmansoň gaty kän adamlar okapdyr. Onsoň şol makalany okan adamlaryň birem yz ýany ýogalypdyr-da o dünýä barypdyr. Ol ýerde-de Müňkür bilen Nekir derrew onuň daşyna geçipdirler:

-Sen näme-how, Hudaýyň buýruklaryny berjaý etmän, diňe arak içip gezdiň?

Bethaýbat soragçy perişdelerden elheder alan ol bende gyssanjyna:

-Sebäbi Mykgyş: “Hudaý ýok” diýdi. Şonuň üçin şeýtdim,-diýäge-de ähli günäni hiç zatdan bihabar Mykgyş pahyryň üstüne atypdyr.

Aýdyldy gutardy.

Perişdeler derrew Mykgyşyň kimdigini, Hudaý barada näme diýendigini öwrenmäge girişipdirler. Görseler, hakykatdanam Mykgyşyň “Hudaý ýok” diýýän makalasy ummasyz tiražly gazetde ýalpyldap durmuş. Onsoň bu gabahat hadysa barada perişdeler Hudaýa habar beripdirler welin, Haktagala kätip-perişdesine emr edipmiş diýýär:

-Düşnükli. Onda sizem “Ykballar kitabyna” ýazyň: Mykgyş ýok. Bolmandam.