Dogabitdi mylakatly bolmak, Rebbimiziň ynsana eden serpaýlarynyň içinde iň datlysy.
Näme üçin?
Sebäbi dogabitdi mylakatly ynsan, durmuşda aňsat-aňsat kösenmeýär. Ol özüniň tebigy mylaýymlygy, hoşgylawlygy, dünýä-de, adamlara-da giňden açyk mähirli bakyşy bilen garaýandygy üçin, bahyllygam, bahanasyz ýigrenjem, özgäň ýaman duýgularyndan, gam-gussalaryndan güýç-kuwwat alýan duýgy sorganlygam (otrisatel emosional wampirizm / duýgy gökpersligi / oburlygy, erbet duýgy sorujylyk) ondan asgyn gelýär.
Şermendelikdir bihaýalyk zanny mylakatlylykdan pursatlaýyn üstün çykaýan ýaly bolup görünýän halatynda-da, tebigy mylakatlylygyň özeninde – hamyrmaýasynda ummasyz düşünmeklikdir geçirimliligiň ýatandygy zerarly, uzagyndan daş-töweregiň gözünde ýene-de şerraýlyk, haýasyzlyk ýeňiji däl-de, mylaýymlyk azyz (ýeňiji, üstün çykyjy) bolup çykýar.
Bu zamanda durmuşda abraýly ynsan bolup ýaşajak bolsaň, eger-de Allatagala saňa dogabitdi mylakatlylygy bagyş etmedik bolsa, onda ony ýasama mylaýymlyk, hoşgylawlyk bilen çalyşmaly bolýar.
“Ýok ýerinde bu-da bir zat” diýleni. Şeýtmeseň, iliň gözünden düşmek islemeseň başga alaç ýok.
Emma-ki, ýasama mylakatlylyk onuň tebigy görnüşi bilen deňeşdireniňde kimdir teşne birine şerbet hödürläp, gury suw içiren ýaly bir zat bolýar...
© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Dokuzynjy kitap. – Aşgabat, 2026. Golýazma hukugynda.

Teswirler (8)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň