Biz geçmişe şu günki gözýetimimiz bilen seredip baha berýäris. Geçmişe geçmişiň beýnisiniň içine girip, olaryň ynanjyna ynanyp, olaryň hudaýyna bitip, onsoň baha bermeli... Geçmişde beýik dana ärlerem ýaşapdyr, dünýä pähim-paýhas goýupdyr, emma dünýäniň geçmişiniň weli şol tümlügi. Nadanlyk. Nadanlygyň bolsa aňry serhedi bolmaýar. Men bir mysal getireýin. Fransiýada, Parižde biziň günlerimizde haýsydyr bir örän abraýly tomaşa jaýy täsin konsert programmasy bilen çykyş edýändigi barada gazetlerde bildiriş beripdir. Biletleriň bahasy adatdakysyndan onlarça esse gymmat. Konsertiň ady hem «Ümsümlik». Konsert gijesi tutuş Parižiň elitasy, saýlantgy adamlary konsert zalyna ýygnanýar. Olary konserte getiren biletiň gaty gymmatlygy! Gymmatmy — diýmek gowudyr! Diýmek, her entäp ýören girip bilýän däldir! Saýlantgy adamlaryň konsertidir! Zal kemsiz dolýar. Konserti alyp baryjy çykyp örän medeniýetlilik bilen konsertiň başlanýandygyny yglan edýär. Sahna açylanda ortarada bir pianino bilen bir stul dur. Başga hiç kim ýok. Jemagat garaşýar. Üç minut, bäş minut, on minut. Emma şol bir dym-dyrslyk! Kyrk minut geçenden soň ýaňky alyp baryjy orta gelip,on bäş minutlyk antrakt yglan edilýändigini aýdýar. Jaň bolýar.

Jemagat antrakta çykýar, kofe içen kofe içýär, suw içen suw. Konsertiň başlanýandygyny yglan edip, jaň kakylýar. Ikinji aktda-da şol öňki ýagdaý dowam edýär. Millet bir ýarym sagat gepiň doly manysyndaky ümsümligi diňläp, konserti gurnaýjylara ýeke agyz ýakymsyz zat diýmän, mertebe bilen öýli-öýüne gidýärler.

Eger şol konsert bizde gurnalanda bäş minut geçip-geçmänkä sykylyklap, gykylyklap konserti guraýjylary it alan sanaja döndererdiler. Emma Parižiň elitasy üçin ol aýyp. Olar hatda biri-birine «Bu näme boldugy?» diýip sorag hem bermändirler, sebäp şol sözden abraýyna şek geler ödýärler. Ertesi konserti guraýjydan žurnalist interwýu alyp, «Agşamky konsertiň maksady näme, näme üçin beýtdiňiz?» diýeninde ol:

— Men adamlaryň nadanlygynyň aňry serhedine göz ýetirjek boldum — diýip, jogap beripdir.

Bu Parižde, dünýäniň ösen ýerinde bolan waka!

Geçmiş başga! Pikirleniş başga! Din başga! Dünýägaraýyş başga!

Geçmişde öz aýal doganyna hut öz dogany öýlenipdir. Sebäbi öz zadyňy kesekä berip bolarmy diýen filosofiýadan ugr alnypdyr.

Ynam! Ählisi ynam esasynda! Döwür näçe nadan bolsa, ynsan şonça ynanjaň bolýar.

Nobatguly REJEBOW