Iki garry zenan aýna bakýar. Arkalaryndan habary ýok

Arkalaryndaky elhenjiň ady : WAGT

Wagtyň ganatlary bar. Emma uçup gidenok. Edil arkalarynda garaşýar.

Zenanyň saçynda almaz, gulagynda merjen. Ýüzünde bolsa bütin ýyllar.

Saçyna bir ok dakypdyr, Yşgyň oky. Entegem birine garaşýar.

Egninde bir ýaş gyzyň eşigi, Emma gyz bir wagt gidipdir.

Ýanyndaky aýal gara öwüşgünler içinde, Üstündäki üns çekýän ýeke zat – elindäki bilezik.

Aýnany özüne tutanok. Ähli dersi ýanyndakyny şat etmek.

Aýnanyň arkasynda ýazýar: « Que tal?» ýagny, "Nähili görünýärin"

Aýna jogap berenok. Jogaby suratkeş Goya berýär.

Edil şo pursatda Wagtyň elinde sübse bar, galdyrypdyr, urmagyň öň ýanynda. Almazlar, merjenler... Hemmesini süpürer

Wagt gyssananok. Sebäbi şu güne çenli hiç kim ondan gaçyp bilmedi.

«Nähili görünýärin»- diýip soraýar,

Asyl sorag: «Näçeräk galdy» - dy.


***

Käbir sungat taryhçylarynyň pikiriçe, bezenen aýal Şa aýal María Luisanyň üstüne gönükdirilen satiradyr. Şa aýalyň özi hem Goýanyň portretlerinde saçynda almazdan ok dakynýar.

Rentgen barlaglary holstyň aşagynda has öňki başga bir kompozisiýanyň yzlaryny görkezdi. Goýa bu suraty köne bir suratyň üstünden çekipdi.

Surat çekilen ýyllarynda Goýa altmyş ýaşlaryndady, eşitmek ukybyny eýýäm ýitirip bolupdy. Ol garrylygy daşyndan däl-de, içinden suratlandyrýardy.

Ol henizem «Nähili bolupdyryn?» diýip soraýar. Esasy sorag bolsa: näçe wagt galdy?