Salam, teswirçiler!
Ilki bilen, saýtda gyzgyn garşylanyňyz üçin minnetdarlygymy bildirýärin! Käbir soraglaryma berlen jogaplar esasynda kiçiräjik “Mix” makala paýlaşmagy makul bildim.
Ýeri gelende ýatladyp geçsem, bu meniň saýtdaky ilkinji makalam. “Bir kemsiz gözel bolmaz” diýlişi ýaly, bolup biljek harp ýalňyşlyklary, dyngy belgilerindäki kemçilikler üçin öňünden ötünç soraýan. Mundan başga-da, goşmaça hökmünde belläp geçeýin: bu meniň öz pikirim. Makalany ýyly garşylarsyňyz diýip umyt edýärin...
Indi makalanyň özüne geçeliň.
Häzirki wagtda sosial media platformalary has hem ösüp barýan döwürde “TikTok”, “Instagram”, “Telegram” we ş.m. sosial media mobil goşundylaryndan peýdalanmaýan adam az-az bolsa gerek. Men hem gündelik durmuşda sanawdakylaryň içinden esasan “TikTok” goşundysyndan has köp peýdalanýaryn.
Häzirki wagtda TikTok-da goýulmaýan, görülmeýän zat ýok. Irden ukudan turandan başlap, ýatýança wideo goýýanlar bar. Ýöne meniň ünsümi çekýän mesele başga, ýagny “aşa akyllylar” ýa-da ýönekeý söz bilen aýtsak, heýterler.
Bu topardaky adamlarsyz sosial mediany göz öňüne-de getirip bilmersiň. Bir adamyň wideosyny ýaltanman görüp, gowy bolsun, erbet bolsun, wagtyny gidirip teswir ýazýan adama başga nähili kesgitleme berip bolar? Hamala, sen aşa begenip, ýürek kesel bolaýma diýýän ýaly, aňyrsynda ätiýaçda goýan ýamanlyklaryny, gara günlere goýlan gargynçdyr sögünçlerini aýaman ýazýarlar ahyryn olar. Sebäbi bizi alada edýärler.
Arada bir gyz köprüde aýdym aýdyp, trend bolupdy. Soň bir ýerlerden “Notat dogan” çykdy. Umuman, talantlar kän häzir. Ýöne gürrüňiň esasy oýlanyşmaly ýeri başga.
Meselem, wideoda gara gazan görkezen bolsalar, ana, şol gazan ak ýa-da gara diýlip edilýän jedeller. Hawa, siz ýalňyş düşünmediňiz. Şular ýaly adamlar hem bar. Ýagny, şol zadyň ýagdaýy, görnüşi belli hem bolsa, “ýok, beýle däl, ýok, beýle” diýibem dawa edip bilýärler.
Bu ýagdaý öz başymdan geçýänçä, beýle zatlaryň bardygyny bilemokdym. Indi bolsa göz ýetirdim. Aýdyp geçsem, bolgusyz zatlar ýa-da geň görülýän hereketler, kemçilikli wideo goýsaň, köp “prosmotr” alýar diýlen gürrüň hem çyn ekeni. Muňa hem indi özüm şaýat boldum.
Ýagdaý şeýleräk boldy.
Mende TikTok hasabynda jemi 2 (iki) umumy akkaunt bar. Biri öz şahsy akkauntym, diňe şahsy suratlarymy we ş.m. paýlaşýan, podpisçigi hem azajyk. Soň ikinji akkauntymda bolsa dürli emeli aňda ýasalan atlar bilen baglanyşykly wideolary, doglan gün gutlaglaryny çykarýaryn. Onda bolsa adam sany jemi 10.6K.
Öz şahsy akkauntymda aktiwlik ýokary däl. Iň köp prosmotr alan wideo müňden geçipdi zordan. Arada dürli telefon modelleri — Redmi, Samsung, Honor — üçin Android 17 täzelenmelerini kabul edýän telefonlaryň sanawy hakynda wideo paýlaşypdym. Iň birinji paýlaşanym “HyperOS 4” barada bolupdy.
ChatGPT daýy bilen maslahatlaşyp, bir surat döretdik. Gürrüngiň başlangyjy hem şondan boldy. Sanawda hatda “HyperOS 1”-i hem kabul etmedik köneje telefonlar bar eken. Menem üns bermän, ýalňyş informasiýany patyladyp, akkaundymda paýlaşdym.
Ýatyp, irden tursam, 10 müňläp görülme, birgiden like, soňam örän kän teswir gelipdir. Teswirlerde esasan:
«“Bu ýalan, awtor AI ulanypdyr, ynanmaň.”»
ýa-da:
«“Meniň telefonym 1-nji täzelenmäni hem kabul etmedi, awtor nirden aldyka?”»
ýaly “akylly” gürrüňler ýazylypdyr. Iňlis, rus, fransuz we ispan dillerinde hem ýazylan teswirler bar.
Wideo globala çykdy, häzir bolsa 150 müňden geçdi görülme sany. Dawalar entägem dowam edip dur. Ilkibaşda gyzyklanyp seretdim, indi gyzygy hem gaçdy. Her gezek TikToka girip çykanymda birgiden teswirler üýşüp galýar. Köpüsine düşünemok, sebäbi başga dillerde ýazylýar.
Belläp geçmek isleýän zadym: eger-de şol wideo dogry goýlan bolan bolsa, birgiden görülme bolmazdy, beýle teswirler hem bolmazdy. Häzirki wagtda wideonyň görülme sany gün-günden köpelýär.
Ýönekeý bir ýalňyşlyk gör, nirelere getirip bilýän eken.
Özümä wideolarda ýalňyşlyk ýa-da kemçilik görsem, girip ýazmaga-da ýaltanýan. Sebäbi köpüsinde göze dürtüp duran zatlar bolýar, hemmäniň bilýän kemçilikleri. Ýöne şoňa garamazdan, wagtyny aýaman girip ýazýanlar hem kän.
Ýöne beýleki tarapdan seredeniňde, meniň goýberen ýalňyşlygym adamlary aldamak ýaly hem görünip biler. Ilkibaşda her bir “ýalňyş” diýen teswire: “Ýalňyşlyk menden geçdi, ine, dogry warianty” diýip, suraty ugradyp oturdym. Soň bolsa ýaltandym.
Ine, gürrüňiň şu ýerine gelende, pikirlerimde biraz dagynyklyk bardygyny aňdym. Ýagny, başda gürrüň berilýän ideologiýa bilen soňky jemleme gabatlaşmaýan ýaly.
Aslynda, bu ýagdaý maňa bir zady görkezdi: ýalňyşlygy görmek başga zat, şol ýalňyşlygyň üstünden gülmek başga zat. Adam bir zady ýalňyş goýup biler. Ýalňyşyny görüp düzetmäge mümkinçilik bermek ýa-da dogry maglumat bilen kömek etmek hem mümkin. Emma käbir adamlar üçin ýalňyşlygyň özi däl-de, şol ýalňyşlygyň üstünden gülmek has gyzykly ýaly görünýär.
Elbetde, meniň hem goýberen ýalňyşlygymy aklamak islämok. Ýalňyş maglumat paýlaşylan bolsa, ony düzetmek gerek. Bu ýagdaýda teswir ýazyp, ýalňyşlygy görkezýän adamlara-da belli bir derejede düşünmek bolýar. Ýöne ýalňyşlygy görkezmek bilen adamy kemsitmegiň arasynda tapawut bar.
Umuman, näme bolsa-da, öz pikirimi bildirip geçmek isledim. Soňuny her kim özüçe jemlesin...

Teswirler (13)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...