Şu günler täze bir roman ýazyş usulynyň üstünde kän kelle döwýän.
Iňlisçe ýazsaň: «Reels-roman» bolýar. «Rils» sözi — iňlis dilinden terjime etseň: «dükje, tegek, tüte (катушка, барабан)» bolýar. Bu adalga Instagramda dowamlylygy 15, 20, 30, 60, 90 sekunt bolan, gysgajyk wideoroliklerde beýan edilýän şekilli wakalary aňlatmak üçin ulanylýar.
Bu çeper beýan ediş usulynyň mazmuny, öň dünýä edebiýatynda mälim bolan roman-mozaika, fragmentar roman, zynjyrlaýyn roman, hekaýalardan düzülen roman ýaly usullara çalymdaş.
Bu agzalan proza usullarynyň hemmesinem biri-birine ýakyn edýän esasy alamat, olarda nusgawy (klassyky) linear romandakydan tapawutlylykda, sýužetiň bir çyzyklaýyn (linear) dowamlylygy/beýan edilmesi saklanmaýar. Mysal üçin: roman-mozaikada, tutuş sýužet, dürli-dürli, birbada biri-biri bilen düýbünden baglanyşmaýan bolup görünýän, «biri arapdan, biri şarapdan» diýilýäne meňzeş ýazylan parçalardan ybarat ýaly bolup görünse-de, eseriň ahyrynda olaryň hemmesi bütewileşip, edil sungat mozaikasyndaky ýaly doly hem gutarnykly şekili emele getirýär.
Fragmentar romanda bolsa, diňe bir gahrymanlaryň hem-de beýleki personažlaryň başyndan geçirýän wakalary, olaryň oý-pikirleridir duýgulary beýan edilmän, eýsem dürli çeşmelerden alynmalar (taryhy oçerkler, ensiklopediýalardan kepilnamalar, resminamalaryň göçürmeleri, gazet habarlary, statistiki maglumatlar we ş.m.) çeper sýužetiň düzümine sazlaşykly ornaşdyrylmak arkaly, awtoryň romana siňdiren baş ideýasy hem-de umumy sýužet liniýasy suratlandyrylýar.
Rils-romanyň ýokarda sanalan çeper kyssa beýan ediş usullarynda ýazylan romanlardan esasy tapawudy, onuň parçalary mümkin boldugyndan gysga bolmaly. Edil Instagramdaky rils-rolikleriň göwrüminiň 60 ýa-da 90 sekunda ýerleşişi ýaly.
Bilşime görä, sowatly adam, ortaça bir sekuntda 1,5-2 söz okaýar.
Diýmek, adam 60 sekuntda 90 ýa-da 120 söz, 90 sek-de 135 ýa 180 söz okamaga ukyply. Ýöne okyjy eser okanda, ol türkmen dili sapagynda çalt okamakda ýaryşýan ýaly, demi-demine ýetmän, sözleri skrolling režimde, okseçerden (pulemýotdan) gülle seçene meňzedip okanok — howlukman, süýjüdip, mümkin boldugyndan äwmezeklik bilen «ruhuny şapbyldadyp» okaýar.
Şoň üçinem, meň pikirimçe, rils-romanyň bir epizodynda 90-120 söz bolsa laýyk bolarmyka diýýän. Bu-da hasaplap görsem, ortaça (sebäbi uzyn söz bar, gysga söz bar) A4 formatdaky, standart tesimler bilen, Times New Roman şriftiniň 14-lik ölçeginde, 1-lik setirarasynda, 90 söz bolanda 11 setir, 120 söz bolanda 15 setir bolýan ekeni.
Boljak.
Az göwrüm däl.
Şol möçberdäki miniatýuralar prozada kän.
Ýöne rils-romanyň kyn zady, meniň pikirimçe, her epizody mümkin boldugyndan özbaşdak mini-hekaýajyga (mini-nowellajyga, miniatýura) öwürmek zerurlygy bolaýmasa.
Göz öňüne getirip görüň: 90 ýa 120 söze – 11 ýa 15 setire – kyssa eserine mahsus bolan ähli düzüm bölekleri — giriş (ekspozisiýa), başlangyç (zawýazka), wakanyň ösüşi, kulminasiýa, wakaň çözülişi (netijesi) — sygmaly.
Şol birwagtda-da, rils-romanyň her bir parçajygy/sahnajygy (epizody) «Men-ä mundan wurdum welin, gylyjy, äý, islese, Arapda şaňlabersin-läý ujy!» diýilýän kakofoniýany emele getirmeli däl-de, gaýta tersine, tutuş eseriň ideýasyndan, sýužetinden, many-mazmunyndan daşlaşman, bir bütewi, sazlaşykly kompozisiýany döretmeli.
Özem, rils-romanda, haýsydyr bir, ýekeje hünäriň personažy barada ýazylman, onlarça ugurlarda işleýän, ýaşaýan adamlar, kelteden dykyzja ştrihler bilen «nyşanadan ýelmeýän ok» deý suratlandyrylsa, has dogry bolup, tutuş jemagatyň keşbi, döwrüň keşbi emele gelermikä diýýän.
Kyn zat.
Ýa düýbünden mümkinem däl ýaly boljak bolýan närsemikä?
Meniň pikirimçe, rils-romanda esasy zat tekst.
Hasam şo tekstde agyr zatlar hakda ýazgylaň ýeňil okalar ýaly bolmagyny üpjün edip bolsa…
...başartsa.
Ýöne şumad-a “rils-roman” diýip ýazjak bolup synanyşýan “ýazgylarym” meniň isleýän “rils-romanym” bolup bilenok.
Näme ýazsaň şo bir “däliň belläni demirýol” – klassiki tekst görnüşinde bolýar duruberýär.
Bilemok, ýa demrinden ýa kömründen...
...has dogrus-a “ussasyndan-laý” weli...
Onda-da özüňde günä goýman, ýazygy dilsiz-agyzsyz “janawerler” – kömür bilen demriň, ýagny kagyz-galamyň üstüne atan bolmaly-da.
Äý garaz, göwün diýen-ä däl.
Heh.
Şu ýerde “dile geldi, bile geldi”, göwün islegi bilen bagly durmuşdan bir waka:
Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym däl-de, ýakyn zamanlarda özümden esli ýaş uly bir kärdeşim bardy. Bir gün iş otagyna barsam, stolunyň üstünde iş kagyzlary depe turzup ýatyr. Olaň aňyrsyndan özi zordan görünýär. Özem bende, iş zerarly ýadawlykdan, ukusyzlykdan, ruhy hem ten taýdan maýrylmakdan ýaňa bu dünýe bilen seri ýok. Keýpsiz. Gözleri çym-gyzyl. Ýüzünde «nurmuhammediň yşnagam ýok» diýilýär-ä, hut şo şomat.
Onsoň menem salam berip, edähete görä hal-ahwal soraşdym welin, olam aýdýar:
-Neme jan, jigim, şumat meň göwnümiň näme diýýänini bilýäňmi?
-Ýok,-diýsem, o bende tutusy syrylan penjirä garşy ümleýär-de, ýoldan wazlaşyp iki ýana geçýän ulaglary görkezip hüňürdeýär:
-«Hut şumat, şu müddet, ýeke sekundam säginmän, jinnekçe-de buýtar-suýtarsyz, ikirjiňlenmesiz, şu işem, şu kagyzlaram zyňyp äpber-de, gapydanam çykman, penjireden daşaryk bök, soň haýatdanam aş-da, tä Ýer gutarýança, gaç şu taýdan!» diýýär.
Menem onuň halyna duýgudaşlyk bildirýän kişi, onuň göwnündäkini okap duramsoň, isleýän soragyny berýän:
-A sen onsoň näme diýýäň öz göwnüňe, agam?!
-“Pohuňy iýipsiň, göwünjigim” diýýän: “pohuňy iýipsiň”.
Şol kärdeşimiňki ýaly, meniňem, rils-roman ýazmak meselesinde, «göwünjigim», hut şu pille, hakyýt «pohuny iýip» ýatyr öýdýän-aý :-)…
...gynansamam…
...gynanmasamam...
© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Ýedinji kitap. – Aşgabat, 2025. Golýazma hukugynda.

Teswirler (1)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...