Başlygy “A” harpyny görkezdi-de, ägirt uly talabedijilik bilen, işgärine sorag berdi:

-Bü näme üçin “A”?

-Başlyk, bü bir adaty “A” harpy-da. Şonuň üçin “A” bolaýmasa!-diýip, oňa näme jogap berjegini bilmedik hünärmen görgüli, hamana şo “A”-ň “A”-dygyna özi günäkär ýaly, ýüzüni sallap, zordan myňňyldady.

-Ýo-o! Men oňa düşünýä-ä-n-n!-diýip başlygy süýkdürip gepledi-de, iňňän närazy terzde başyny ýaýkady:-Men senden ony soramo-o-k. Men senden soraýan: Nämüçin “A”?

Işgär bende näme diýjegini bilmedi. Geplemän dursa-da bir däl. Gözi gyzaryp duran başlygyň hasam gaty gahary geljek. Onuň bu mahal näme sebäpden yrsaraýandygam düşnüksiz.

-Başlyk,-diýdi-de, işgär pahyr ýuwdunyp, kynlyk bilen gepe başlady:-Bu harp elipbiýimiziň birinji ornunda duran belgi-dä. Şoň üçinem ony lingwist-filolog alymlar “A” diýip atlandyran bolaýmasalar...

- Ýo-o! Men oňa düşünýä-ä-n-n!-diýip başlygy, hasam jyny atlanyp süýndürdi-de, ýene-de hetjikledi:-Men senden ony soramo-o-k. Men senden soraýan: Nämüçin “A”?

Ýeri, sen indi şuň ýaly ýagdaýda neneňsi pähimli bolaňda-da, ganguýma gözlerini owasyndan çykaraýmaň bäri ýanynda petredip, üstüňe dübläp duran şu belaýy-nägehana näme diýip jogap berersiň?!

Hünärmen neresse, boýnuny hasam içine ýygyrdy. Özüniň hol goltugynyň ýanyndaky bir ýerlerden sesi çala eşidiler ýaly edip jyňňyldady:

-Başlyk, meň özüm-ä bu ugurdan okamamsoň, suwytly bir zatlar bilemok. Özüňiz bilýäňiz, men dilçi dä, himik. Ýöne daş gulakdan eşidişime görä, gadym döwürde adamlar hat-ýazuwy oýlap tapanlarynda, ilk-ä öz agyzlaryndan çykýan her bir sözi bir şekiljik bilen aňladyp başlapdyr. Soňam bu ugurdan kän çorba sowada-sowada akylly adamlar, hat-ýazuwy okap öwrenmek aňsat bolar ýaly, her sesi bir harp-nyşan bilen belgilemegi oýlap tapypdyrlar. Ine şo “A” sesem biziň dilimizde iň köp ulanylýan sesleň biri bolandygy üçin, ony täze düzülen elipbiýiň birinji ornunda goýup, onuň şekilinem ine şumatky görýänimiz ýaly, dik duran adamjygyň keşbinde aňladypdyrlar...

Başlyk onuň sakyna-sakyna aýdan bu uzyn jümlesine seňrigini ýygyrdy-da, dodagyny çöwürdi:

-Ýo-o! Men oňa düşünýä-ä-n-n! Men saňa: “akyl sat” diýemmo-o-g-o-w, jan dowanjan! Men senden ony soramo-o-k. Men senden soraýan: Nämüçin “A”?

Işgär görgüli näme diýjegini bilmedi. Halys kelebiniň ujuny ýitirdi. Soňam “ölsem öleýine” saldymy nämemi, kelam agyz geplemän, söm-saýak lam-jim boldy duruberdi.

Muňa başlygyň hasam gahary geldi:

-Näm gürläňog-ow, jan jiwimjan?! Aýdahyry! Senden bar-a, köçeden geçip barýan bar-a, itiň biri bar-a, soranog-a-how bar-a, bi zady! Jan ýalyjak başlygyň özelenip dur-a-how, öňüňde! Men senden soraýan: bü nämüçin “A”? Diliňi ýuwutmadyk bolsaň, geple-dä bir zatlar, hä?!

Ara düşen dymyşlyk ep-esli wagta çekenden soň, işgär assyrynlyk bilen gözüni göterende, onuň nazary özüne jiňkerilýän başlygynyň bakyşy bilen sataşdy.

Birdenem sabyr käsesi doldumy nämemi, onuň gany depesine urdy.

Sebäpsiz-günäsiz ýerden, ine şeýdilip üstüne çöwjelip durulmasyna, jany dagy ýanaýdy.

Ol özüniň näme edýändigine-de düşünmän, dim-dik bolup dikeldi-de, üstüne abanyp duran başlygynyň göni garaçygyna mäzerdi:

-Ejeň üçin “A”! Düşdüňmi? Bajyň üçin “A”! Düşdüňmi?!-diýip jabjynyp goýberdi. Soňam ýüzüniň ugruna tasanjyrap ötägitdi.

Oslagsyz bolup geçen bu ahwala aljyran başlyk bolsa: “Beh, şü ikarada muňa nä jyn wurd-aý?! Hemişä bir ýuwaşjadan gelen tertiplije janawerdi weli! Birdenkä, sende ýok, mende, morta beýtdi göweräý-daýt...” diýýän şekilde, kibtini gysyp, onuň yzyndan garady durdy. Şol durşuna-da eşidiler-eşidilmez hümürdedi:

-Beh! Adamlaram nähili bolaýypdyrlar-aýt war-a?! Böýle söwünip göwerer ýalaky men ýaňka nämetdim-aýt war-a?! Diňeje çypbakaý-çynym bilen biljek bolup war-a, birje soran zadym: Nämüçin “A”?...

 

© S.Ataýew