Guşlaryň asmandaky erkin uçuşy hakda pikir edip gördüm. Olaryň uçuşy erkinlige däl-de asmandan ýere gaçmazlyk üçin jan howluna çyrpynýana meňzedi.

Ýyldyzlar — asmanyň gümmezindäki deşiklerdir. Ol ýerden ýyldyrap biziň sönüp barýan ömrümize gülýän ykbalyň gözi seredýär.

Durmuşyň manysy hakda sorag bermek akyllylyk däl. Hakyky akyllylyk — ähli jogaplaryň eýýäm aýagyňyzyň astyndaky çüýrän ýaprakdadygyny bilmek.

"Sagdyn akyl" sizi diňe öýden işe äkider. Dälilik we serhoşluk bolsa oturan ýeriňizden bütin älemi gezdirer.

Egniňize geýen gymmatly lybaslaryňyz bilen ýalaňaçlygyňyzy özüňiz ýalylardan gizleseňizem ýokarda Biri bar, Ol siziň ruhuňyzdaky deşikleri we ýamalary görüp otur.

"Näsimfoniki sözleriň orkestri" (terjimeler we özümüzüňkilär)

EdepliGödek