Nazar GULLAÝEW 1936-njy ýylyň 13-nji dekabrynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Suhty obasynda dogulýar. Ol edebiýatçy alym, şahyr, dramaturg, terjimeçidir.
Ol 1960-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty bölümini tamamlaýar. Şol ýylda uniwersitetiň türkmen edebiýaty kafedrasynda mugallym bolup zähmet ýoluna başlaýar. Onuň ilkinji döreden şygyrlary 1954-nji ýyldan, edebi-tankydy makalalary bolsa 1960-njy ýyldan ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda, dürli ýygyndylarda çap edilip başlanýar. Ol ençeme goşgular toplumyndan başga-da “Gözelligiň aşygy”, “Ömür hakda oýlanma”,“Ýag, ýaganak!”, “Il-gün, saňa döneýin” atly goşgular ýygyndysynyň awtorydyr.
Professor N.Gullaýew edebiýatçy alym hökmünde onuň “Gadymdan galan nusgalar” atly kitabynda halkymyzyň gadymy hem orta asyrlar edebiýat taryhynyň möhüm meseleleri seljerilýär. “Leýli-Mejnun hakda söhbet” atly saldamly monografiýasyny, “Nesimi”, “Pähimiň pidasy” atly we başga-da birnäçe eserleri ýazdy. N.Gullaýew dramaturg hökmünde 1980-nji ýylda ozalky Magtymguly adyndaky akademiki opera we balet teatrynda goýlan “Nusaý” baletiniň librettosynyň, 1981-nji ýylda ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda goýlan “Nesimi” oýnunyň awtorydyr. Şeýle hem ol “Pähimniň pidasy”, “Işimden geçsemmikäm,ýa dişimden”, “Gurrumsagyň soňy”, “Döwletýar”, “Çaga häsiýeti”, “Şahyryň bir güni” atly sahna eserlerini hem ýazdy. Onuň “Toý aýdymy”, “Çopanyň toýy”, “Gyz ýüregi”, “Sen täk bir ýana”, “Istemen”, “Türkmeniň’ aýdymlary has hem meşhurdyr. Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi (1991). Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri (1993). Ol 2005-nji ýylyň 27-nji noýabrynda aradan çykdy.
Ussat hakynda ýazylan makalalaryň iň gowusyny şu salgydan okap bilersiňiz. https://atavatan-turkmenistan.com/nazar-gullayew-tesnewinin-koptaraply-zehini/

Teswirler (6)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň