"D... jan" atly, "halal" diýen laýyklyk sertifikatly söýgi gözläp ýören ýigde (indi başy çalaran kişä), çalaja-da bolsa teselli bolar ýaly ýazylan setirler...

Ýaňy dälmi, depä çykyp,
Garşylanmyz bahary.
Neçün indi ýazlar maňa:
Gelse-de bir gelmese-de...


Aramyza söz düşende,
Ýüregime köz düşerdi.
Neçün indi şol gymmatly,
Gelse-de bir gelmese-de...


,,Dolagynda dolanylýan
ýigitlerden'' diýip  söýdüm.
Neçün indi  guwanylman,
Gelse-de bir gelmese-de...


,,Bedew atyn suwaranda,
Ýaplaryň ýakasy bolsam...''
diýip, arzuwlanan
                                        indi,
Gelse-de bir gelmese-de...


Gözýaşymdan çüýresin, goý,
Köýnegimiň ýakasy-ýa.
Püçek! Syldyrmak islänim,
Gelse-de bir gelmese-de...


Zybanlar sözsüzem gezer,
Ynsanlar gözsüzem gezer,
Wadaryg! Jezaň ýowuzy:
,,Gelse-de bir gelmese-de''...


27.04.2011.


© Laçyn Pürjäýewa