Nedir şa türkmenleriň owşar taýpasyndan bolup, ol tutuş gündogar dünýäsiniň iň ahyrky, sözüň doly manysyndaky kuwwatly soltany hasaplanýar. Onuň şalygy gysga wagt dowam etse-de, taryhda goýan mirasy has uludyr. Geliň, gysgaça Nedir şa we onuň mirasyna ser salalyň.
Nedir şaň doglan senesi hakda anyk maglumat ýok. Käbir taryhçylar onuň doglan senesini 1698-nji ýyl, ýene käbirleri bolsa 1688-nji ýyl diýip ýazýarlar. Nedir şa demirgazyk Horasanda ýaşaýan çarwa çopan maşgalasynda dünýä inipdir. Nedir şaň dogduk mekany Deştigerd obasy, ýurdumyzyň Eýran bilen araçäkleşýän serhedinden 130 km çemesi daşlykdadyr.
Nedir şa, Eýranyň çäginde şol ýyllarda dowam eden bulaşyklykdan, gowşaklykdan peýdalanyp, 1736-njy ýylda özüni tutuş Eýranyň şasy diýip yglan edýär.
Taryhçylar Nedir şaň harby paýhasyny onuň goşunlaryndan has netijeli peýdalanmagy başarmagyna baglaýarlar. Nedir şa atly goşunlar bilen bir hatarda däriden ok atýan ýaraglardan hem netijeli peýdalanmagy başarypdyr. Hut, Nedir şaň döwründe ok atarlar onuň goşunlarynyň esasy ýaragyna öwrülýär.
Nedir şaň Demirgazyk Kawkaza, Orta Aziýa, Gündogar Aziýa, Orta Gündogara amala aşyran ýeňişli harby ýörişleriniň netijesinde, onuň höküm süren çäginiň giňişligi Owganystan, Ermenistan, Azerbeýjan, Bahreýn, Gruziýa, Hindistan, Eýran, Türkiýe, Yrak, Türkmenistan, Oman, Pakistan, Özbegistanyň çägini tutuşlygyna ýa bölekleýin öz içine alypdyr.
Nedir şa bary-ýogy on bir ýyl dowam eden şalyk döwründe özüni gündogaryň beýik serkerdesi hökmünde ykrar etdirmegi başarypdyr. Nedir şa öz ýakyn goragçy sakçylary tarapyndan 1747-nji ýylda öldürilýär.
Taryhçylar P.Aweri, G.Hembli we Ç.Melwiliň ýazan “Kembrijdäki Eýranyň taryhy” (The Cambridge History of Iran) atly kitabynyň ýedinji tomunda, Nedir şa barada “Aziýa yklymynyň iň soňky beýik harby serkerdesi” (the last great Asiatic military conqueror) diýip ýazypdyr.
Öňki Safawit şalary Tahmasp II we soltan Hüseýinden tapawutlylykda, Nedir şa beýik hökümdar bolsa-da, ýönekeý durmuş ýaşamagy saýlap alypdyr. Ol adaty, ýönekeý geýimleri geýipdir, köpçüligiň iýýän tagamlaryny iýipdir. Ol kaşaň köşk durmuşyndan we meýlisinden gaça durupdyr. Nedir şa hemişe özüniň aslynyň sada maşgaladan gelýändigni bilen buýsanypdyr. Onuň köşk taryhçylary hem bu barada ýazypdyr.
Şeýle-de Nedir şa, öz harby ýörişlerini barada taryhçylaryň giňişleýin ýazgy etmegini islemändir. Sebäbi, şeýle edilse, ol özüniň söweş meýdanyndaky ajaýyp harby taktikalaryny beýleki hökümdarlaryň göçürjekdigine güman edipdir.
Öňki SSSR-iň Kommunist Partiýasynyň Baş Sekretary Iosif Stalin Nedir şa hakda ýazylan eserleri okapdyr. Stalin Nedir şa haýranlyk bilen garap, ony rus hökümdary IV Iwan bilen bir hatarda özüniň halypasy hasaplapdyr. Ýewropada Nedir şa Aleksandr Makedonskä (Alexander the Great) deňelipdir. Meşhur fransuz imperatory Napolýon Bonapart ýaş wagty Nedir şa barada okap, oňa haýran galypdyr. Şeýle-de Napolýon özüni “täze Nedir” hasaplapdyr. Galyberse-de Napolýon “Ýewropanyň Nedir şasy” diýlip atlandyrylypdyr.
Ussat ýazyjymyz Tirkiş Jumageldiýewiň 1989-njy ýylda neşir edilen “Gara ýyldyrym” atly taryhy romanynda Nedir şa barada hem-de şol döwürdäki taryhy wakalar beýan edilýär.
NEDIR ŞAŇ PORTRETI
Nedir şaň 1740-njy ýylda çekilendigi çak edilýän portreti häzirki wagtda London şäherindäki Britan Kitaphanasynda (the British Library) saklanýar.
Londondaky Britan kitaphanasyna baryp gören mahalym, bu portreti ýakyndan synlapdym. Ine, şol meşhur portret.

Nedir şaň portreti (saklanýan ýeri: Britan kitaphanasy, London ş, suraty düşüren: Beýannama)
Potretiň üstüne ýerleşdirden ýazgyda şeýle sözler bar: “Nedir Şa, Persiýaň (pars ülkesiniň) soltany. Bu portret Bengal welaýatynyň öňki häkimi Henry Vansittart tarapyndan Hindistandan getirildi, hem-de onuň ogly Nicholas Vansittart tarapyndan 1822-nji ýylda Gündogar Hindistan kompaniýasyna (The East India Company) sowgat berildi. Suraty çeken suratkeş – näbelli.”
"GYLYJYŇ ZÜRÝADY..."
Bir rowaýata görä, Nedir şa söweşde ýeňlişe sezewar duşmany Deliň (Hindistan) soltany Muhammet şadan gyzynyň öz ogly Nasrulla bilen durmuş gurmagyny talap edipdir. Muhammet şa ýazan jogabynda, Nedir şa şeýle diýipdir: “meniň soltan neslinden bolan şa gyzym bilen durmuş gurmak isleýän adam özüniň ýedi arkasynyň han-soltandygyny subut etmelidir.” Gazaplanan Nedir şa oňa şeýle jogap gaýtarypdyr: “Baryň Muhammet şa aýdyň. Nedir şaň ogly Nasrulla, gylyjyň ogly we gylyjyň agtygydyr. Ýagny, Nasrulla diňe bir ýedi arkasy däl, eýsem ýetmiş arkasyna çenli gylyjyň zürýadydyr...”
Sag-salamat galyň.
*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.

Teswirler (7)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň