Edebiýat jemgyýetçiliginde bir-biri bilen bagly iki ýagdaý meniň ünsümi çekdi.

Birinjisi tankyt. Eserdäki säwlikler, bärdengaýtmalar, çig-çarsylyk ýa harsallyk barada edilýän tankydy bellikler onuň awtoryna köplenç ýakymsyz täsir edýär. Ýogsa, awtor tankydy belligiň ýerliklidigini, onuň  ýagşy niýet bilen edilýändigini bilýär. Tankyt edýäniň göripçilikden ýa päliýamanlykdan etmeýändigine, tersine, onuň pikiriniň ahyrnetijede özi üçin haýyrlydygyna akyly ýetýär. Barybir kemçiliginiň ýüze çykarylmagy oňa hoş ýakanok, hezilini alýar. Eger şeýle bellikler metbugatda çap ediläýse, awtor öz ýanyndan tankytça garşy gizlin uruş yglan edýär, käte ony duşman okunýar. Gepiň keltesi, awtor özüne peýdaly zady halamaýar.

Ikinjisi öwgi. Bu meselede ýagdaý tersine. Şowuna düşen bir setirini ýa şirelije söz düzümini öwüp gör, tarypa mynasyp kiçijik delil bilen mahabatyny ýetir, bular awtoryň gulagyna ene hüwdüsi ýaly eziz eşidilýändir. Çişirip-çişirip, asmana uçurarsyň, goltugyna garpyz gysdyryp, bäri-bärde goýmarsyň. Awtor bolsa, gitdigiçe gabaryp barýandyr. Ýogsa, ol öwginiň bolşundan has beter ulaldylýandygyny bilibem durandyr, ýöne öwgüden ýüz öwürmez. Şol öwgä göwün beren awtorda ösüş bolmajagy, gaýta, pese düşjegi Aý dogan ýaly aýdyň. Öwginiň ulusy-kiçisi ýok, hemmesi awtora belli bir derejede zelel getirýär, kest edýär. Öwginiň zyýanyna awtoram her kimçeräk düşünýär. Barybir öwginiň öňünde durup bilenok, gitdigiçe onuň lezzetine maýyl bolýar. Täze eser döretmäge ruhlandyrýanam bolsa, bu esasan öz zyýanyňa çapmak. Bir söz bilen aýdylanda, awtor özüne zyýanly zady halaýar.

Barypýatan paradoks!

Näme üçin beýle bolýarka? Meniň pikirimçe, muny awtoryň içki dünýäsiniň inçeligi, duýguçyllygy bilen düşündirip bolar. Dörediji adam nermenäzik bolýar. Ol ynjygrak, öýkelek, kineçil. Sähel artyk sözem ýokuş degýär, dünýesiniň gapyşyp, agdar-düňder bolmagy üçin uly sebäp gerek däl. Şol bir wagtda-da ol elmydama hoş söze mätäç. Hemişe özüne, ýazan eserlerine üns berilmegine garaşýar. Her näçe köp okasa-da, her näçe sowadyny çyksa-da, her näçe gözýetimi giň bolsa-da, ol öz eserleri barada öwgüli sözleri lükgeligi bilen kabul etmäge taýýar. Öwseň ynanýar, tankyt etseň ynanasy gelenok.

Çeper döredijilik bilen iş salyşýan adamlaryň uçdantutma ählisi şeýle diýsem, öte geçdigim bolar, ýöne olaryň aglabasyna şu häsiýet mahsus.

Adaty durmuşda, adamlaryň özara gatnaşygynda hem şular ýaly ýagdaý kän gabat gelýär. Elbetde, bu zanny häsiýetler bilen bagly. Adamzadyň ýasawy, tebigaty şeýle.

 

Mart, 1996 ý.

Kakamyrat ATAÝEW. "Mozaika" kitabyndan.