Öňem aýdypdym: käriň hukukçy bolsa gapyňy gowulyk geňeşi bilen kakýan ýok diýen ýaly. Edil lukmanyň işiginden teni keselläniň gelşine çalymdaş, hukukçynyňam bosagasyndan durmuşy dertlän garaýar. Hemme zat gülala-güllük bolsa hiç kimiň ýadyna lukmanam düşmeýär, hukukçam. Bir gün gijara işden gelsem öýde garyndaşym, aýaly bilen otyr. Hal-ahwal soraşylandan soň ol möhletleýin harby gullukdan täzelikde gelen, ýigrimi bir ýaşly oglunyň goňşy obadan halaşýan gyzyny alyp gaçandygyny jibrinip gürrüň bermäge başlady.
Bu ýagdaý türkmençilikde görülmedik taňlyk däl. Dessura görä ýaşululary alyp, tanapyna towusgan gyzyň öýüne töwella barypdyrlar. Gyzyň ata-enesi gaharjaň, gyňyr, bisabyr adamlar eken. Töwellany alman, yzlaryna it salyp kowup goýberipdirler. Özem: “Bizde mundan beýläk beýle gyz ýok. Ýüzümizi ýere salandygy üçin şol aýbygadym salatydan geçdik. Hamana ol ölenmiş-dä. Hamana diri ýitig bolanmyş-da. Hamana ol asla dogulmanmyş-da...” diýip, lowlap-lowlap ýanaýjak bolýarmyşlar.
Onsoň garyndaşymam özi mugallym, häsiýeti ýuwaş adam, aýaly ondanam beter mylakatly. Maňa maslahat salýarlar:
-Bi beýdip-how, gelniň öz atasy öýi bilen gatnaşman ýörse, nesip bolup agtyklaryň bolsa olaram babaly-mamalykalar babasyz-mamasyz ýaly bolşup ýörseler, niçik bolar-aý?-diýip maşgalabaşy bende, göýä men onuň özüniňem aňy ýetip duran zatlaryny ýüzümiň ugruna aýyl-saýyl edip biljek, paýhasy bilen bir gyly deň ikä bölen Anuwşirwan Adyl dek, menden haraý isläp, gözüme-gözüme bakyp, naýynjar delmirýär.
Men näme diýeýin?
-Garaş,-diýdim.
***
Aý aýlandy. Ýyl ötdi.
Ýaňky alnyp gaçylan heýýaty uçmuş bilen alyp gaçan edermenden üç çaga dünýä indi. Üçünjisinde babasy bilen mamasynyň ýüreginiň doňy çözüldi. Türkmençilik dessury – gyzlaryna täze agtyklary üçin sallançak sowgat berdiler.
Toýlaryna, “agtyk ýaşy uzyn bola” barsam, garyndaşym märekeden çeträge süýşüp, ýanymda ýazylyp-ýaýrap oturyşyna pyşyr-pyşyr edip, begenjini paýlaşýar:
-Äý jigim, siz hukukçylar bir ýaman köpi gören adamlar-ow! Şonda gyzlaryna ýüz bermezler, ömralla-da bagyşlamazlar öýdüp öte iňkise gitdim. Hernä gelnejeň saňa maslahat salmagy ýadyma düşüräýdi. Senem: “Garaş!” diýip göwünlik berip, sabyrly bolmagy ündäp, uzagyndan olaryň akar suwuň daşy gemrişi ýaly öz-özlerinden ýazylyp ötägitjekdiklerini aýdyp, göwrümimizi giňedäýdiň. Hanha, diýşiň ýaly, hemme zat allanäme boldy gitdi. Indi olar gyzlary bilenem, biziň bilenem äbede-jüýje...
Garyndaşym şatlygyny paýlaşyp, şo-o-l gürläp gidip otyr. Menem daşymdana-ha sesimi çykarman baş atyp, onuň “häsini” ýetirýän. Içimdäki durmuş tejribesinden doglan köpbilmiş müňkürligem öz-özünden sowuklaç pyşyrdaýar: “Garaş...”.
***
Aý aýlandy. Ýyl ötdi.
Bir gün işden gelsem, ýene öňümde ýaňky garyndaşym bilen aýaly otyr.
Näme bolupmyş?
Ýaňky alyp gaçyp öýlenen ýaşy otuz bäşden geçen ogly, bir ýerden ikinji heleý tapynypmyş-da, indem öýüne gelmän, şonuňky-da bolýarmyş. Çagalarynyň eklenjinem başyndan bulap urup, gazananyny şol ýurtýykan jelebiniň syrtyna çyrşaşaýarmyş...
Men näme diýeýin?
-Garaş,-diýdim.
***
Aý aýlandy. Ýyl ötdi.
Tiredeşleriň üýşmeginde ýaňky garyndaşym bilen sataşdyk welin, ol ýene özgelere eşitdirmezlige çytraşyp, pessaý hümürdi bilen, oglunyň gazanjynyň üzül-kesil kemelendigini, şol sebäplem onuň: “ikinjim” diýip, “Ýerde goýsam ys bolýar, Gökde goýsam pos” edip, apalap, zeminde-asmanda goýmaga dözmän ýören küntüsiniň oňa ýüz bermän, syrtyna depip öýünden kowandygyny, onuňam ýenjilen güjük ýaly horugyp yzyna dolanyp gelendigini, indem gelni ikisiniň agzybir ýaşaýandyklaryny, özüniňem, aýalynyňam muňa Hudaýa müňde bir şükür edýändigini gürrüň berdi.
Maňa-da özüne durmuşyň bu jygba-jyg öwrüminde tagapyl etmek, gahar-gazaba ýol bermezlik barada parasatly öwüt eýläp, kyn ýagdaýdan çykalga tapyp berendigim üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Men ýene sesimi çykarman, näme diýilse tassykladym oturdym. Içimdäki köpbilmiş sesem ýene pyşyrdady: “Garaş...”.
***
Aý aýlandy. Ýyl ötdi.
Dynç güni eltelefonyma jaň edip, ýaňky garyndaşym maslahata geldi.
Nämemiş, kyrk ýaşap geçse-de ulalyp oňalmadyk ogly gaharlanan bolup, sene-mene edenlerinde aýalyna el göteripdir. Ýetginjek oglam ejesiniň arkasyny alypdyr. Onsoň olam ony suwasalma ýenjipdir. Şeýdibem aýaly, çagalary bilen atasy öýüne gidipdir. Iki hepde bärem “kes-kelläm dolanjakgäden” otyrmyşlar. Bu-da aýaly bilen iki bolup gudalaryna töwella barsa, olaram:
-Bizar bolduk. Indi dulumyzda çüýresin. Süýt-gatyklaşmalam bolsa, süzme-gaýmaklaşmalam bolsa aýrylyşdyrjak-da, günde irden ölüp, öýlän ýa ikindide direlip ýörmän, bir sapar-da ymykly ölüp, kellagyrydan dynjak,-diýip, niýetlerini juda ýaman bozuga tutýarmyşlar.
-Nätsekkäk?-diýip ýaşy altmyşdan öten garyndaşym ýene neresse çaga ýaly ýüzüme delmuryp bakýar.
Ýeri näme diýjek?
-Garaş,-diýdim...
***
Ýene ýarym aý ötdi.
Ýaşuly garyndaşym jaň edip, agtyklarynam alyp gelniniň dolanandygyny aýtdy.
-Görseler beýlebir hezilligem ýokdur-da. Üç sany jahyl oglan-gyz agtyklary bilen bilelikde depesi çalaran gyzlaryny ekläp-saklajak bolsaň, öýüňdäki ogul-gelin agtyklaryň bilen olary oňuşdyrjak bolsaň, garnyňy güne serlip ýatylýan elpe-şelpelik däldir-dä,-diýibem ol bende, gahar üstüne özüniňkini dogry edip, heşelle kakýana degdi-gaçdy gyltyzrak hüňürdedi.
Menem telefonda käte bir “hä-hawasyny” berip diňläp durun. Içimdäki köpbilmişem ýene pyşyrdaýar:
-Garaş... Ölmänkäň: “gowy ýaşadym” diýme. “Erbet ýaşadymam” diýme... Oňarsaň asla gürleme... Ölmänkäňem... Öleniňden soňam... “Tamda gulak bar” diýleni, birdenkä eşitmeli däl garaýürekli, her gepiňe aslyşyp bilse “geçisi üçem guzlaýan” biri eşidäýmesin...
© S.Ataýew. Bilenjelerim... Durmuşy esseler ýygyndysy. – Aşgabat, 2026.

Teswirler (14)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...