Wagt.

Göräýmäge çäksiz ýaly.

Emma beýle däl.

Adam durmuşda käbir zatlaryň gadryny wagtynda doly duýup bilmeýär ekeni. Muny öz durmuş tejribämden bilýän. Ýigrimi ýaşlaryňdakaň, wagtdan köp zat ýok ýaly görünýär. Emma, sen şonda-da hemişe alňasap, ýetişip bilmän geçersiň. Bizde bir aýtgy bar – dokuzyny düzüw etmek. Muny başaraýmak juda kyn.

Özüm-ä kyrk ýaşyma ýeten mahalym, wagtyň nähili gymmatly we tapylgysyz hazynadygna göz ýetirdim. Şol pursatdan bäri, her bir ýigrimi dört sagady başardygymdan peýdaly geçirmäge jan edýän. Mahal-mahal öz-özüme igenýän: wah, käşgä wagtyň şeýle gymmatlygna has ir; ýigrimi, otuz ýaşlarymdakam düşünsedim.” Ýöne näme, “soňky tüýkülik sakgal ezmez” diýilýäni.

Durmuşda, her zady öz wagtynda edip bilseň gowy. Emma näme, adamyň kyrk ýaşdaky akly, adatça ýigrimi ýaşlaryndaka bolmaýar. Aklyň goýalyşmagy we durmuş tejribesi diňe ýyllaryň geçmegi bilen köpelýän zat. Men häzirem özümi durmuş kerwenini doly sypdyran, ondan gijä galan hasaplamok. Ýöne näme, käbir zatlara has ir göz ýetiren bolsam, başgaça hereket ederdim.

Siz, mähriban okyjylara-da maslahatym, wagtyň gymmatyny biliň. Siz eýýäm bu barada habarlysyňyz, okansyňyz, eşidensiňiz. Emma, ýatlatmak aýyp däl. Gürrüň ynsan durmuşyndaky iň esasy, iň gymmatly zat bolan wagt hakda bolsa, onda her gün ýatladanyňa-da degýär.

Wagt ynsana nesýe däl-de, nagt berilýär. Özem çäkli berilýär ekeni. Gymmatyny bilmeklik biziň özümize bagly.

 

LÄLIK (KÖRPE) ÇAGA

Sizem oýlanyp görensiňiz. Adatça maşgalaň körpe çagasy lälik bolýar. Ene-atasy her niçik tertip-düzgüni öwretmäge çalyşsa-da, körpe çaga ululardan tapawutlyrak bolýar ekeni. Bu ýagdaý umuman şeýle. Elbetde kadadan çykmalar bar. Ony inkär etmeýärin.

Meniň durmuşymda-da ýagdaý şeýleräk. Işden öýe gelemde, ähli çagalarym gapyda “hoş geldiň, kakam jan” diýip mylakatly garşylaýar. Emma körpe welin, eýdýä-beýdýä öz diýenini etdirmegi başarýar ekeni. Belkem munuň sosiologiki ýa psihologiki sebäpleri bardyr. Çak edýän. Men sosiolog (jemgyýeti öwreniji) däl. Jemgyýeti öwrenijiler muny ylmy esasda has gowy düşündirerler.

Ähli çagamy her näçe deň söýmäge, deň tutmaga çalyşsamam, birhili körpe çaga köp babatda çalaja tapawutlanýan ýaly. Islegi başa barmasa, ýanyňa gelýär, özüni saňa söýdürýär. Ýene diýeni olmasa, ejesiniň ýanyna barýar. Soň ejesi maňa aýdýar. Ahyrynda-da körpäň diýeni gögerýär.

Birhili, göwnüme bolmasa, körpe çagam lälik ýaly. Daş-töweregimdäki tanyş-bilişlerimiň çagalarynyp özüni alyp barşyna üns bilen seredýän. Olaryňam adatça körpe çagalary lälik (läligräk). Eger ýeke çaga bolsa, olam adatça läligräk ulalýar.

Çaganyň lälik ulaldylmagynyň geljekde diňe özüne däl-de, onuş maşgalasyna, çagalaryna, we umuman jemgyýete-de belli bir derejede oňaýsyz täsirini ýetirýär. Adam näme, özüne, öz bolşuna görä maşgalasyny taba salýar. Ynsan gatnaşyklarynda umuman şu läliksiretmek, lälik meselesini göz öňünde tutmaly. Sebäbi, lälik ulaldylan adamyň özüni alyp barşy, beýleki adamlar bilen gatnaşygy tapawutly bolýar. Lälik ulaldylan adamlar jemgyýete uýgunlaşmakda (beýleki adamlara garanyňda) kynçylyk çekýärler. Meniň pikirimçe, bu mesele maşgala we ynsan gatnaşyklarynda ähmiýetli mesele.

Aý garaz, körpe çaga bir hili ugruny tapaýýar. Belkem, bu dogabitdi berlen ukypdyr. Bilmedim. Okyjylaryň arasynda geljekde maşgala gurjak ýaşlarymyzyň bardygyny bilýärin. Esasanam şolar üçin öz tejribämi paýlaşmak isledim. Özlerini ruhy-aň taýdan şol pursada has çeýe, has gowy taýýarlarlar ýaly. Maşgalaly, çagalary bolan okyjylar bolsa näme diýjek bolanyma bireýýäm düşünendirler.

“DÖRT ÖRÜM SAÇLY”

Bu gezekki ýazgymy, halap diňleýän aýdymlarymyň biri bolan, ussat Annaberdi Atdanowyň ýerine ýetiren “Dört örüm saçly” aýdymynyň gaýtalama bendi bilen jemleýärin. Bu aýdymy häzire çenli birnäçe beýleki aýdymçalaram ürç edip ýerine ýetirdiler.

 

"Dört örüm saçly,

Eý galam gaşly,

Görmedim sen deý,

Akylly-başly...”

(Awtoryň belligi: “Dört örüm saçly” aýdymynyň sözlerini ýazan: şahyr Täşli Gurbanow.)

 

Sag-salamat galyň.

 

*BELLIK: Bu ýazgyda ýerleşdirlen surat emeli aň bilen taýýarlanyldy. Emma, bu ýazgyň teksti ýazylanda emeli aň tehnologiýasyndan hiç-hili ýagdaýda peýdalanylmandygny aýratyn nygtamak isleýärin. Bu ýazgy, başdan-aýak bir oturyşda ýazylyp, size ýetirilýär. Ýazgydaky ähli grammatiki ýalňyşlyklar; forma taýdan säwlikler; wakalaryň gowşak beýan edilşi; kemterräk gelýän ýerleriniň jogapkärçiligi maňa we diňe maňa, ýagny awtora degişlidir.