Sen gideňsoň dymdym.
Dymmaly däldim.
Ýöne gürlämde-de bolmazdy nepi.
Adyňy gaýtalan gijelem kändi,
Uludan dem alyp, agyrdyp çepi
Diňe agyrtmadym, aglatdym telim
Didelem çykardy gözýaşy daşa.
Eý, meniň gorkudan lal açan dilim,
Beýle ahwalata duşupdyň haçan?!
Gün dogýar,
Aý dogýar,
çalyşýar günler
Men bolsa küýseýän öňküje Aýy
Wah, meň ejem deýin gaýgyçyl dilber,
Ertire nähili ünjüleň taýyn?!
Ýöne çydajak bol, hem almajak bol
Çydaman jaň etsem 12-de, 1-de.
Göreşsek geçiler geçilmejek ýol,
Sähel aýralyklar bolmaýar kimde.
Seniň üçin galdym, gitjekdim ýogsa
Aýralykdan başga çykalga kändi.
Wagtymyz kän ýaly, bagtymyz bolsa
Sebäp, bu iň soňky netije däldir...
© Ylham GURBANALYÝEW
***************************

Teswirler (1)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň