Neýlerem bu gözni, ol ýaryma nazar bolmasa,

Neýlerem bu dili, ol zikrinde zäkir bolmasa.

Oda ýansyn jan ile köňlüm, eger minnet tutup,

Her jepa ýarym sarydan gelse, şäkir bolmasa.

Zahyda zuht ile jennet hasyl olarda ne sut,

Kim neter sen jenneti, ýar anda häzir bolmasa.

Wasyly-didar bolgum diýp, temenna kylmasyn,

Her kim Eýýup dek belakeşlikde sabyr bolmasa.

Girmeen yşkyň ýolyna hamylyk birle galar,

Pugta bolmas, kim ki bu ýolda mysapyr bolmasa.

Diýmesin din üstide men häkimem şöwket bile,

Nebs ile şeýtana höküm etmekde jabyr bolmasa.

Gaýyby, segretmesin at magrypat meýdanynda,

Älemi-magnyda yrfan içre mahyr bolmasa.

**********

Köňlünde bolgaly yşky-habyby mähriban peýda

Kylypdyr çeşmeler ýaly gözüm aby rowan peýda.

Ýakar men jismi-janymy, özümi bikarar eýläp,

Kylyp Kaknus dek, derdim odundan ýüz pygan peýda.

Köňül yşkynda şeýdadyr, dilim zikirinde guýadyr,

Weli tapmas jemalyn, göz görürge bir zaman peýda.

Edip perýady bir ýoly pidaýy-jan kylgaý men,

Güneş dek perdeden ýarym çykyp, bolsa aýan peýda.

Neteý bu dert ody birle köýer janym pyrakynda,

Wysal eýýamyndan tapman, diläp namy-nyşan peýda.

Bu köý içre ýakyn bildim meni öltürmeýen goýmaz,

Ýüregimden hararatlar besi boldy ýaman peýda.

Niçe kim, Gaýyby, janym gyýnar men, ýar rehim etmez,

Düşer köňlüme wehm, ondan bolup ýüz-müň güman peýda.

Mahmyt Gaýyby