Bir tanşym, neýrosete öz at-familiýasyny berip: “Şu zaňňar kim? Näme bilen meşhur?” diýen soragy ýazypdyr. ChatGpt-i hem, tükenen bir ýaranjaň aldawçy. Onuň bolan bolşy, haçan görseň gallýusinogen tabletkadan otuz sanysyny birden atyp, psihodeliki dünýäde gezip ýören mysaly. Iki ýarym sahypa edip, onuň özüniň ýa-da onuňka meňzeş at-familiýaly biriniň aýatda-gaýypda bir ýerde bir ady internete düşen bolsa, çöpläp, sazlap, öwüp-öwüp ony asmandan asyp goýupdyr. Özem ýazan sözleriniň barysam akyllydan-akylly, ylymlydan-ylymly gepler.

Onsoň bu görgülem onuň algoritminde: “hiç kimiň göwnüne degmeli däl, diňe öwmeli” diýen mizemez elektron buýrugyň ýatandygyna düşünmän, begenip uçaýjak bolýar. “Asyl, men şonuň ýaly üýtgeşik täsin adam ekenim! Ynsanyýetiň haýryna gaýran oňotçylyklarym dagy, meni ýöne-möne dardanam asmaga dözmän, äkidip hut Jomolungmanyňam çürbaşyndan asyp goýaýmaly derejä eltipdir eken-ä!” diýene meňzeş ýerindengelme permanent (birsyhly dowamly) eýforiýada (heýjaneleklikde).

Bu ýagdaýy açyklap, neýrosete birnäçe şonuň ýaly sorag ýazyp, olaryň jogaplarynyňam äheň, mazmun, hörp, beýan ediş taýdan ekiz guzlan towugyň ýumurtgasy ýaly hutma-hut meňzeşdigini görkezdim.

Şu aýdyň subutnama bilen keýpini döwdümem welin, menden gaty gördi.

Indem kine saklap ýör.

Menem diýýän içimden: “Menden nä öýkeleýäň? Git-de özüňi aldan neýrosetden öýkeled-ä...”.

 ***

 Neýroset-döredijiligi bilen bagly ýene-de bir waka:

Bir gün dostumyň ýanyna bardym. Ol käri bilen baglanyşykly kompýuterden gowy baş çykarýar. Bir döwür, heniz bu ugurdan ussalar azka, kompýuterem obalarda geçen asyryň 80-90-njy ýyllarynda wideomagnitofonyň bolşy ýaly, hem-ä baýlygyň simwoly, hemem seýreklikler içre saýyrdyňyka, kompýuter ussaçylygy bilenem meşgul bolup, gazanç eden bolupdy. Ýöne, «ýykylsaň ýere ýapyş» diýleni, onuň bu ussaçylygyndan gazanjy, mellekdäki belli-küllije ýyladyşhananyň berýän girdejisiniň segsenden biriçe-de bolmady. Bu pişe bilen gazanç edip güzeran aýlajak bolmagam, ülhit açlykdan soň çigit çigitläp garnyňy doýurjak bolýan ýaly bir zada çalym edipdi.

Garaz-haý, gepiň küle ýeri, dostumyň kompýuterden başynyň çykyşy o diýen ýaman däl. Onsoň meniň dostumyň ýanyna barmak nesibämiň çeken şol günlerem «neýroset» diýilgen, hemmäň nämedigini bilýän, ýöne hiç kesiňem nädipdigine ibaly aň ýetirmeýän näjüreligi nämälim närsesiniň jemagat içre ýoň bolup başlan günleridi. 

Täze tapylan jäjek – her kes munda surat ýasap ýatan haýsy, oňa goşgy, hekaýa düzdürip ýatan haýsy, köne fotosuratlary owadanladýan ýa-da olary gysgajyk 10 sekuntlyk wideoklipde direltdirýän haýsy...

Umuman, her maýmyn girisine ilen hozuny özüçe oýnap, güýmenýär.

Dostumam öz kompýuterine neýroset goýupdyr. Oňa-da, ilkä-hä haýsy temadan bolmalydygyny, içinde nähili düşünjeleriň ulanylmalydygyny sargyt edip goşgy düzdüripdir. Soň ol goşgyny saz bilen bezäp aýdyma öwürdipdir. Ondan soňam özüniň smartfonundaky wideorolikleriň birini neýrosete berip, onuň üstüne-de ýaňky aýdymy ýazdyryp, klip etdiripdir.

Barsam, gözüni ýaşardyp ýaňky neýrosete ýasadan wideoklibini diňläp, oňa tomaş kylyp otyr. Özem bir melul, bir heýjanelek... Hamana, bu sungaty neýroset däl-de hut özi, sözünem, sazynam, ssenariýsinem gijeler ýatman, gözüniň köküni gyryp döreden ýaly...

Ilkä-hä gülkim tutdy.

Soradym:

-Dost, muny näçenji gezek gaýtalap-gaýtalap, doýup bilmän diňläp otyrsyň?

-Ýüzünji,-diýdi dostum.

Soň dostumyň bolup oturşyna dözmedim. Gyýyldym. Nebsim agyrdy. Içimdenem oýlandym: «Bäh, bi döredijilik diýlen zadyň adamzat üçin şo kadar özüneçekiji, humarala ahramy zatdygyn-aý! Başaranam meşgullanjak munuň bilen, başarmadygam. Her kesiňem öz döredeni, öz ýazana-ha özüne çoh guzel welin, hatda özi ýazman, özi döretmän, öz adyndan kimdir birine döretdirip, öz ýanyndan özüni aldap, kesekiň zehininiň şol aldawaç-miwesini özüniňki hasap edensiräp oturanda-da, islendik “kontrafakt (galp önüm)” awtoryň, Stalin akgamyz aýtmyş: «üstünlikden ýaňa başy aýlanyp», öz-özüne heýjanelek hüwwet edip oturşyny diý-ä sen! Meger, gadym-müdim patyşalaram şahyrlaryň hatap kimin açylan agzyna gysymlap teňňe guýup, öz atlaryndan olara goşgy, kitap ýazdyranlarynda şunuň ýaly duýgulary başdan geçirýän bolsalar gerek...».

Ondan soň özüm haýsydyr bir zadymy ýazyp bolup, onam öz ýanymdan «şowly çykan» diýip syzanymda on iki süňňümi gaplap alýan ruhy eşret ýadyma düşdi.

Soň ýene-de dostumyň:

-Dost, seret, diňle! Diňlesene muny! Muňa seredä-how, nähili üýtgeşik gowy boldy!-diýip täze oýnawaç sowgat edilende begenýän çagajyga dönüp, öz «goşgusyna» döredilen öz «aýdymynyň», öz «wideoroligini» gaýtaladyp-gaýtaladyp, meniň bilen bilelikde «begenmäge» ymtylyp durşuny ummasyz haýpygelme bilen jyňkymy çykarman synladym. Kyrk ýylky dostlugyň hatyrasyna dostumyň göwnüni eger-eger ynjydasym gelmedi. Ýöne...

Dostum bu wagt bu «döreden şedewrini» maňa sereşläp başagaý. Emma-ki oňa näçe gynansam-da, onuň özgäň ýanynda gülkünç görünmegine-de, gözgyny görünmegine-de men-ä ömralla yrza däl, boýunalyk däl...

Şonuň üçinem kompýuter ugrundan edil dostum ýaly «ussa» bolup görmedigem bolsam, menem bujagaz «öýüň üçegine dyrmaşyp, «onuň içinde kim näme bilen meşgulka» diýen bilesigelijilikde tüýnüginden jyklap» gören kişi. 

-Bir munt, dostum,-diýdim-de, dostumy kompýuteriniň başyndan turzup, ornuna özüm geçdim. «Syçana (joýstige)» ýapyşybam, ony «şykgyldadyp», ýene neýrosete ýamaşgan sargyt edip, derrew oňa täze «goşgy» düzdürdim. Edil dostumyňky ýaly äheňde. Edil dostumyňky ýaly düşünjeleri, leýtmotiwi, kapyýalary, ideýanam şol «goşgynyň» içinde ulanmagy «emr eýledim». Soň şol goşguny saza goşup ony audioklibe öwürmegi tabşyrdym. Öwürdi. Şol bir äheň. Şol bir motiw. Şol bir türk sazy, türk sesi, türk aýdymy, türk aýdym aýdyş tempi...

-Düşündiňmi?-diýip dostuma nebsagyryjylykly garadym.

Dostum ýokary bilimsizem bolsa, meniň ýaly ýylda iki ýüz kitap okamaýanam bolsa, meniň ýaly onlarça kitap ýazmak ýaly bihuda pişelere gümra dälem bolsa, ymgyr tebigy üşükli, aýdyň tebigy zehinli, juda, juda, juda üýtgeşik, naýbaşy paýhasly ynsan. Şonuň üçinem «düşündim» diýen terzde seza çykarmas baş atdy.

-Biri-birine birme-bir meňzeş zatlar adamlaryň deregine esasan awtomatik enjamlar, indä-hä «akylly» robotlar işleýän zawodlarda öndürilýär. Senetden sungat bolmaz, konweýer bolsa hatda senedem däl...-diýip men gamgyn hüňürdedim...

Içimdenem oýlandym: «Ýene aňry gitse on ýyl... Okuw edebiýaty bilen ylym üçin-ä eýýäm ynsan paýhasy, zehini düýbünden gerek däl boldy... Şondan soňa-ha sungat üçinem, senet üçinem biz gerek däl bolarys... Sekuntda roman ýazýan, isle şygyrda, isle kyssada... Sekuntda saz ýazýan, isle opera, isle rok-ballada... Sekuntda Rafaele-de, Rubense-de, Mane-de, Rembrantda-da poh iýdirýän nakgaşlyk eserini döredýän... enjam, gural barka, on ýylda bir eserini zordan nagyşlaýan ýekebara ussany, ol nägadar ussat bolanda-da kim başyna ýapsyn-aý?!»...

Ine şeýle gardaşlar, ine şeýle...

 ***

 Alym dostlarymyň biri degişgen. Haçan görseň özünden bolan-bolmadyk gülkünç wakalary oýlap tapyp ýör. Arada bir gezegem gabatlaşanymyzda, hemişeki bolşy ýaly, öz «wezipe borçlaryny» ak ýürekden berjaý kylmaga çyr-çytyr çytraşýan ähli kakalar deýin, ýetişen çagalarymyzdan zeýrenmäge başladyk. 

Dilimiz bilen-ä käýinýäris. 

Ýüregimiz bilenem olaryň hatda şonuň ýaly manadüşmezlikleri, keçjallyklary, küteklikleri... umuman «biz – kakalaryna çeken ähli emer-damarlary» bilen assyrynjadan pynhanja, bassyr-ýussurja öwünýäris.

Onsoň alym-dostum zeýrenjini dowam edip aýtdy:

-Bularyň-how indi ýatan çöpi galdyrmaga ýaltananlara-ha ýaltananlary, hatda beýnilerine-de agram salaslary gelenog-a! Oglum ýokary okuw mekdebiniň 2-nji kursunda okaýar. Onsoň bir gün öýe gelip: «Kaka, neýrosetiň has güýçli, her aýda tölegli görnüşini satyn alyp, kompýutere goýaýaýyn?!» diýýär. Men: «Näme etjek? Başyňa ýapjakmy? Bahasy näçe?» diýip ony sorag-okseçerine tutup ugrasam, aýdýar: «Okuwda 3 sany okuw dersinden: «Her aýda azyndan 15 sahypalyk referat ýazyp getirip tabşyryň» diýdiler. Neýrosetsizem bir onça sahypany nädip ýazyp soňuna çykjag-aý, kaka?». Men maňlaýyma şapylatdym-da, uludan demimi aldym. Gaharym köşeşýänçä, ýüňi ýeten psihiatrlaryň maslahat berişi ýaly, içimden ona çenli sanadym. Köşeşmedi. Bassyr on gezek ona çenli sanasamam köşeşerli däl. Ýöne, her niçigem bolsa çagam-da, özüme basalyk berip gygyryp başlamazymdan öň hüňürdedim: «How, jan oglum! Seniň kakaň bolup dogulmak maňlaýyma ýazylan ine men bar-a, ola-ha hiç hili neýrosetsiz sahypa baryny ýazmak eken, ömrümde hiç haçan okamadyk Magtymgulymyň düýbünden okamadyk goşgularyny seljerip 150 sahypalyk dissertasiýa ýazyp, alymam boldum. A sen bolsa bir oýnam sahypalyk nutugyň gürrüňini edýäň...».

Dostumyň gepine gülüp hezil etdim. (Ol elbetde özüne kinaýa bilen çemeleşip degişýär. Hakykat-da ol Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň tas togsan göterimini diýen ýaly ýatdan bilýär).

Heh.

«Okamadyk kitaplaryň hakynda sagatlap söz sözlemek sungaty» diýene meňzeş bir kitabam bardymy?!...

 

© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Dokuzynjy kitap. – Aşgabat, 2026. Golýazma hukugynda.