Elbetde. Ol (Akmyrat ŞIROW) göçüp gelmek üçin üçünji gezek hem maňa maslahat saldy, sebäbi ikimiz talyplykdan duz-emekdik, dostduk. Men oňa ýerli ýagdaýlary düşündirip ugradym. Ol: «Men indi gelmesem bolmaýar, çagalarym başga millet bolup barýar, men oglumyň türkmen gyz almagyny, gyzymyň türkmen ýigidine durmuşa çykmagyny isleýän...» diýdi. Men oňa: «Çagalaryňy kanikula ugradyber» diýip, köne heňňamymy sypdyrmadym. «Akmyrat, sen ýene bir roman ýazsaň, dört-bäş ýyl Leningradda bolsaň, şu işleýşiň ýaly işleseň, sen Döwlet baýragyny alarsyň, sen Leningradda birinji derejede görülýän ýazyjylaryň biri, a bu ýere gelseň ikinji derejeli bolarsyň... Hiç bolmanda, seni öz ene dilinde ýazmaýar diýip kemsiderler» diýdim. Ol uzak oýlanyp oturyp: «Nobat jan, men ýaramok» diýdi. Men: «Niräň agyrýar?» diýip soradym. Ol sag böwrüni — bagryny görkezip: «Meniň Türkmenistanym agyrýar» diýdi. Nämedendir, bokurdagym hykga doldy. Ikimiz arak başynda onuň göçüp gelme meselesini çözdük...
Men dünýä hemişe real seredýän adam. Akmyrada çyr-çytyr gelme diýmegimiň birnäçe sebäbi bar. Birinjiden, eýýäm Akmyrat Leningradda hem Moskwada tanalýan, ykrar edilen ýazyjydy. Onuň Leningradda şu ýyl bir kitaby çyksa, täze ýyl Moskwada bir kitaby çykýardy, soňky ýyl Leningradda... Diýmek, ol soýuzda uly aýlawa giren ýazyjydy. Eger ol Türkmenistana gelse, eýýäm ol Moskwada kitabyny çykartmak üçin nobata durmalydy, nobatda bolsa azy ýaryp giden, kitap çykartmaga ussat ýazyjylar oňa nobat berjek däldi. Ikinjiden, ol dünýä edebiýatynyň, sungatynyň tas merkezinde ýaşandan soň, pikirlenişiniň diapozony giňdi, çuňdy, masştaby uludy. Üçünjiden, ol hyýalynda, pikirleniş dünýäsinde türkmeni keramatlaşdyrypdy. Taryhyny kemsiz bileninden soň türkmeni ideallaşdyrypdy, eger ol şol ýerde Oguzhan romanyny ýazyp gutaranlygynda, ol roman beýik roman bolmalydy. Dördünjiden, ol ýaňy soýuz edebiýatynda tanalyp, dünýä edebiýatynyň çäklerine gadam basyp ugrapdy... Ol geldi, şeýlelikde, ony prowinsial ýazyjynyň boş duran ornuna kabul etdiler. Ol ýaňadan türkmene özüni tanatmaly boldy. Ynha, Akmyrat şu zatlardan geçdi, nämäniň hatyrasyna, bagrynyň ornunda agyryp duran Türkmenistanyň hatyrasyna.
Nobatguly REJEBOW

Teswirler (3)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň