Daňa golaý azyk dükanynyň işiginde hümer bolup duran märekä bir adam goşuldy. Ol çyranyň ölügsi yşygynyň astynda duranlara birlaý göz aýlady-da:
– Nobatyň soňy kimkä? – diýip sorady.
Ýaşy durugşan biri oňa jogap berdi:
– Soňy men. Hemişe ir gelýärdiň welin, sen bu gün gijä galdyň-la? Ýatyp galypsyň öýdýän?
– Çakyň çykmady, ýaş-şuly! Men asla ýatmasam näme! Gije ýarymdan agansoň, ýag satylýan dükana gidip, nobata durdum. Bu gün çigit ýagy satyldy, adam başyna bir litr!
Bu habary eşidip, duranlaryň ählisi birlikde ah çekdi.
– Häzir gitsem ýetişermikäm? Nobat känmi? – diýip, bir aýal inçe umyt bilen sorady.
– Nobat-a çaksyz kän boldy. Ýöne gutardy. Dört sagat nobata durup, men zordan alyp ýetişdim, biliber özüň.
Märekäniň ýüzüne kül urlan ýaly boldy. Ýag alan adam olara göwünlik berdi:
– Indiki hepde ýene ýag beriljekmiş diýdiler. Ýöne irgözinden äwmeli. Azyndan dört-bäş sagat nobata durmasaň, ýetjek gümany ýok.
– Bir litr ýag üçin bäş sagat kän dälm-aý? – diýip, biri nägile seslendi.
Gapdalynda duran aýal oňa şo bada jogap gaýtardy:
– Baýak towuk buduny alty sagat nobata durubam aldyk.
Beýlekisi:
– Geçen aýky şekeriň nobatyny aýtsana sen! – diýip, at goşdy. – Bir kile şeker üçin ýassynlar gelip nobata durşumyza Gün doganda paýymyzy aldyk. On sagatdanam köp durduk, öläýmedik!
– Dogry aýdýaň! – diýip, gürrüňdeşi ony goldady. – Sagat nämemiş, gyz! Näçe duraňda nä, ahyrynda ýetmejek bolsa! Adamlaň sabry tükenipdir, nobatyň gelende alybilseň, kanagat et-de, otur-da!
Galjaňlygy kesesinden görünip duran bir adam söz nobatyny alyp:
– Menem telim mahal bäri ýatamok – diýdi. – Gije-gündiz nobata durup, oňly ukymam alyp bilemokdym. Şükür, indi bir oňat, aýak üstünde durkam uklamagy-da öwrendim, asyl hezil edinäýdim. Ynansaňyz, şu gün ir bilen gidip, ilki-hä keselhanada üç sany lukmana, soňam iki dermanhanada nobata durdum. Ynha, indem bärde. Gün dogansoň, nesip bolsa, ýene keselhana gidip nobata durmaly.
– Biz dagyn iki sagat benzine nobata dursagam nadylsyran bolýas, şükür etmeli ýerimiz kän-ow – diýip, başga biri pallap durşuna özbaşyna hümürdedi.
Onuň gapdalynda duran gyrçuw sakgally, epeý kişi pursatdan peýdalanyp öwünjek boldy:
– Ýogsa näme! Ynha, özümiz-ä haja gitmek üçin on iki ýyl bäri nobata durus, şonda-da näşükür däl.
– Onyň hiç ahyryn! – diýip, orta ýaşlaryndaky adam ahmyr bilen könäni ýatlady. – Öňki adamlaň kanagatyny diýsene! Haýran galaýmaly. Ine, kakam pahyr maşyn üçin on dört ýyl nobata durupdy. On dört ýyl! Nobaty ýetip gelýärkä-de, pahyr öläýdi. Ýene ýyl ýarym gaýrat eden bolsa, ýetjegem ekeni.
Saçlary çalaran bir aýal gorky bilen:
– Waý-eý, toba! – diýdi. – Biziňem jaý nobatyna duranymyza şonçarak ýyl bolandyr. Nobatymyz ýetmänkä öläýermikäk?
– Maňlaýdyr, görübiris – diýip, uzynak arryk kişi uludan dem aldy. – Işe girmek üçin nobata ýazylanyma bäş ýyl boldy. Ýene bäş ýyldanam pensiýa çykmaly. Şondan öň nobatym ýetäýse!
– Wah-h, sen ony aýdýaň, meni diňle! – diýip, başga biri zeýrenjek boldy welin, dogumy sesinden belli oral aýal onuň sözüni böldi:
– Hany, goýuň, gowy gürrüň ediň! Ýagşy umytda boluň, hemmesi nobaty gelende bolar özi – diýdi.
Duranlar: “Dogry-da, dogry!” diýşip, muny tassykladylar.
Şol wagt bir ýaş ýigit ýüzüniň ganyny gaçyryp gelşine, nobatyň öňüne geçmekçi boldy.
– Sen nirä sokulýaň? – diýip, ony goýbermediler.
– Men häli, ine, şu daýzaň yzyndan nobat belläp gitdim.
– Biz-ä seni görmedik. Nobat bellän bolsaň, durmaly ekeniň-dä! – diýişdiler.
– Gaýraky dükanda ýumurtga berilýän eken. Şoňa gidäýdim-dä. Edenim haýp boldy, nobatym ýetmedi – diýip, ýigit mysapyr gepledi.
Oňa nebsi agyran tapylmady. Gaýtam:
– Kim saňa iki ýerde nobata dur diýýä. Bir ýerde durup, nobatyň ýetse kaýyl bolmaly! Garagyň aksyn! – diýdiler.
Ýigit boýnuny sallap, nobatyň yzyna geçdi. O ýerde duranlaryň biri oňa akyl berdi:
- Sen beýdip kösenip ýörme. Men saňa bir emel öwredeýin. Ine, biziň maşgalamyzda bäş adam bar, herimiz bir ýerde nobata durýas, sizem maşgalaňyz bolup şeýdiň.
Golaýdaky metjitden azan sesi eşidildi. Agzy jäheksiziň biri ýeser ýylgyryp:
– Ertir namazynyň wagty boldy. Kim okaýan bolsa, gidip biler. Metjitde nobat ýok – diýdi.
Hiç kimiň nobatyny taşlap gidesi gelmedi. Üç-dört kişi edil dil birikdiren ýaly: “Öýe baryp, kazasyny alaýarys. Täretimiz ýok” diýişdiler. Bir ýaşuly bolsa:
– Ony kaza goýup ýörmeris. Nirede okaňda näme! – diýdi-de, duran ýerinde donuny ýazyp, namaz okamaga başlady.
Howa ýagtylyp ugrady. Bir adam ukuly gözlerini süzüp, sagadyna seretdi-de:
– Hemişeki açýan wagty boldy ahyryn. Bi näme, bu gün bizi aç öldürjekmikä? – diýip gygyrdy.
Şuňa garaşyp duran ýaly, dükanyň demir gapysy içinden şakyrdap açyldy-da, et basan müdiriň ýüzi göründi. Ol nobata duranlara göz gezdirip durşuna:
– Adamlar! – diýdi. – Biraz tagapyl ediň! Biziň dükanymyzam ed-dil siziň şu ýerde durşuňyz ýaly, çörek zawodynda nobata dur. Ýagny, siz üçin çörek getirmeli maşyn ilkagşamdan bäri gijesini gündiz edip, ukyny harama çykaryp, hä-ä, azap edip nobatyna dur. Nobaty ýetip, ynha, çörek alyp geler welin, gyzgyny bilen her kime öz nobatyna görä, ýetdiginden paýlarys.
Ortagürpde duranlaryň içinde şilliň boýly biri ýüzüni esgi ýaly agardyp, was-wasa düşdi:
– Wä-ä, o birden, o ýaňky maşyna nobat ýetmedi-dä? Şonda nätmeli? Biz aç ölmelimi?
Muňa dükan müdiriniň çaksyz gahary geldi. Ol sandyrap durşuna:
– Adamlar! – diýdi. – Şular ýaly netikaza lal aç diýip bolanokmy? Niýeti düzüw bolmasa, agzyňdan al kaksyn diýip bileňzokmy? Asla päk ýürekli adamlaň nobatynda şular ýaly päliýamanyň näme işi bar?
Dükan müdiriniň gahary şo demde nobata duranlara geçdi-de, olar şilliň boýlynyň daşyna aýlandylar, aman-zamanyny bermän, nobatdan çykaryp kowdular.
Aprel, 2006-njy ýyl. Mary.
Kakamyrat ATAÝEW. "Ýolaýryt" kitabyndan.

Teswirler (11)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň