Nury BAÝRAMOW

Aýdymlar

Seniň üçin!

Gel, läläm,

Niýetlän güllem açyldy,

Gel, kirpiklem bilen daraýyn saçyň.

Aýly gijeleri gurban eýledim,

Seň üçin,

Seň üçin,

Diňe seň üçin.

Penjiräň öňünde Aýy alma dek

Şahadan asaýyn isleseň haçan.

Tylla Güni gülýakalyk saýladym,

Seň üçin,

Seň üçin,

Diňe seň üçin.

Isleseň ýaz ýagşy bolup ýagaýyn,

Ýel bolup öpeýin otagyň için.

Bagyňda bilbiliň bolup saýraýyn,

Seň üçin,

Seň üçin,

Diňe seň üçin.

Ne “bolýa” diýýärsiň,

Ne “ýok” diýýärsiň,

Gözleriň güldürip, dymýarsyň neçün.

Özge gyzy,

Özge güli söýmedim,

Seň üçin,

Seň üçin,

Diňe seň üçin!

 

 

 Gelmediň

Bägül ekdim, gunça açdy,
Gül ýolmaga gelmediň.
Baglarymda iýmiş bişdi,
Näzli ýarym, bilmediň.

Gaýtalama:

Läläm, seni altyn Aýyň
Ýalkymyndan gözleýän.
Joşly derýaň şelpe kakýan
Tolkunyndan gözleýän.

Däli köňlüň aýdymyna
Diň salmaga gelmediň.
Aýnaňyzdan ogryn bakdym,
Birje nazar salmadyň.

Baýra çykdym, dünýä bakdym,
Köňlüm karar tapmady.
Näzli ýarym, kän garaşdym,
Mende köňlüň ýokmudy?

1970 ý.

Nury BAÝRAMOW.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy.