NVIDIA kompaniýasy adam şekilli robotlara adaty wideoýazgylar arkaly adamlardan takyk başarnyklary öwrenmäge mümkinçilik berýän GR00T 2 açyk emeli aň platformasyny tanyşdyrdy.

Täze neýron tory 100 müň sagatdan gowrak wideo binýadynda okadyldy. Munuň saýasynda algoritm adamyň hereketlerini tanamaga we olary gaýtalamaga ukyplydyr. Synaglarda model bary-ýogy bäş gezek görkezilenden soň 95% üstünlik görkezdi, bu bolsa işläp düzüjileri çylşyrymly el sazlamalaryndan boşatýar.

Bu tehnologiýany eýýäm dünýä hojalyk ägirtleri barlap görýärler: Foxconn ony emeli aň serwerlerini ýygnamakda ulanýar, Siemens bolsa zawodlaryna ornaşdyrýar. GR00T 2-niň çykmagy täze işleri çalt öwrenmäge ukyply köp ugurly robot-kömekçileriň peýda bolmagyny ýakynlaşdyrýar.