Annasoltan KEKILOWA

Men  ýola düşýärin, gidemok  ýalňyz,

Meniň  bilen asyr  barýar  ädimläp.

Kükreginde syrlar  gizlän  topragym,

Gyzykly  gür  berýär  pikirlerin jemläp.

 

Meýmiredip  bu  gyzykly  gürrüňler,

Ýaş  juwan  kalbymy  gurşap  alsa-da,

Ýok, hiç  wagt  dönmen  uzak  ýollardan,

Saçlam  agarýança  hemra  bolsa-da.

 

Men ölsem-de, ölmez,  ýaşar  asyrlar,

Men ölsem-de, ölmez, ýaşar  nesiller.

Meni  ýagşylykda  ýatlasa  biri,

Ömrümden razy,

Diri men, diri!

 

 Biz ýöräp  barýarys

 

Ýöräp  barýas. Ýöräp  barýas  ikimiz,

Şagalaňly giň şähere  syn  edip.

Sen  maňa bakaňda  meň  ýaş  ýüregim,

Üçjak  bolýar, al-asmana  meýl edip.

 

Sen  maňa bakaňda meň  ýaş  ýüregim,

Ganat  kakýar    ymaratlaň  üstünde.

Sen  maňa  bakaňda  meň  ýaş  ýüregim,

Ýüzüp  ýördi  goja Kaspiň üstünde.

 

Arzuwlarym pel-pelläp  ýör  gözlerde,

Görmek  isläp  täze-täze  ýerleri.

Ah, doganlar, maňa belli  bolsady

Nätanyşlaň  ýüreklerniň  syrlary.

 

Biz  ýöräp  barýarys  öýmüze  sary,

Seň  maňa  gür  berýäň  jandan   syzdyryp.

Hä  bersem-de, göwnüm  daglar  başynda,

Ylham  joşýar  gyzyl  ganym  gyzdyryp.

 

Eger-de ylhama  boýun  egmeseň,

Aýlar  bilen ýyllar  menden  öýkelär.

Eger-de   ylhama boýun  egmeseň,

Ýollar bilen  iller menden öýkelär.

 

Biz  öýmüze  ýetdik. Düşdi  garaňky,

Sen  ýatyrsyň  gülli  ýorgana  bürenip.

“Rahat ýat!”  diýp, dileg  edýär  hüwdüläp,

Daşardaky belent  çynar  yranyp.

 

Meni  bolsa  ylham  saldy  duzaga,

Men  göwrämi  seň  ýanyňa taşladym.

Kalbym  joşup, uzaklardan uzaga, --

Giň  jahana  seýil  etmäge  başladym.

 

Aýlanyp  ümmülmez  giň  sährany,

Bagra  basdym  uç – gyraksyz   düzleri.

Gözel-gözel şäherlerden  göründi,

Uklap  ýatan  adamlaryň  ýüzleri.

 

Gara  baglar  süýji  uka  batypdyr,

Eşidilenok   bilbilleriň  nagmasy.

Hüwdileýär  şagalaňly  şäheri,

Şahyr  ýüregimiň  şowhunly  sesi.

 

Ana, birden  gündogardan  gyzaran,

Ýalyn  ýaly  bolup  şapak  göründi.

Eý, ylhamym, ýyldyrm dek  çalasyn,

Kalbymy  ýaryma  eltiber  indi.

 

Aýlansam-da  ylham  bilen  seýl  edip,

Görülmedik  täze-täze  ýerleri.

Ýok,ýok! Enteklerem  belli däl maňa,

Nätanyşlaň  ýüreklerniň  syrlary.

 

Goşgy  ýazdym, uzak  gije  ýatmadym,

Kalbym  hemra  boldy  uzak  ýollara.

Oýlanýaryn  ünji  edip  bir  zady,

“Ýazan  goşgym  ýararmyka  ilime?”

 

Ine, şeýdip, ir  ertir  hem  giç  agşam,

Poeziýa  deňzinde  dem  alýaryn  men.

 Seni ýalňyz  goýan, nädeýin  ýarym?

Ozalda  näme  üçin  meni  söýdiň sen?

 

Daňam  atdy. Hossarlarym  gygyrdy,

Gizlendi  asmanda  iň  soňky  ýyldyz.

Essalawmaleýkim, eziz adamlar!

Ir  bilen sag-aman  turduňyzmy  siz?

 

 

Ýadygärlik galsyn

 

Serediň,  adamlar, sözleýär  asman,

Sözleýär  seslenip  mawy  bulutlar.

Serediň, serediň  baksaňyz  her  ýan,

Sözleýär  seslenip  bägüller, otlar.

 

Derýalar  möwüç  urýar,deňizler  joşýar,

Tolkunýar  ol , mawy  asman  tolkunýar.

Tolkuna  ýyldyzlaň  suraty  düşýär,

Serediň  dostlarym, güneş  galkynýar!

 

Toplanyşyp  gökden  uçýar  durnalar,

Saýraýar serçemen  baglaň  guşlary.

Ganatlaryn  gerip  geçýär  durnalar,

Seslenýär  daglaryň  belent  başlary.

 

Bat  bilen  silkinip  sözleýär  Watan,

Näletläp  ol  elhenç  atom bombasyn.

Ynsanlara  gülüp gözleýär  Watan,

“Eşitmek  islämok” diýp, bombalaň sesin.

 

Gaýtalaýar  muny  enem-mähriban,

Gaýtalaýar  çagalar  dürli  dillerde.

Atom  bilen  ýandyrylsa  bu  jahan,

Aýdyň  ahyr, mekan tutjak  nirede?

 

Goý, güneş  parlasyn, tebigat  gülsün,

Ynsanlaň  öňünde  çöksün  ol  dyza.

Biziň  döwrümizden ýadygär  galsyn,

Päk  parahat  asman  nesillerimize!

 

 

Arzuwlarym

 

Men rahat  ýatyryn  şirin ukyda,

Durmuş hüwdüleýär  sallançagynda.

Meniň  bilen  arzuw  ýatyr  ukuda,

Duýgularymy  gizläp  giň  gujagynda.

 

Käte öpýär, käte  bagryna basýar,

Arzuwlarym  gijeler oýnap  meň  bilen.

Gudratlar  baş  egip, şemal  öwüsýär,

Ana, şonda ýola  düşýäs  daň  bilen.

 

Kalbymda  bir  owaz  barha ýaňlanyp,

Şirin mukamyna  bent  etdi  meni.

Arzuw  bilen  şol  mukama  diň  salyp,

Geçirýäris  ýol  üstünde  her  güni.

 

Arzuwlar, arzuwlar, baky  ýoldaşym,

Men siz  bilen  döredýärin, gurýaryn.

Umytlaryň  gaýnap  çykýan  gözbaşy—

Menzillerden-menzillere barýarys.

 

 

Göçüp  gitdik

 

Göçüp  gitdik ýanyňyzdan, ezizim,

Gül  açanda  bagyňyzyň   almasy.

Göçüp  gitdik ýanyňyzdan,  ezizim,

Eşidilende  bilbilleriň  nagmasy.

 

Altyn ýaprak  şahalarda  seslenip,

Güýz  gelende gelerin men  beslenip.

Galdyr  ýüzüň, gara gaşyň  göreýin,

Çygly  gülden çemen  sowgat bereýin.

 

Gapyňyza  gezdiremde  gözümi,

Gol  bulady  howlyňyzyň  üzümi.

Penjreden  gördüm  gülli  keçäňiz...

“Ýaryň  seni  söýýär” diýdi  köçäňiz.

 

Pyntyk açyp  obamyzyň  tutlary,

Ülpüldeşip  suwly  ýabyň  otlary,

Öwsünişip  şemal bilen  bileje:

“Ýaryň seni  söýýär” diýdi  çalaja.

 

Kemerli dag  seredip  dur, gol  bulap,

Gel-gel, oglan, ýere bakma  öýkeläp.

Ugrat, ýarym, lälezardan  ýöräli,

Gelerin men  garalanda garaly.

 

 

Biz olary  gözläris.

 

Iňrik garalanda daş  çykdy  aýal,

Oýlandy, köp  dymdy, gör,näme  hakda?

Kölgeli  bulutlar  elhenç  ses  edip,

Paralandy  birden elhenç  ses edip.

 

Ýok, şonda-da  tisginmedi ol  aýal,

Diňe  dymmak bilen  gynandy  jany.

Umytly  gözlerin  alsa  dikip,

Synlady  gaýtadan  gözel  asmany.

 

Goý, ýyldyrm çaksyn, gopsun harasat,

Bu  ýolda  hiç  tupan gorkuzmaz  ony.

Gözlär  ol  ömürlik  umytly  gözler,

Urşa  giden äri  bilen  ogluny.

 

Ol  günleri, heý,  unudyp, bolarmy,

Biz  niçik gyşlapdyk  ýyly  gyşlary?

Nirä  ýitirim boldy, gizlendi  nirde,

Kyrk  ikinji  bahar, kyrk  ikinji  ýyl,

Ýetginjek   ýigitleň  ýylgyryşlary?

 

“Ýene-de  şol  hakda, uruş  barada,

Ýatlamany  bes  edýäris, belki  biz”.

Men  köplerden  eşidipdim  bu  sözi,

Diýdiler: “gozgamaň ýaralarmyzy”.

 

Bu dogry. Biz  gördük  ol hakykaty,

Gerdende  göterdik  urşuň  özüni.

Soň  ekranda  hem romanda, goşguda,

Irmän ýatlaýarys  ol  gaýly  güni.

 

Belki, indi  ýatlamany  bes  edip,

Sözlemmize  goýýarys  biz  nokady.

Ýöne  bu  nokatlar  köpeler, lowlar,

Ýanar-da  ýatladar  ol  hakykaty.

 

Goý, bu  mukaddeslik ynsan  ýüregne,

Ebedilik  aýdym bolup  ýazylsyn.

Ölenleň  gaýraty  diriler  üçin,

Watan goragynda  görelde  bolsun!

 

***

Gör, iller  birýana  howlugyp  barýar,

Kim  dostunyň, kim ýarynyň  ýanyna.

Maňa  bolsa  garaşýan  ýok dünýäde,

Şonda-da  ýol  söküp  barýaryn  öňe.

 

Diňe  hol  öňümde garantga deýin,

Hemra  bolup  barýar  ýalňyz  maksadym.

Diýýän  ol: “Şol belent  daglara  çykyp,

Bu  jahana göz  ýetirip  baksadym”.

 

 

Myrat  bilen Gülälek.

 

Ýoluň  öwrüminde  dur  äpet  gaýa,

Göýä  dünýämize  bergili  ýaly.

Iri halplar  bilen  ýylçar  göwsüne,

Ýazylypdyr “Myrat bilen Gülälek”.

 

Adatdaky  ýaly gündi  ol günem,

Dünýe  parahatdy, durudy  asman.

Göýä  gözellige  gark  bolan ýaly,

Durdy bu  gaýada   iki   ýaş  juwan.

 

Ah, olaryň arzuwy niçiksi giňdi...

Ýigit  başarmandy  pikirin jemläp.

Diňe  şeý diýipdi, gysgajyk  sözde,

Gyzyň  ýogyn saçlaryny  gysymlap:

 

-- Sen  meňki bolarsyň...

                    Toýumyz  bolar,

Bu  gözleri  öperin  men  ömürlik.

Bize  sorag  galar  ajap  ýyllardan,

Eşretki  ýaşaýyş  hem  mydam  birlik.

 

Şonda gyz  gülküsi  daglara  dolup,

Batly  ýaňlanypdy jadyly  ýalak.

Hawa, şol gün ýazylypdy bu  ýazgam:

Iri  harplar – “Myrat  bilen Gülälek”.

 

Olaryň  duýgysy gözeldi  şeýle,

Durmuş!

Romantika!

Gaýgy – gam  ýatdy,

Aýralyk  diýen  zat  ýatlanylmazdy.

Ol söz  söýülmeýän, elhenç  bir  zatdy.

 

Emma  olar  duşuşmandy  şondan  soň,

Ýigit  urşa  gitdi, aýralyk  geldi.

Diňe ýylçar  goja  gaýaň  ýüzünde,

Umytly  ýazylan  ýazgylar  galdy.

Ýoluň  öwrüminde  dur  äpet  gaýa,

Delminiň  birine  garaşýan  ýalak.

 Iri halplar  bilen  ýylçar  göwsüne,

Ýazylypdyr “Myrat bilen Gülälek”.

 

 

Meniň  göreçlemde  kakam  ýaşaýar.

 

Ol  ýatyr. Ýan berip  krowatynda,

Onuň  agras başy ýerden galanok.

Lenç  bolan  ökjeler, ysgynsyz  dyzlar,

Ýöremek  isleýär, ýöräp  bilenok.

 

Ynjalyk  tapmaýar  şirin janyna,

Ýassygyn  gujaklap  agýar-da, dönýär.

Göýä  oň  göwnüne  ýelek  düşekçe,

Synanyň  astynda  göwreýär,  ýanýar.

 

Elinde granat, bagryn ýere  oýkap,

Gar  üstünde  söweşip  barýar  ol  ýene.

Bombalar  ýarylyp, tüteýär  zemin.

Ýalaňaç  döşlerde  gülleler   gyzyp,

Sanaýar  ençeler  iň  soňky demin.

 

Käsi  arkan, käsi ýüzin  ýykylşyp,

Ýatyr,  ine, ene  süýdin  emenler.

Merdemsi  kükregin  al-gana  boýap,

“Watan!”  diýip  gözün  baky  ýumanlar.

 

Eňräp  ak  bultlar, garalýar asman,

Bagry  bilen süýşüp  barýar ol  ýene.

Gam çekýär  sähralar, aglaýar  düzler:

“Adam  ajal  zyňýar adam  üstüne.

 

Barýaryn  ýanyňa, sypaýan  başyn,

Diýýän: “çaý  demledim  tursana,  kaka!”

Kakam  ses berenok, titreýär  kakam,

Ýetişiň, adamlar, bu  niçik  waka?

 

Çykyp  barýar  göreçleri hanadan,

Bedeni  gögerýär, ýüzi  gögerýär.

Bilmen, ol  näme  üçin  soňky  deminde:

- Öňe! Öňe!  Öňe! - - diýip  gygyrýar.

 

Olar ýola  düşdi, barýarlar  ana...

Eginlerde  atam  bilen merdiwan.

Merdiwany  alyp  barýar  gerçekler,

Biliň, meniň  ömrüm  size  bendiwan.

 

 

Göz  öňünden  ýitip  barýar  tabydyň,

“Eý, atam jan, gidip  barýaň  gelmeze!”

Iki  ýoluň  çatrygynda aljyrap,

Ine, men şeý diýip, çökýärin  dyza...

 

Gözleriňi  göreçlemde  saklaryn,

Seň  gözleriň  küýsäp  maňa seretsin.

Köp  ýerde  yz  goýan  agyr  täleýiň,

Goý, rehimsiz  ýüreklerem  eretsin.

 

Habar berer  göreçlerim  görene,

Şol gaýly  ýyllarda synaň  owulşyn.

Synaň  azar  çekip   krowatyňda

Damarlaň  dartylyp  käte  düwülşin.

 

Men  seni ýatlaryn, seni  küýsärin,

Atam, bagtym  üçin  saňa  minnetdar.

Aglamaň,  jigilem, rahatlan, enem,

Meniň  göreçlemde  kakam  ýaşaýar.

 

Güne öwşün  atýan  kümüş  ýapraklar,

Hoşlaşmady, eziz  atam, seň  bilen.

“Ol adam  guşlaryň  ganatynda”  diýp,

Saýrady  bilbiller  ala-daň  bilen.

 

Sen  entek-entekler  ýaşamalysyň,

Öňde  galdy  ýaşamaly ýyllaryň.

Deňiz  kenarynda, daglaň  gerşinde,

Öçmändir  henizem  aýak  yzlaryň.

 

Aýak  yzlaryňy  ýelden goraýar,

Patrak  dek  açylan erkin  almalar.

Ýyllar  gaýyp  bolup  geçip  gitse-de,

Kökünde  saklajak  adyňy  olar.

 

Ýatlaýar  dünýämiz, seni ýatlaýar.

Köne  dörän, täze  dörän  şäherler.

Gyrmyzy  gülünde  adyň  nagyşlap,

Ýatlaýar şol ýyllar, ala-baharlar.

 

Ýöne boşap  galdy  biziň  dulumyz,

Men  agyr  oýlanyp, atardym  daňy.

Şol säherde  dünýä inen nesiller,

Dakynýarlar  seniň eziz  adyňy.

 

 

Iň  ýakyn dostuma.

 

Bu  gije  nämüçin  ýatyp  bilemok,

Oýlanyp  geçirýan  uzak  gijäni.

Syrly  garaýşyňam  maňa  düşnüksiz,

Ýa  galdyran  bolaýmaýyn  bijämi?

 

Daş çykýaryn  haraý  isläp  asmandan,

Şemal  alyp  gidýär  gursakdan  gamy.

Eşidilýär  gulagyma  ýeriň  üstünden,

Uzakda  ýaňlanýan dostlaň  aýdymy.

 

Näçe  diňleseň-de  bu  adamlary,

Seň  syrly  garaýşyň  çykanok  ýatdan.

Gursagyňda gor  hem bolsa,ezizim.

Guý  gujagyma, heder  etme  hiç  zatdan!

 

Guý gujagyma, juwan  göwün  syrdaşym,

Düşün  ahyr, geçip  barýar  ömrümiz.

Ýürekde  syr gizläp  birek-birekden,

Unudýarys  ajaýyp  ýaşamany  biz.

 

Şoň  üçin  gijeler  ýatyp  bilemok,

Jahanda  bar  zatdan  basylýar  susum.

Kyn bolýar  ýaşamak ýagty  dünýäde,

Senden  syr  gizlese  iň  ýakyn  dostuň.

Näme  üçin?

 

Ol  kimden  nägile?  Alyp  bukjasyn

Ýazdy  epinlerin  toý  köýnegiň.

Başyn  aşak  salyp, gamlandy  birden,

Diýdi: “Sen  nirede, ýaşlygym  meniň?”

 

Bu  şeýle bolupdy: ýetişipdi  ol,

Ýatlandy  gyz  juwanlygynyň  geljegin.

Akyl  goýalmandy. Şonda-da  päkdi,

Kim bilýär  geljeginiň  näme  boljagyn?

 

Solupdy  ýürekde  güllän  sýögüsi,

Rehimsizlik  bilen  taşlanypdy  ol.

 Kalbyndaky   söýgi  zäherlense-de,

Duýgular  diýdiler  gyz: “Belent  bol!”

 

Başarypdy  giň  hem  belent  bolmagy,

Gynasa-da solan   söýgüsi ony.

Ne  gözel  gijeler geçenin  ýatlap,

Az  däldi  ahmyrkly  geçiren  güni.

Öldi  söýgi. Ýandy  söýgi, kül  boldy,

Ýatlamalar  ýaşaýar  ol  ýürekde.

Hawa, şol gözel  gyz  garrady  bu  gün,

Ahmyrly, şol  köýen  söýgüsi  hakda.

 

Belki, ol  ömründe  köp  şatlyk  görüp,

Başarandyr  ýene-de bir  söýmäni.

Bilemok  onçasyn, bilýärin  şuny:

Ilkinji  söýgi  üçin  köp  çekdi  gamy.

 

Käte  şeýle  bolýar. Ilçilik  ahyr.

Ýöne diýmäň  muňa: “Pelek gerdişi”.

Aýdyň  siz, nämüçin  ol gözel  gyzyň

Toý  köýnegin ýazyp, aglap  oturşyn?

 

 

Adamlar  ölmeýärler.

 

Ýyldyzlaň  emeli  giňeýär  birden,

Bu  meniň  düýşümmi  ýa-da hyýalym.

Adamlaň  ýüregem  giňeýärmikän?

Kimden  sorasamkam  düşünmeýän  dilim.

 

Adam  gussa  çekýär, daralýar  dünýä,

Bulutlaň  içinde  Aý tutýar  ýasy.

Bu şahyranalayk  ýerliklimikän,

Niçikkä  adamlaň  içki  dünýäsi.

 

Her kimiň  özüniň  aladasy  bar,

Kim öňe  ymtylýar, kim bolsa  yza.

Adam kalbyndaky sansyz  ýyldyzlar,

Gizlin  dogup  ýaşýar, görünmän  göze.

 

Niçik  çalşyrymly, uzak bu  ýollar,

Ýollara  maksatsyz  ugramak  bormy?

Adam  aglamasa  adam  derdine,

Tebigat  biz  üçin çekermi  gamy?!

Annasoltan KEKILOWA