Ýakynda "Obsession" («Obsessiýa») atly gorkunç, elhenç filmini gördüm. Dogrusy, film gutarandan soň hem täsirinden çykyp bilmedim, kän däl, 2-3 sagat. Belki siz hem görmek isleseňiz, bu film barada birnäçe maglumatlary we pikirimi paýlaşmak isledim.

Kiçijik býudjet – ullakan üstünlik
Filmiň ssenarisini ýazan we režissýory bolan Karri Barker (Curry Barker) ozal ýutuber hökmünde tanalýan ýaş ýigit. Film bary-ýogy 750 müň dollara düşürildi. Göz öňüne getirseňiz, bu iki sany «Mersedes S-klass» awtoulagynyň bahasy ýaly bir zat.
Emma netije hiç kimiň garaşmadyk netijesini berdi:
• Film dünýä boýunça 519 million dollar gazandy.
• Kino taryhynda iň köp gazanç eden bäş elhenç filminiň hataryna girdi.
• XXI asyryň iň köp gazanç eden elhenç filmine öwrüldi.
Deňeşdirmek üçin: ähli ýerde mahabaty dag aşan "Substansiýa" («The Substance») filmi bary-ýogy 77 million dollar ýygnady.
Bu Karri Barkeriň kinoteatrlarda görkezilen ILKINJI filmi. Muňa ynanmak kynrak, sebäbi film diňe bir tankytçylaryň däl, eýsem Stiwen Spilberg, Pol Tomas Anderson we Kristofer Nolan ýaly meşhur režissýorlaryň hem ýokary bahasyny aldy. Nolan hatda haçandyr bir wagt özüniň hem elhenç filmini düşürmek isleýändigini boýun aldy.
Bir pursat göz öňüne getiriň: siz höwesjeň režissýor, öz ýazan wakaňyz esasynda arzan film düşürýärsiňiz. Bir ýyldan soň bolsa Kristofer Nolan egniňize kakyp, "Gowy işläpsiň" diýýär we özüniň hem siziňki ýaly film düşürmek isleýändigini aýdýar. (Şular ýaly wakalar çüwmekmi ýa-da tutanýerlik?)
Öz pikirimi goşsam, bu film soňky on ýylyň iň gowy gorkunç filmleriniň biri.
Ahyrsoňy, höwesjeň režissýor bolsa-da, hakyky gorkunç filminiň tomaşaçyny näme bilen gorkuzmalydygyna düşündi. Gorky wakanyň özünden, güýçli senariýadan we şol bolip geçän zatlaryň öňüni alyp bolmajakdygyna düşünmekden gelmeli. Tiz-tizden çalşyp duran ýiti sahnalardan ýa-da ýerliksiz goşulan gaty sesler bilen gorkuzmaly däl.

Gysgaça kinoň sýužeti barada aýtsam, Beýron Beýli diýen ýigit Nikki Frimen atly gyzy gowy görýär. Ýöne duýgusyny aýtmana çekinýär. Özi gaty çekinjeň bolýar. Dükandan "Iwi birje arzuw" diýip oýunjak taýajyk satyn alýar. Öz arzuwyňy aýdyp şol taýajygy döwseň, arzwuwlaň hasyl bolýar. Bar zat şol taýajygy döweninden soň başlaýar. Dowamyny özüňiz görseňiz gowy bolar.
Gysgaça aýtsam, bu filmi size maslahat berýärin. Eger gorkunç filmlerini halaýan bolsaňyz, "Obsession" siziň sanawyňyzda hökman bolmaly.

Teswirler (7)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...