Kitap, žurnal, gazet, wizit kartoçkasy, bukja, katalog ýa-da dürli mahabat önümleri eliňize düşende, olaryň nähili çap edilýändigi barada köp pikir etmeýän bolmagyňyz mümkin. Ýöne kagyzyň ýüzündäki her bir harpyň, suratyň we reňkiň özboluşly çap tehnologiýasynyň netijesidigini bilmek gyzyklydyr.

Şol tehnologiýalaryň arasynda köp ýyllaryň dowamynda öz ähmiýetini saklap gelýän usullaryň biri — offset çap usulydyr.

Offset çap, esasan, köp mukdarda ýokary hilli çap önümlerini taýýarlamak üçin ulanylýan professional çap tehnologiýasydyr. Bu usul bilen reňkler aýdyň, ýazgylar ýiti we suratlar ýokary hilli çykýar. Şonuň üçin kitapdyr žurnallardan başlap, dürli mahabat we gaplama önümlerine çenli örän köp önüm offset usuly bilen taýýarlanýar.

OFFSET ÇAP NÄME?

Offset çap usulynyň esasy aýratynlygy — şekiliň göni kagyza geçirilmezligidir.

Ýagny çap ediljek şekil ilki ýörite çap plastinasyna, soňra bolsa rezin silindrine, ondan soň kagyza geçirilýär. Hut şu aralykda ýerleşýän rezin bölegi sebäpli bu usula „offset“ diýilýär.

Offset maşynlarynda adatça dört esasy reňk ulanylýar:

C — Cyan (gök)
M — Magenta (melewşe-gülgüne)
Y — Yellow (sary)
K — Black (gara)

Bu dört reňk CMYK diýlip atlandyrylýar.

Aslynda kagyzda görýän dürli reňklerimiziň köpüsi şu dört reňkiň dürli gatnaşykda birleşmegi arkaly emele gelýär. Mysal üçin, fotosuratdaky gök, ýaşyl, gyzyl ýa-da beýleki reňkler aýratyn bir çüýşeden taýýar reňk hökmünde çykmaýar. Olar çap wagtynda CMYK reňkleriniň örän ownuk nokatlarynyň birleşmegi arkaly döredilýär.

OFFSET ÇAPHANASYNDA NÄHILI ENJAMLAR ULANYLÝAR?

Offset çaphanasy diňe bir uly çap maşynyndan ybarat däldir. Hakyky önümçilikde iş birnäçe tapgyrdan geçýär we her tapgyr üçin aýratyn enjamlar ýa-da ulgamlar ulanylýar.

Ilki bilen kompýuter we dizaýn programmalary gerek bolýar. Çap ediljek kitap, katalog, wizit kartoçka ýa-da başga önüm ýörite programma arkaly taýýarlanýar. Bu tapgyrda sahypanyň ölçegi, tekstleriň ýerleşişi, suratlar, reňkler we beýleki dizaýn elementleri sazlanýar.

Soňra taýýarlanan faýl çap üçin taýýarlanýar. Häzirki zaman çaphanalarynda köplenç CTP (Computer-to-Plate) ulgamy ulanylýar. CTP enjamy kompýuterdäki taýýar dizaýny göni çap plastinasyna geçirýär.

Bu örän möhüm tapgyrdyr. Sebäbi plastina çap maşynyna goýlandan soň, ol kagyzyň ýüzünde degişli reňkiň emele gelmegine gatnaşýar.

OFFSET ÇAP MAŞYNY

Çaphananyň iň esasy enjamy, elbetde, offset çap maşynydyr.

Bu maşynlaryň ölçegi we mümkinçilikleri dürli bolýar. Käbirleri bir reňkli ýa-da iki reňkli bolsa, professional maşynlaryň köpüsinde dört, bäş, alty ýa-da ondan hem köp çap bölümi bolup biler.

Mysal üçin, dört reňkli offset maşynynda CMYK-nyň her biri üçin aýratyn çap bölümi bolýar. Kagyz maşynyň içinden geçýärkä, ilki bir reňk, soň ikinji, üçünji we dördünji reňk geçirilýär. Netijede bolsa, kagyzyň ýüzünde doly reňkli surat emele gelýär.

Käbir maşynlarda esasy dört reňkden başga-da ýörite reňkleri çap etmek mümkin. Şeýle reňklere köplenç Pantone ýa-da ýörite garylan reňkler diýilýär.

Bu aýratynlyk kompaniýanyň logotipini ýa-da belli bir brendiň hemişe birmeňzeş reňkde bolmagyny üpjün etmek üçin peýdalydyr.

OFFSET ÇAP MAŞYNYNDA DIŇE KAGYZ ÇAP EDILÝÄRMI?

Ýok. Offset maşynlarynyň mümkinçilikleri ulanylýan maşyna, kagyzyň görnüşine we galyňlygyna baglydyr.

Adaty kagyzlardan başga-da dürli görnüşli kartonlar we ýörite çap materiallary ulanylyp bilner. Emma her bir materialy islendik offset maşynyna salmak bolmaýar. Materialyň galyňlygy, ölçegi we üstüniň aýratynlygy maşynyň mümkinçiliklerine laýyk gelmelidir.

Şonuň üçin çaphanada işlemek diňe „kagyzy maşyna salyp çap etmekden“ ybarat däldir. Operator kagyzyň görnüşini, ölçegini, çyglylygyny, boýagyň aýratynlygyny we maşynyň sazlamalaryny hem göz öňünde tutmalydyr.

Offset bilen nähili önümleri çap edip bolýar?

Offset çapynyň esasy artykmaçlyklarynyň biri — önümleriň görnüşiniň örän köpdürlüligidir.

Mysal üçin:

Kitaplar.
Okuw kitaplary, çeper eserler, ylmy kitaplar, kataloglar we dürli neşirler offset usuly bilen uly möçberde çap edilip bilner.

Žurnallar we gazetler.
Köp sanly nusgada çykarylýan žurnal we beýleki döwürleýin neşirlerde offset çap giňden ulanylýar.

Wizit kartoçkalary.
Kompaniýalaryň, işgärleriň ýa-da şahsyýetleriň wizit kartoçkalaryny ýokary hilli çap etmek üçin ulanylýar.

Bukletler we flýerler.
Mahabat üçin taýýarlanylýan bir ýa-da birnäçe sahypaly çap önümleri hem offsetiň giň ýaýran ulanylyş ugurlarynyň biridir.

Kataloglar.
Harytlaryň suratlary, bahalary we beýleki maglumatlary ýerleşdirilýän kataloglary köp mukdarda çap etmek üçin örän amatlydyr.

Plakatlar we afişalar.
Degişli ölçegdäki materiallarda mahabat we çäre afişalaryny taýýarlamak bolýar.

Gaplama önümleri.
Käbir karton gaplamalar, gutular, önüm etiketkalary we beýleki çap önümleri hem offset tehnologiýasy arkaly öndürilip bilner.

Mundan başga-da çakylyklar, gutlag kartlary, konwertler, menýular, kalendarlar, diplomlar, sertifikatlar we dürli korporatiw önümler hem offset çapynyň kömegi bilen taýýarlanyp bilner.

NÄME ÜÇIN OFFSET ÇAP KÖP MUKDARLY IŞLER ÜÇIN AMATLY?

Offsetiň iň uly artykmaçlyklarynyň biri — köp mukdarda çap edilende bir nusganyň özüne düşýän çykdajysynyň peselmegidir.

Mysal üçin, bary-ýogy birnäçe sany kitap ýa-da wizit kartoçka gerek bolsa, offset maşynyny işe taýýarlamak köp wagt we çykdajy talap edip biler. Sebäbi plastina taýýarlamak, maşyny sazlamak, reňkleri deňlemek we beýleki taýýarlyk işleri bar.

Emma müňlerçe ýa-da on müňlerçe nusga çap edilende bu başlangyç taýýarlyk çykdajysy köp önümiň arasynda paýlanýar. Şonuň üçin bir nusganyň bahasy peselýär.

Şeýle-de offset maşynlary uzak wagtlap üznüksiz işlemäge we uly möçberdäki sargytlary ýerine ýetirmäge niýetlenendir.

Offset çapynyň hil aýratynlygy

Offset çapynyň ýene bir möhüm artykmaçlygy — onuň çap hilidir.

Dogry taýýarlanan faýl, gowy kagyz, ýokary hilli boýag we dogry sazlanan maşyn bilen örän ownuk ýazgylary hem aýdyň çap etmek bolýar. Suratlarda bolsa dürli öwüşginleri we ownuk jikme-jiklikleri gowy görkezmek mümkin.

Emma çap hiliniň diňe maşynyň özüne bagly däldigini bellemek gerek. Dizaýn faýlynyň hili, suratlaryň çözgüdi, reňkleriň dogry taýýarlanmagy, kagyzyň hili, boýag, plastina we maşynyň sazlamalary — bularyň hemmesi soňky netijä täsir edýär.

Çapdan soňky işler hem örän möhümdir

Offset maşynyndan çykan kagyz entek taýýar önüm bolman biler.

Mysal üçin, kitap çap edilenden soň sahypalary kese-kesme, gatlama, ýygnama we tikme ýa-da ýelimleme ýaly işler gerek bolup biler.

Şeýle hem kagyzyň ýüzüne lak çalmak, laminasiýa etmek, folga basmak, ştampowka etmek ýa-da ýörite görnüşde kesmek ýaly işler ýerine ýetirilip bilner.

Şonuň üçin häzirki zaman çaphanasyna diňe offset maşyny däl, eýsem çapdan soňky işleri ýerine ýetirýän dürli enjamlary hem degişli etmek bolýar.

Mysal üçin, kesiji maşyn kagyzy gerek ölçegde kesýär. Gatlaýjy maşyn sahypalary belli bir tertipde epleýär. Ýygnama we tikme enjamlary kitaplaryň sahypalaryny bir ýere jemleýär. Laminasiýa enjamy önümiň ýüzüne gorag gatlagyny geçirýär.

Netijede, müşderiniň eline diňe çap edilen kagyz däl-de, doly taýýar önüm baryp ýetýär.

OFFSET OPERATORLARYNYŇ IŞI NÄMEDEN YBARAT?

Offset maşynyny dolandyrýan adama diňe düwmeleri basýan işgär hökmünde garamak nädogry bolar. Gowy operator çaphanadaky iň möhüm hünärmenleriň biridir.

Ol kagyzyň maşyna dogry berilmegini, boýaglaryň sazlanmagyny, reňkleriň biri-birine dogry düşmegini, kagyzyň hereketini, çap basyşyny we beýleki köp sanly görkezijini gözegçilikde saklaýar.

Çap edilip başlananda ilkinji nusgalar aýratyn üns bilen barlanýar. Reňkde tapawut, şekiliň süýşmegi, tegmil, çyzyk ýa-da başga kemçilik ýüze çyksa, operator maşyny sazlaýar.

Şonuň üçin offsetde diňe enjamy bilmek ýeterlik däl. Reňk, kagyz, boýag, çap tehnologiýasy we maşynyň işleýşi barada düşünje hem gerek.

OFFSET BILEN SANLY ÇAPYŇ (PRINTERIŇ) TAPAWUDY NÄME?

Häzirki wagtda offsetiň ýanynda sanly çap hem giňden ulanylýar. Ikisiniň hem öz artykmaçlygy bar.

Sanly çapda köplenç az mukdardaky sargytlary çalt taýýarlamak amatly bolýar. Mysal üçin, bir-iki ýüz sany önüm gerek bolsa, sanly çap has amatly bolup biler.

Offset bolsa uly möçberli önümçilikde has amatlydyr. Başlangyç taýýarlyk işleri köp bolsa-da, köp mukdarda çap edilende bir nusganyň bahasy arzanlap, ýokary hilli önüm almak mümkinçiligi artýar.

Şonuň üçin „haýsysy has gowy?“ diýen soraga bir söz bilen jogap bermek kyn. Bu sargydyň sanyna, önümiň görnüşine, hil talaplaryna, kagyzyna, reňkine we býujetine baglydyr.

NETIJE

Offset çap — diňe kagyzyň ýüzüne reňk geçirmekden ybarat ýönekeý iş däl. Onuň aňyrsynda dizaýn, reňk taýýarlygy, plastina, çap maşyny, boýag, kagyz, operatorçylyk we çapdan soňky işler ýaly birnäçe tapgyr bar.

Dogry gurnalan önümçilikde bu tehnologiýa arkaly kitapdan başlap, žurnala, wizit kartoçkadan kataloglara, bukletlerden başlap dürli gaplama önümlerine çenli örän köp önüm taýýarlap bolýar.

Eger siz offset çaphana işine täze başlaýan bolsaňyz, ilki bilen bu ulgamyň umumy gurluşyna düşünmek möhümdir. Soňra maşynyň her bir bölümini aýratyn öwrenmek has aňsat bolýar.

Indiki makalada bolsa offset çap maşynynyň içki gurluşyna has ýakyndan serederis. Çap maşynynyň esasy bölekleriniň — boýag bölüminiň, çyglandyryş ulgamynyň, çap silindrleriniň, rezin silindriniň, çap plastinasynyň, kagyz geçiriji ulgamynyň we beýleki bölekleriň nähili işleýändigini ädimme-ädim düşündireris. Şeýle-de CMYK reňkleriniň maşynyň içinde nähili çap edilýändigine we bir kagyzda dört reňkiň nähili birleşýändigine serederis.

Şeýlelikde, offset çaphanasynda diňe „näme edilýändigini“ däl, eýsem maşynyň nädip işleýändigini hem öwrenip başlarys.

Saparmyrat Gürgençli