Offset çap usuly — 6-njy jemleýji bölüm.
«Offset çap usuly» atly makalalar tapgyrynyň iň soňky bölüminde çaphanada ulanylýan esasy enjamlara we olaryň ýerine ýetirýän işlerine ser salarys.
WAJYP DUÝDURYŞ: Agzalýan kärhanalardyr, öndürijler we maşyn modelleri diňe mysal hökmünde görkezilýär, mahabat maksadyny göz öňünde tutmaýar. Beýleki öndürijileriň we modelleriň hem bardygyny, enjam saýlanylanda tehniki talaplaryň göz öňünde tutulmalydygyny ýatladýarys.
1. Offset çap maşynlary
Offset çap önümçiliginiň esasy enjamy çap maşynydyr. Ol taýýarlanan dizaýny kagyza ýa-da degişli list görnüşindäki materiala geçirýär.
Heidelberg Speedmaster — bu ugurda giňden tanalýan maşynlaryň biridir. Onuň dürli modelleri bar:
Heidelberg Speedmaster SM 52
Heidelberg Speedmaster SM 74
Heidelberg Speedmaster SM 102
Heidelberg Speedmaster CD 102
Heidelberg Speedmaster XL 75
Heidelberg Speedmaster XL 106
Mundan başga-da, Komori Lithrone, Ryobi 750 we Mitsubishi Diamond ýaly ofset çap maşynlary hem ulanylýar.
Maşynlaryň ölçegi, reňk bölümleriniň sany we mümkinçilikleri dürli-dürlüdir. Haýsy maşynyň saýlanmagy öndüriljek önüme we çaphananyň iş möçberine baglydyr.
2. Wysyçka stanoklary
Çap edilen kartony ýa-da kagyzy diňe göni çyzyk boýunça kesmek bilen çäklenmän, oňa ýörite şekil bermek hem zerur bolup biler. Şeýle ýagdaýlarda wysyçka stanoklary ulanylýar.
Mysal üçin, karton gutular, ýörite şekilli etiketkalar we dürli görnüşli gaplamalar degişli pyçakly galyp arkaly kesilýär.
Bu ugurda belli maşynlar:
Original Heidelberg Cylinder KSB
Original Heidelberg Cylinder SBB
Original Heidelberg Cylinder SBD
BOBST Autoplatine
BOBST NOVACUT
BOBST SP
Bu maşynlaryň gurluşy we mümkinçilikleri biri-birinden tapawutlanýar. Olaryň esasy wezipesi bolsa önümi taýýarlanan galyp boýunça kesmekdir.
3. Folga basma maşynlary
Käbir çap önümlerinde diňe reňkli şekil ýeterlik bolmaýar. Marka adynyň, logotipiň ýa-da bezeg elementiniň altyn, kümüş öwüşgininde görünmegi önümiň daşky görnüşini has özüne çekiji edip biler.
Şeýle bezeg üçin folga basma maşynlary ulanylýar.
Mysal modeller:
Original Heidelberg SBG
Original Heidelberg GTP
MK Masterwork Ecofoil 106 FC
MK Masterwork Easymatrix 106 FC
Folga basma esasan karton gutularda, sowgat gaplamalarynda, çakylyklarda we dürli bezegli etiketkalarda ulanylýar. Käbir maşynlar diňe folga basmak üçin, beýlekileri bolsa goşmaça kesim işleri üçin hem niýetlenendir.
4. Karton gutulary ýelimleýän maşynlar
Karton gutynyň çap edilmegi we kesilmegi onuň doly taýýar bolandygyny aňlatmaýar. Gutynyň degişli bölekleri eplenip, ýelimlenmelidir.
Bu işleri ýerine ýetirýän enjamlara folder-gluer, ýagny epleme-ýelimleme maşynlary diýilýär.
Belli modelleriň käbirleri:
BOBST NOVAFOLD
BOBST EXPERTFOLD
BOBST MASTERFOLD
Heidelberg Diana
Vega folder-gluer
Bu maşynlar ýasy karton böleklerini taýýar gutulara öwürmäge kömek edýär. Olar azyk önümleriniň, kosmetik serişdeleriň, dermanlaryň we beýleki harytlaryň gaplamalaryny öndürmekde möhüm orun tutýar.
5. Laminasiýa maşynlary
Laminasiýa çap edilen kagyzyň ýa-da kartonyň ýüzüne inçe gorag plyonkasyny ýelmemek üçin ulanylýar. Ol önüme mat ýa-da ýalpyldawuk görnüş berip, ýüzüni sürtülmeden goramaga kömek edýär.
Mysal modeller:
Foliant VEGA
Foliant KOBRA
Komfi AMIGA
Komfi JUNIOR
Autobond Mini
Laminasiýa wizitkalarda, kitap gapaklarynda, karton gutularda we dürli mahabat önümlerinde ulanylýar.
6. Göni kesýän maşynlar — «резка»
Çaphanada iň köp ulanylýan enjamlaryň biri hem kagyzy göni çyzyk boýunça kesýän maşyndyr. Ol uly listleri gerekli ölçegde kesmäge mümkinçilik berýär.
Mysal modeller:
POLAR 78
POLAR 92
POLAR 115
POLAR 137
Wohlenberg 115
Perfecta 92
Bu maşynlar wizitkalary, kitap sahypalaryny, plakatlary we beýleki gönüburçly önümleri kesmek üçin ulanylýar.
Göni kesýän maşyn bilen wysyçkanyň tapawudyny ýatda saklamak möhümdir: birinjisi göni kesim edýär, ikinjisi bolsa ýörite galyp arkaly dürli şekilleri kesýär.
7. Epleme maşynlary
Žurnallary, bukletleri we kitapçalary taýýarlamakda kagyzy dogry tertipde eplemek zerur bolýar. Bu iş ýörite epleme maşynlarynda ýerine ýetirilýär.
Mysal modeller:
Heidelberg Stahlfolder TH 82
Heidelberg Stahlfolder KH 82
Heidelberg Stahlfolder TX 96
MBO T50
MBO K8
Horizon AFC-566
Bu enjamlaryň dürli görnüşleri bar. Käbirleri kiçi göwrümli işlere, beýlekileri bolsa uly önümçilikde ýokary tizlikde işlemäge niýetlenendir.
8. Laklama enjamlary
Laklama çap edilen önümiň ýüzüne ýörite lak gatlagyny çalmak üçin ulanylýar. Ol önüme goşmaça bezeg berip, käbir ýagdaýlarda ýüzüniň goragyny hem güýçlendirýär.
Laklama aýratyn enjamda ýerine ýetirilip bilner ýa-da çap maşynynyň degişli bölümi arkaly amala aşyrylyp bilner.
Mysal hökmünde Heidelberg Speedmaster maşynlarynyň laklama bölümlerini we degişli laklama ulgamlaryny görkezmek bolar.
Ofset çap usuly boýunça nämeleri öwrendik?
Hormatly okyjylar, «Offset çap usuly» makalalar tapgyrymyzyň dowamynda offset çap önümçiliginiň esasy tapgyrlaryna ser saldyk.
Biz:
offset çap usulynyň nämedigini we onuň nähili işleýändigini;
çap maşynynyň esasy böleklerini;
CMYK reňk ulgamyny we dizaýny çap üçin taýýarlamagy;
wysyçka, pyçakly galyp we önüme gerekli şekili bermek işlerini; laminasiýa, folga basma, laklama we ýelimleme ýaly çapdan soňky işleri;
çaphanada ulanylýan esasy maşynlaryň atlaryny we modellerini öwrendik.
Elbetde, offset çapçylygy örän giň ugur. Operatorlar işiň dowamynda reňkleri sazlamak, kagyzyň aýratynlyklaryny saýlamak, maşynlary sazlamak we önümçilikdäki näsazlyklary aradan aýyrmak ýaly köp sanly inçe meseleleri öwrenýärler. Emma bu makalalar tapgyry size offset çap usulyna düşünmek we çaphanada ýerine ýetirilýän işleriň umumy tertibini bilmek üçin başlangyç bolmaga kömek edendir diýip umyt edýäris.
Her bir taýýar çap önüminiň aňyrsynda diňe bir maşyn däl, eýsem dizaýneriň, çapçynyň we önümçiligiň beýleki operatorlarynyň bilelikdäki zähmeti durýar.
INDIKI TAPGYRDA NÄME ÖWRENERIS?
Ofset çap usuly bilen tanyşlygymyzy şu bölüm bilen jemleýäris. Ýöne çap önümçiliginiň dünýäsi munuň bilen tamamlanmaýar.
Indiki tapgyrymyzda fleksiýa çap usuly bilen tanyşarys! Onuň nähili işleýändigini, haýsy enjamlaryň ulanylýandygyny, nähili önümler üçin amatlydygyny we offset çapdan näme bilen tapawutlanýandygyny ädimme-ädim öwrenmäge başlarys.
Täze tapgyrymyzda hem biziň bilen boluň. Çap önümçiliginiň gyzykly dünýäsini bilelikde öwrenmegi dowam edeliň!
Saparmyrat Gürgençli

Teswirler (3)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...