Offset çap usuly— 2-nji bölüm
Offset maşynynyň içki gurluşy we işleýşi:
Öňki makalamyzda offset çap usulynyň nämedigi, çaphanada haýsy enjamlaryň ulanylýandygy we bu usul bilen nähili önümleri çap edip bolýandygy barada umumy düşünje aldyk.
Indi bolsa işi bir ädim öňe alyp, offset çap maşynynyň içinde nämäniň bolup geçýändigine seredeliň.
Daşyndan seredeniňde offset maşyny diňe uly we çylşyrymly enjam ýaly görünýär. Emma onuň işleýşine düşünmek üçin esasy bölekleriniň wezipesini bilmek ýeterlikdir.

1. Çap plastinasy — işiň başlangyjy
Offset çapda hemme zat çap plastinasyndan başlanýar.
Öňünden taýýarlanan dizaýn CTP enjamynyň kömegi bilen ýörite plastina geçirilýär. Her reňk üçin aýratyn plastina bolýar.
Mysal üçin, adaty dört reňkli CMYK çapynda:
C — Cyan
M — Magenta
Y — Yellow
K — Black
diýmek, jemi dört plastina taýýarlanýar.
Bu plastinalaryň hersi suratdaky aýratyn bir reňkiň çap edilmegine jogapkärdir.
2. Çyglandyryş ulgamy näme üçin gerek?
Plastina diňe boýag bilen işleşmeýär. Offset maşynynda çyglandyryş ulgamy hem möhüm orun eýeleýär.
Onuň wezipesi plastinanyň gerekli ýerlerini suwly ergin bilen çyglandyrmakdyr.
Offsetiň esasy ýörelgesi şeýle: çap ediljek ýer bilen çap edilmeli däl ýer birmeňzeş hereket etmeýär. Çap ediljek ýer boýagy kabul edýär, galan ýerler bolsa boýagy kabul etmez ýaly ýagdaýda saklanýar.
Şonuň üçin suw bilen boýagyň arasyndaky deňagramlylygyň dogry bolmagy örän möhümdir.
Suw aşa köp bolsa boýagyň häsiýeti üýtgäp biler, az bolsa bolsa çap edilmeýän ýerlerde boýagyň yzlary peýda bolup biler.
3. Boýag nireden gelýär?
Indiki möhüm bölüm — boýag ulgamy.
Çap maşynynyň içinde birnäçe walik bolýar. Boýag şol walikleriň üsti bilen kem-kemden paýlanýar we ahyrynda çap plastinasyna ýetirilýär.
Operator bu ýerde boýagyň mukdaryna we paýlanyşyna gözegçilik edýär.
Boýagyň aşa köp ýa-da az berilmegi soňky çap edilen önümiň reňkine täsir edýär. Şonuň üçin ökde offset operator diňe maşyny işletmän, çap edilýän önümiň reňkine hem yzygiderli gözegçilik etmelidir.
4. Rezine silindri — offsetiň esasy aýratynlygy
Indi iň gyzykly bölege geçeliň.
Plastinada emele gelen şekil göni kagyza geçirilmeýär.
Ilki bilen şekil rezin silindrine geçirilýär. Soňra bolsa rezin silindrindäki şekil kagyza geçirilýär.
Ine, offset usulynyň adynyň gelip çykyşynyň esasy sebäbi hem şu aralyk geçirilme ýagdaýydyr.
Ýagny ýönekeý görnüşde:
Plastina → rezin silindri → kagyz
Şu üç basgançagy ýatda saklamak offsetiň işleýşine düşünmek üçin örän möhümdir.
5. Kagyz maşynyň içinden nähili geçýär?
Kagyz maşyna girende, ýörite tutujylar we geçiriji ulgamlar arkaly öňe hereket edýär.
Dört reňkli maşynda kagyz yzygiderli birnäçe çap bölüminden geçýär.
Ilki Cyan reňki, soň Magenta, soň Yellow we ahyrynda Black geçirilýär.
Her reňk aýratynlykda çap edilse-de, olaryň hemmesi bir nokada dogry düşende gözümize bir bitewi reňkli surat bolup görünýär.
Meselem, tebigat suratyndaky ýaşyl agaç ýa-da gök asman aýratyn bir „ýaşyl“ ýa-da „gök“ boýagdan ýasalmaýar. CMYK reňkleriniň dürli mukdardaky birleşmesi arkaly şol reňkler emele gelýär.

6. Reňkleriň biri-birine dogry düşmegi
Offsetde örän möhüm düşünjeleriň biri reňkleriň gabat gelmegidir.
Dört plastinanyň her biri şekiliň bir bölegini çap edýär. Eger olaryň biri beýlekisinden sähelçe süýşse, surat ýa-da ýazgy bulaşyk görünýär.
Şonuň üçin maşynda ýörite sazlamalar arkaly reňkleriň biri-biriniň üstüne takyk düşmegi üpjün edilýär.
Bu işde operatorlaryň tejribesi aýratyn möhümdir.
7. Operator näme gözegçilik edýär?
Çap başlandan soň operator işi diňe synlap durmaýar.
Ol kagyzyň dogry geçýändigini, reňkleriň sazlaşygyny, boýagyň mukdaryny, çap hilini we maşynyň işleýşini dowamly barlaýar.
Ilkinji çap edilen nusgalar aýratyn üns bilen gözden geçirilýär. Kemçilik tapylsa, maşynyň degişli sazlamalary üýtgedilýär.
Şonuň üçin offset maşynynda enjam bilen hünärmeniň bilelikdäki işi örän möhümdir.
Offset maşynynyň işini gysgaça jemlesek
Bütin prosesi ýatda saklamak üçin şeýle göz öňüne getirip bilersiňiz:
Dizaýn taýýarlanýar → CTP arkaly plastina çykarylýar → plastina maşyna ýerleşdirilýär → suw we boýag berilýär → şekil rezin silindrine geçirilýär → rezin silindrinden kagyza geçirilýär → kagyz beýleki reňk bölümlerinden geçýär → taýýar çap önümi çykýar.
Şeýlelikde, düýnki makalada „offset maşyny näme üçin ulanylýar?“ diýen soraga jogap beren bolsak, bu gün onuň „içinde näme bolup geçýär?“ diýen soraga düşünmäge synanyşdyk.
Offsetiň gyzykly ýeri hem şunda: daşyndan uly we çylşyrymly görünýän maşynyň işiniň esasy ýörelgesi aslynda birnäçe düşnükli tapgyrdan ybarat.
Indiki makalada bolsa offsetde örän möhüm bolan başga bir tema — CMYK reňkleri we reňk sazlamasy barada gürrüň ederis. Cyan, Magenta, Yellow we Black reňkleriniň biri-biri bilen nähili birleşýändigini, näme üçin dört reňkiň gerekdigini, reňkleriň näme sebäpli käwagt ekrandakydan kagyzda başga görünýändigini we çap ediljek faýly reňk taýdan nädip dogry taýýarlamalydygyny öwrenmäge başlarys.
S.Gürgençli

Teswirler (12)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň
Ýüklenýär...