Çaga dinozawr gijäni gündize öwüren "gökdäki tomaşa" ömründe ilkinji hem soňky gezek syn edýärdi.
***
"Ajal ony agşamlyk naharyny iýip oturka aldy. Kakam meniň gahrymanymdy..."
—Bir çybynyň gündeliginden.
***
Ir säher. Dälihananyň 4-nji gaty. Penjireden asmany synlaýardy.
Arzuwy uçarman bolmakdy.
Ol ahyry arzuwyna ýetmek üçin herekete geçdi...
***
Dünýä boýunça iň ýyndam keýik, soňky ýaryşynda ýolbarsdan ozup bilmedi.
***
"Güneşiñ günbatardan dogmagyny synlamak üçin howalanan kosmos gämisi heläkçiliginiñ jogapkärini polisiýa ele saldy!"
"Yslamyýet" bütin ýewro gündelik gazety.
Yslam rönesansyndan soň ...4-nji ýyl.
***
Başa barmaýardy.
Ýöne başarmalydy.
Ahyram, ol, "aňryny" saýlady...
***
Bäbejik soňky gezek doguldy. Bu onuň ilkinji dünýä gelişidi...
***
Lukmanlar täze dogran enäniň gujagyna ganhoruny getirip berdiler.
Edepli Gödek

Teswirler (4)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň