Arada bir gün, işden soň dostum çörege çagyrdy. Täze jaýa göçenine bäş-alty ýyl bolanam bolsa öýüne baryp görmändigim üçin, türkmeniň edäheti – ol otaglaryna birin-birin aýlap, maňa özüniň ýasadan öwselesini, girişhanasynyň (girelge otagynyň) aşhanasynyň, iş otagynyň, ýatyş otagynyň, myhman otagynyň garniturlaryny görkezişdirdi. Olaryň her haýsynyň bahasy, nämeden, ýagny gymmatmy, arzanmy materialdan ýasalandygy barada jikme-jik gürrüň berdi. Iş otagyndaky kitap şkaflaryna degşir ýazylyp goýlan körpeçedir ýassyga barmak çommaldybam öwündi:
-Men-ä gijelerine köplenç şu taýda, kitap okap ýa-da noutbukda ýazyp ýatyşyma, iş başynda uklap galaýýan. Çagalaram endik bolupdyr. Turzanoklaram.
Men onuň: “ýatyp galýan ýerim” diýip sereşleýän düşeginiň başujunda duran iki sany kitapda gözümi ägindirdim. Bir-ä Leniniň rus dilindäki eserler ýygyndysynyň haýsy-da bolsa bir jildi. Ikinjisem daşynyň gögümtil-ýaşyl sahaby iňňän tanyş kitap – juda nämälimsiremegi eý görýän birewiniň “Ýaşaýyş yşky” atly hekaýalar ýygyndysy.
Men bu iki kitaba ümledim-de, monça bolup ýyrşaryp, dostuma degdim:
-Şü iki tapylgysyz ynsany çintgäp okap ýörseň, galyberse-de şu seniň örän parasatlylyk bilen edişiň ýaly olary ýatanyňda-da gujaklap ýatýan, ömürlik ýankitabyňa öwürseň, olary okadygyňsaýy dura-bara pähimlenip, bedew bady bilen birsyhly danalaşyp barýandygyňy gaty bahym özüňem saýgararsyň-laý...
Soňam birdenkä kelläme täze çaklama geldi-de, gözlerimi şübheli süzgekledip, hatda ýüzüniň terzinem üýtgetmän ýanymda duran dostuma alaryldym:
-Ýa nä, meni çagyrjagyň donuny düýnden biçip goýanyň üçin, bi kitaplaram öňünden şu taýda goýan bolup, meni oýnap ýördügiňmi bi?!
Dostum gülmän-yşman, egnini gysdy-da, göwnübir jogap berdi:
-Ýak, nätdiň-aý, dos?! Ýoklaý-how. Bilýäň-ä, arly gün işde kelläňi iýseler, öýe gelibem beýniň rahatlyk tapyp bilmän, ukusyzlyk kösäp başlaýar-a. Ine şonda şu ikisiniň haýsy elime ilse-de, birinden-birini alaga-da okap ugraýan welin, eger-walla, Hudaý bar, aňyrsy bir ýarty sahypadan geçip-geçmän, gözüm öz-özünden ümezleýär-de, guzy ýaly uklap galýan.
Men: “näme diýjekkä” diýip oňa tiňkämi dikip durşuma, onuň jogabyna aňkarylyp galaýypdyryn. Aýdýany beýnime ýetenden soňam:
-Kak bäşi, bejerdiň dos! Geregem şü maňa! Aldyň şu gezek!-diýip oňa şapbadymy uzatdym-da, hezil edip gülmäge başladym.
-Edenine şükür, etjegine-de, uky dermanyň öwezini tutmaga-ha ýaradypsyň. Entek häli hajathanada ildirewaja gysdyryp goýandygyňy görkezen bolsaň dagy näderdim...-diýibem demim-demime ýetmän gülüp durşuma-da, gürlejek bolýan :-).
© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. Sekizinji kitap. – Aşgabat, 2025. Golýazma hukugynda.

Teswirler (10)
Teswir ýazmak üçin hasabyňyza giriň